Türkmenistanyň Prezidenti täze gurluşyklaryň taslamalary bilen tanyşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti täze gurluşyklaryň taslamalary bilen tanyşdy

опубликованно 09.08.2015 // 829 - просмотров
 

Ahal welaýaty, 9-njy awgust (TDH). Şu gün – ýekşenbe güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Arçman” şypahanasynda durmuş maksatly, şol sanda şypahana düzümine degişli täze gurluşyklaryň taslamalary bilen tanyşdy. Bu ýerde şeýle hem döwlet Baştutanymyz öz egindeşlerinden Türkmen gawunynyň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi.

Bu ýere ýygnananlar Mejlisiň Başlygy we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hormatly Prezidentimizi edermen bakjaçylaryň zehinine we zähmetsöýerligine hormatyň nyşanyna öwrülen ajaýyp baýramçylyk bilen gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk, abadançylyk hem-de döwlet durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alýan, başyny başlan ägirt uly özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek ýolunda täze üstünlikler arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen milletiniň beýik mirasy hökmünde ykrar edilen tagamly “behişdi” gawunlaryň köp ýüzýyllyklar mundan ozal bütin dünýäde şöhratlanandygyny belledi. Bereketli türkmen topragynyň bu täsin nygmatynyň köpasyrlyk şöhratynyň hakyky subutnamalaryny dürli taryhy eýýamlarda ýaşap geçen beýik alymlaryň we görnükli syýahatçylaryň biziň günlerimize gelip ýeten köpsanly işlerinden tapmak bolýar.

Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda bakja önümleriniň aňrybaş nygmatynyň şanyna baýramçylygyň esaslandyrylmagy döwletimiziň bakjaçylyk ylmyny ösdürmäge uly üns berýändigine şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň bazarlaryny bezeýän baldan datly gawunlaryň we garpyzlaryň hasyllylygyny ýokarlandyrmak hem-de olaryň täze ajaýyp görnüşlerini döretmek bakjaçylyk ylmynyň möhüm ugrudyr. Bu gün dünýäniň bakjaçylyk ylmynda hasaba alnan gawunlaryň 400-e golaý görnüşi töweregi görnüşleri – türkmen seçgiçileri tarapyndan döredilen iň aňrybaş ajaýyp görnüşlerdir. Ýurdumyzda geçirilýän halkara oba hojalyk sergileri we ylmy maslahatlary türkmen seçgiçileriniň alyp barýan uly işleri bilen tanyşmaga giň mümkinçilikleri açýar. Olar gadymy ekerançylyk däplerini hem-de milli usulyň üstünliklerini wagyz etmäge ýardam edýär.

Bu gün Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzdan miras galan tejribäniň döwrebap usullar bilen utgaşdyrylmagy netijesinde tejribeler bereketli türkmen topragynda gök önümleriň, miweleriň, bakja önümleriniň bol hasylyny ýetişdirmäge, ajaýyp zähmet üstünliklerini gazanmaga hem-de azyk bolçulygynyň esaslaryny pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär. Milli Liderimiz türkmeniň altynsow gawunynyň abraýly halkara sergilerinde däp boýunça ençeme altyn medallara mynasyp bolýandygyny kanagatlanma bilen belläp, döwletimiziň oba zähmetkeşlerine, zehinli seçgiçilere we bakjaçylara mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini nygtady. Olaryň yhlasly zähmeti bilen Watanymyzyň baýlygy we abadançylygy barha ýokarlanýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli ýerlerde yhlasly zähmeti bilen tapawutlanan bakjaçylary dabaraly ýagdaýda sylaglamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara gutlaglar üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, babadaýhanlarymyza iň gowy arzuwlaryny, şol sanda olara eziz Watanymyzyň bolçulygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew hormatly Prezidentimiziň Aşgabat şäherini hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer paýtagtymyzy ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işler, Aşgabadyň demirgazyk künjeginde gurulmagy göz öňünde tutulýan dürli maksatly binalar barada habar berdi hem-de täze guruljak desgalaryň taslamalaryny, ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny görkezdi. Bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň hatarynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly we beýleki binalar bar.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen taslamalar we çyzgylar bilen tanşyp, gurulýan binalaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we ilat üçin amatly şertleriň döredilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.

Milli Liderimiz gurulýan binalarda döwrebap ýaşaýyş-durmuş ülňüleriniň berjaý edilmeginiň, potratçylaryň öz üstüne alan borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmeginiň möhümdigini belläp, bu işiň netijeleriniň adamlaryň abadançylygyna hyzmat etmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň ýaşaýyş jaýlaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, seýilgäh zolaklaryny döretmek, ýokary amatly ýaşaýyş jaýlary we kottej jaýlaryny gurmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz munuň ilatymyzyň häzirki zaman talaplaryna we şahsy isleglere laýyk gelýän oňaýly jaýlary saýlap almak mümkinçiliginiň has-da artmagyny, paýtgatymyzda ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýän meselelere örän jogapkärçilikli hem-de hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini aňladýandygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň, aýratyn-da, ulgama degişli gurluşyklaryň depginini güýçlendirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna gurulýan we gurulmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň taslamalaryny, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny hödürledi.

Hasabatda paýtagtymyzda gurluşygy güýçli depginde dowam edýän Halkara howa menzilinde alnyp barylýan işlere aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde häzir edara binasy we ikinji ýolagçy terminaly guruldy. Sebitde deňi-taýy bolmadyk bu gurluşykda dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri, netijeli tehnologiýalary, gurluşygyň täzeçil usullary ulanylýar.

Wise-premýer "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyna taýýarlyk işleriniň göwnejaý alnyp barylýandygy barada hasabat berdi. Bu ählihalk maslahaty gurluşygy tamamlanan Awaza kongresler merkezinde geçiriler.

Şeýle hem wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyrygyna laýyklykda, Awazada gurulmagy meýilleşdirilýän sagaldyş-dikeldiş merkeziniň taslamasyny görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen taslamalar bilen tanyşmagyň barşynda gurulýan ähli desgalarda ozaly bilen, durmuş üpjünçiligine üns bermegiň möhümdigini belledi, sebäbi adamlar, olaryň saglygy hem-de döwrebap, ýokary durmuş derejesi hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda-da ekologiýa ýagdaýynyň has-da berkidilmeginde möhüm ähmiýeti bolan gök zolaklaryň döredilmeginiň, bagy-bossanlyga bürelmeginiň wajypdygyny aýdyp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da, milli Liderimiz ýurdumyzyň durmuşynda ägirt uly ähmiýete bolan Ýaşulular maslahatyna, onuň guramaçylyk derejesine düýpli taýýarlyk görülmelidigine ünsi çekdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap dynç alyş düzümi ösdürilende adamlaryň saglygyny berkitmäge ýardam edýän ähli şertleriň göwnejaý utgaşdyrylmagyna aýratyn üns bermegi talap etdi. Şunda ýerli tebigy-howa şertleriniň möhüm orun eýeleýändigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz
Hazaryň türkmen kenarynyň ekologiýa abadançylygynyň zerur derejede saklamak boýunça işleri yzygiderli geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Arçman” şypahanasynyň çäginde ekilen baglara degişli derejede ideg etmegiň, gök zolaklaryň döredilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, bag nahallaryny diňe şypahanalaryň çäklerinde däl-de, eýsem, olaryň töwereklerinde hem ekilmelidigini, baglara ideg işleriniň göwnejaý guralmalydygyny tabşyrdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter