Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň arasyndaky gepleşikler | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň arasyndaky gepleşikler

опубликованно 07.08.2015 // 906 - просмотров
 

Stambul, 7-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň ikinji – jemleýji güni Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn türkmen Lideri Türkiýäniň işewürlik toparlarynyň wekilleri bilen milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň binýadynda innowasiýa-maýa goýum meselelerini ara alyp maslahatlaşdy, ykdysadyýetleriň barha artýan kuwwaty eksporta iberilýän harytlaryň bäsleşige ukyplylygyna, kärhanalaryň tehnologiki döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de iň häzirki zaman önümçilikleriniň döredilmegine esaslanýar.

“Çiragan Palace” myhmanhanasynda bolan duşuşyga Ýewropa ýurtlarynyň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň hem esasy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Munuň özi Türkmenistanyň milli, sebit we yklymara derejelerinde başyny başlan iri taslamalarynyň esasynda ösýän işewür gatnaşyklaryň köptaraplaýyn häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

... Şu gün ir bilen döwlet Baştutanymyz özüniň kabulhanasy ýerleşýän “Çiragan Palace” myhmanhanasynyň töwereginde gezelenç etdi.

Gezelenç tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow 6-njy awgustda türk işewürleri bilen bolan duşuşygyň netijeleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň saparynyň öňüsyrasynda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň jemleri barada hasabat berdi.

Forumyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryna degişli meseleleriň birnäçesi girizildi. Hususan-da, taraplar ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşyna garadylar, söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, özara haryt dolanyşygyny artdyrmak, döwlet we telekeçilik düzümleriniň wekilleriniň arasynda uzakmöhletleýin gatnaşyklary pugtalandyrmak, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk hökümetara toparynyň işine uly ähmiýet berilýändigini belläp, tagallalary netijeli birleşdirmek üçin ileri tutulýan meseleleriň birnäçesi barada durup geçdi. Bu hökümetara topary özara bähbitli işewür gatnaşyklaryň çäklerini giňeltmäge, olary anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga, umumy maksatlara barýan ýolda anyk netijeleri gazanmaga ýardam etmelidir.

Milli ykdysadyýetleri döwrebaplaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň we Türkiýäniň wezipeleri köp babatda meňzeşdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Biziň ýurtlarymyz maýa goýum ýagdaýlaryny gowulandyrmaga, içerki bazary giňeltmäge, innowasiýalary we eksport mümkinçiliklerini höweslendirmäge çalyşýarlar. Şu düýpli çemeleşmeleriň ýakynlygy maýa goýum hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak, önümçilik gatnaşyklarynyň täze netijeli usullaryny gözlemek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Hormatly Prezidentimiz özara söwdanyň şertlerini gowulandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň görülmeginiň onuň möçberlerini ep-esli artdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Senagat pudaklarynda, şol sanda eksport ugurly hem-de importyň ornuny tutýan önümleri çykarmak boýunça kärhanalaryň durkuny täzelemek, olary täze tehnikalar bilen üpjün etmek we täze kärhanalary döretmek boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikler bar.

Döwlet Baştutanymyz bazar gatnaşyklaryny ösdürmek ulgamynda we ykdysadyýetiň senagat ugurlarynda iň gowy türk tejribesini özleşdirmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Türkmenistanda innowasion düzümi kemala getirmek boýunça biziň meýilnamalarymyzy nazara almak bilen, diňe bir öňdebaryjy tehnologiki täzelikler däl, eýsem, hojalygy netijeli alyp barmagyň usullary, marketing, işewürlik çözgütleri hem zerur bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi. Türkmenistanyň Prezidenti ulag ulgamyny, elektrik energetikasyny, syýahatçylygy we beýleki ulgamlary hem häzirki döwürde hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezip, wise-premýere öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow günüň ikinji ýarymynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň “Tarabýa” köşgüne geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany Prezident Rejep Taýyp Ärdogan doganlarça garşylady.

Iki ýurduň Liderleri dostlarça görüşenlerinden soňra, Köşge girýärler. Iki ýurduň döwlet Baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra Türkiýäniň Prezidenti bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň arasynda ikiçäk görnüşde gepleşikler geçirildi.

Bellenilişi ýaly, Hormatly Prezidentimiziň Türkiýä bu sapary diňe bir özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, umumy taryhy kökleri bolan iki doganlyk halkyň barha berkeýän dostlugyny hem alamatlandyrýar.

Häzirki döwürde türkmen-türk gatnaşyklary netijeli hyzmatdaşlygyň kuwwatly binýadyna daýanýar, döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli ýagdaýda geçirilýän saparlary hem-de duşuşyklary bu hyzmatdaşlyga uly itergi berýär. Türkmenistan we Türkiýe müňýyllyklardan gaýdýan dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk däp-dessurlaryna ygrarly bolmak bilen, döwletara hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak, işewürlik hem-de medeni gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak ugrunda tagalla edýärler.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.

Soňra duşuşyk iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňşleýin düzümde dowam etdi.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, türkmen-türk gatnaşyklaryna ýokary baha berdi we döwletara hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýete eýedigini nygtady hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge uly şahsy goşandyny aýratyn belledi.

Türk lideri Türiýäniň energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamy, senagat pudagy ýaly wajyp ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Türkiýäniň baştutany döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýan gumanitar ulgamda özara gatnaşyklar meselelerine ünsi çekip, bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça däp bolan netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň wajypdygyny belledi. Syýahatçylyk ulgamynda hem hyzmatdaşlyk üçin oňat mümkinçilikler bar. Bu ulgamy ösdürmäge iki ýurtda-da uly ähmiýet berilýär.

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny kabul etmäge taýýarlyk görýändigini aýdyp, türkiýeli hyzmatdaşlaryň bu ulgamda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmäge, Oýunlary ýokary derejede guramak we geçirmek üçin kömek bermäge taýýardygyny nygtady.

Türkmenistanyň Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi bizde ata Watanymyza bolan buýsanç duýgusyny has-da artdyrdy. Şunuň bilen baglylykda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreleriň, şeýle hem özara Medeniýet günleriniň iki doganlyk ýurt üçin ägirt uly ähmiýeti bardyr diýip, türk Lideri aýtdy.

Prezident Rejap Taýyp Ärdogan şeýle hem Türkmenistany aprel aýynyň üçünji ongünlüginden oktýabr aýyna çenli Antaliýada geçiriljek “Expo 2016” Bütindünýä botanika sergisine gatnaşmaga çagyrdy.

Türk lideri iki doganlyk halkyň bähbitlerine laýyk gelýän türkmen-türk hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmekde we suňlaşdyrmakda Türkmenistanyň Prezidentiniň şahsy goşandyna ýokary baha berip, bu gatnaşyklaryň diňe bir ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin däl-de, eýsem tutuşlygyna sebitiň durnukly ösüşi, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde ägirt uly ähmiýete eýedigini nygtady.

Hormatly Prezidentimize söz berilýär. Milli Liderimiz mähirli kabul edilendigi üçin Prezident Rejap Taýyp Ärdogana ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň we halklarynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň mizemezdigini nygtady.

Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler, köpasyrlyk taryhy gatnaşyklar, doganlyk däp-dessurlary we bilelikdäki tejribe biziň halklarymyzyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, haryt dolanyşygynyň möçberleriniň yzygiderli artmagy doganlyk türkmen-türk gatnaşyklarynyň aýdyň mysaly bolup durýar. Haryt dolanyşygynyň möçberlerini ýakyn ýyllarda ep-esli artdyrmak üçin ähli mümkinçilikler bar.

Türkmen döwletiniň Baştutany şeýle hem nebitgaz, ulag, elektroenergetika, gurluşyk, senagat we gaýtadan işleýän pudaklarda, beýleki ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň köpsanly anyk mysallaryny getirip boljakdygyny kanagatlanmak bilen belledi. Bu ulgamlarda türk kompaniýalaryna iri taslamalar ynanyldy.

Bu babatda dokma senagaty has ýokary görkezijilere eýedir. Şonuň bilen birlikde, heniz hyzmatdaşlygyň ähli mümkinçilikleri doly herekete girizilmeýär. Türkmenistanyň şol sanda syýahatçylygy, ýurdumyzyň bäsleşige ukyply ýangyç-energetika we ulag toplumyny hem-de deňiz porty düzümlerini ösdürmek bilen baglanyşykly ägirt uly meýilnamalary täze mümkinçilikleri açýar.

Ulag-kommunikasiýa pudagy özara bähbitli hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. 2013-nji ýylda iki ýurduň Liderleriniň gatnaşmagynda düýbi tutulan täze halkara deňiz porty ýurtlary we halklary birleşdirmäge ýardam berer we tutuş yklymyň uly ähmiýetli logistika mekrezine öwrüler.

Bu babatda Türkiýe ýurduň ykdysadyýetinde uly ähmiýete eýe bolan ösen we işler göwnejaý ýola goýlan deňiz port hojalygyna eýedir, bu bolsa deňiz-ulag ulgamynyň işini guramakda Türkmenistan üçin uly gyzyklanma bildirilýän pudakdyr.

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň taslamasyny taryhy gurluşyk diýip atlandyrmak bolar, onuň durmuşa geçirilmegi biziň ýurdumyzy halkara hyzmatdaşlygynyň täze derejesine çykarar, ykdysady gatnaşyklaryň halkara ulagmyna doly derejede goşulyşmagyna ýardam berer hem-de möhüm üstaşyr geçiriji merkez hökmünde Türkmenistanyň ornuny ýokarlandyrar.

Köpsanly bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy Türkiýäniň işewürlik toparlary üçin hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açýar hem-de maýa goýumy üçin amatly şertler döredilen geljegi uly türkmen bazarynda olaryň ornuny berkitmäge şert döreder, bu bolsa ykdysady ulgamda, şol sanda energetika we ulag pudaklarynda, maýa goýum işlerini giňeltmäge bilelikdäki düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam berer. .

Syýahatçylyk ulgamy özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça taslamany durmuşa geçirmek babatda Türkiýäniň kuwwatly şypahana düzümini kemala getirmekdäki tejribesi Türkmenistan üçin uly gyzyklanma döredýär. Bu tejribe bolsa şol ulgamdaky öňdebaryjy gazanylanlara hem-de iň ýokary görkezijilere esaslanýar. Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti üçin geljegi uly bolan bu pudakda tagallalaryň birleşdirilmegi örän netijeli bolar.

Türkmenistan we Türkiýe ylym we bilim ulgamlarynda hem netijeli gatnaşyklaryň uly tejribesini topladylar. Bu tejribe bolsa döwletara gatnaşyklaryny iş ýüzünde ösdürmek üçin ygtybarly esasy döredýär. Aşgabatda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň täze binasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Biziň talyplarymyzyň müňlerçesi Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde okap, ýokary hilli bilim we zerur bolan hünärleri ele alýarlar.

Medeniýet, gumanitar ulgamlarda özara gatnaşyklary ösdürmek, türkmen we türk halklarynyň taryhy hem-de arheologiki mirasyny aýawly saklamak hem uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow TURKSOÝ-yň ugry boýunça özara gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär, onuň çäklerinde köpsanly medeni çäreler guralýar diýip belledi.

Syýahatçylyk ulgamynda hem netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçen ýyllaryň dowamynda döwrebap düzümleýin desgalaryň ençemesiniň gurulmagy hem türkiýeli hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň netijesi bolup durýar. Bu ulgamda toplanan tejribe bu işiň gerimini has-da giňletmek üçin ygtybarly binýady döredýär.

Türkmen Lideri Türkiýäniň iri işewürlik toparlarynyň wekilleri bilen düýn bolan duşuşygyň netijelerine kanagatlanma bildirdi we möhüm meseleleriň ençemesini hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik beren bu işewürlik çäresiniň ýokary derejede guralandygy üçin Prezident Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutany türk kompaniýalaryny umumy uzynlygy 1800 kilometre barabar bolan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çagyrdy. Bu gaz geçirijisi Aziýa sebitiniň döwletleriniň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge we durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegine saldamly goşant goşmalydyr.

Türkmenistanyň Baştutany doganlyk türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Ikitaraplaýyn duşuşyk we geçirilýän netijeli gepleşikler munuň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiz Prezident Rejap Taýyp Ärdogana berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikler, Türkiýäniň doganlyk halkyna bolsa bagtyýarlyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Baştutany Rejep Taýyp Ärdogany türkmen Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy. Türk Lideri Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylygy üçin kärdeşine hoşallyk bildirip, ählumumy abadançylygyň, parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine türkmen-türk dostlugynyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine, iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlygynyň giňeldiljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşyk tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri mähirli hoşlaşyp, iki ýurduň hyzmatdaşlygyň uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň ýollaryny işjeň gözlemegi dowam etdirmäge taýýardygyny tassykladylar.

Soňra türkmen döwletiniň Baştutanynyň awtoulag kerweni Stambulyň halkara howa menziline geldi, bu ýerden milli Liderimiz Watanymyza tarap ugur aldy.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabada çenli uçuşy amala aşyryp, türkmen paýtagtynyň Halkara howa menzilinde gondy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter