Daşoguz welaýatynyň şalyçylary şaly taýýarlamak boýunça tabşyrygy amal etdiler | TDH
Ykdysadyýet

Daşoguz welaýatynyň şalyçylary şaly taýýarlamak boýunça tabşyrygy amal etdiler

опубликованно 12.11.2019 // 138 - просмотров
 

Ýurduň demirgazyk sebitiniň şalyçylary şaly taýýarlamak boýunça ýyllyk tabşyrygy amal etdiler. 8 müň 100 gektar şaly meýdanyndan 35 müň tonnadan gowrak hasyl alyndy, munuň özi tabşyrykda bellenilendäkiden artykdyr.

Üstünlige ýygymyň ýokary derejede guralmagy ýardam etdi, onda ýörüte tehnikalaryň ençemesi, şol sanda ýokary öndürijilikli John Deere we Claas kombaýnlarynyň iki ýüze golaýy işledildi.

Daşoguzly ekarançylar şaly ýetirşdirmekde baý tejribe topladylar. Oba hojalyk önümçiliginiň bu ugrunyň yzygiderli ösdürilmeginde döwlet tarapyndan goldaw berilmeginiň, şeýle hem bu ekini ýetişdirmegiň döwrüň synagyndan geçen däpleriniň we oba hojalyk täzeçillikleriniň ähmiýeti uly boldy.

S. Türkmenbaşy etrabynyň şaly ýetişdirmäge ýörüteleşdilen hojalyklarynda şaly önümçiliginiň gutarnykly tapgyry döredildi. Bu ýerde ýokary hilli tohumlary taýýarlamak ýola goýuldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter