Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

опубликованно 08.11.2019 // 638 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna hem-de türkmenistanlylaryň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatyň käbir meselelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi.

Wise-premýer hasabatyny ýurdumyzyň edermen pagtaçylarynyň «ak altyn» hasylyny taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habardan başlady. Şeýle hem ol oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň durmuşa geçirilişi we ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Häzirki döwürde ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak, ony kabul ediş bölümlerine bökdençsiz daşamak we pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek ugrunda ähli zerur çäreler görülýär.

Şonuň bilen birlikde, güýzlük däne ekilen meýdanlarda birinji ösüş suwy, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, zerur bolan ýerlerde haşal otlara garşy göreşmek çäreleri agrotehniki kadalara laýyk derejede alnyp barylýar. Noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde belleniljek Hasyl toýy mynasybetli guraljak dabaralara taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «ak altyn» ussatlaryny we ýurdumyzyň ähli oba hojalyk işgärlerini pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilmegi bilen gutlady.

Zähmetde has tapawutlanan we uly üstünlikler gazanan oba hojalyk işgärlerini döwlet derejesinde sylaglamak hakyndaky çözgüdiň kabul edilendigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow el çarpyşmalar astynda degişli Permana gol çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda ekologiýa meselelerine hemişe uly üns berilýändigini belledi. Bu ugurda ýurdumyz köp meseleler boýunça halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy noýabrda möhüm ekologiýa çäresini — Türkmenistanyň ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmegi tabşyrdy. Bu çäre ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegini şertlendirýär.

Öňde durýan wezipeleri kesgitläp, döwlet Baştutanymyz oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleri has-da çaltlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Häzirki döwürde geljek ýylyň hasylyna taýýarlyk işleri başlandy. Şoňa görä-de, täze ýyl oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin ähli agrotehniki çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmeli diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz suwdan peýdalanmak meselelerine aýratyn üns bermegi, Garagum sährasynda ekologiýa taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Hasyl toýuny ýokary derejede geçirmeli. Gowy hasyl alyp, oňat netije gazanan oba hojalyk işgärlerini sylaglamaly diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýene bir ýola belledi.

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa şu gün günüň ikinji ýarymynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde döwlet sylaglaryna mynasyp bolan adamlara sylaglary gowşurmak dabarasyny guramagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylly bolmadyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. «Telekeçilik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary — hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň tertibini Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklamak göz öňünde tutulýar.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli resminamanyň taslamasy taýýarlanyldy. Kadalaşdyryjy nama telekeçilik işini tertipleşdirmäge, salgyt-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir we milli kanunçylygyň talaplaryna doly laýyk gelýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzda ykdysady özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny belledi. Onuň esasy wezipesi bazar gatnaşyklaryny kemala getirmekden we ony giňeltmekden ybaratdyr.

Döwlet tarapyndan berilýän goldaw netijesinde hususy pudagyň wekilleri dürli pudaklarda giň gerimli işleri alyp barýarlar, gurluşyk, söwda we jemgyýetçilik iýmiti, oba hojalygy, senagat, bilim, syýahatçylyk pudaklarynda, mahabat gullugynda we neşir işlerinde ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar.

Milli Liderimiz kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmek boýunça amala aşyrylýan çäreleriň täzeçil durmuş ösüşine geçilmegine, şol sanda erkin telekeçilik we bäsdeşlik üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilendigini belledi. Umuman, döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminamanyň taslamasyny degişli düzümler bilen ylalaşmagyň zerurdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini nazara almak bilen, nebitgaz pudagynyň işini kämilleşdirmek hem-de önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmaga, ýangyç-energetika toplumyny köpugurly esasda ösdürmäge gönükdirilen iri maýa goýum taslamalaryny işjeňleşdirmek, nebit we gazhimiýa önümleriniň önümçilik möçberini hem-de görnüşlerini artdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

«Haldor Topsoe» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary hakynda habar berildi.

Bellenilişi ýaly, bu kompaniýa ýurdumyzda nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmakda, önümçilige öňdebaryjy usullary, innowasiýalary, tehnologiýalary ornaşdyrmakda ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky
Ähtnamanyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň dürli döwletleri we işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň Türkmenistanyň energetika syýasatynyň möhüm ugrudygyny belledi. Ýurdumyz däp boýunça gatnaşyklary özara peýdaly we ikitaraplaýyn gyzyklanmalar esasynda ýola goýýar. Şonuň bilen baglylykda, milli Liderimiz tebigy gazy we beýleki tebigy serişdeleri gaýtadan işlemek boýunça ägirt uly kuwwatyň bardygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleriň utgaşykly esasda dowam etdirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, öňdebaryjy tejribä, tehniki hem-de tehnologik mümkinçiliklere eýe bolan iri nebitgaz kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow häzirki döwürde täze halkara howa gatnawlaryny açmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer halkara gatnawlaryň ugruny giňeltmek, şol sanda Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda we Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherlerine howa gatnawlaryny ýola goýmak maksady bilen, degişli işleriň alnyp barylýandygy, bu gatnawlara 2020-nji ýylyň fewral aýynda başlamagyň meýilleşdirilýändigi barada milli Liderimize hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, raýat awiasiýasynyň ýokary netijeliligini üpjün etmek boýunça birnäçe çäreleri kesgitledi. Soňky ýyllarda bu pudak kuwwatly itergä eýe boldy. Ýokary dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap howa menzilleri guruldy. Howa uçarlarynyň üsti olaryň täze görnüşleri bilen ýetirilýär.

Milli Liderimiz milli awiasiýany ösdürmek boýunça möhüm wezipeleri kesgitläp, uçuş düzümi we ýerdäki gulluklar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Pudaga bildirilýän talaplar diňe bir onuň enjamlaşdyrylyşyna däl-de, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlygyna hem degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ýurdumyzyň howa menzilleri çäk we ykdysady nukdaýnazardan däl, eýsem, üstaşyr ugurlar üçin hem örän amatlydyr. Şeýle hem tehniki gonuşlar we uçarlara degişli hyzmaty ýola goýmak babatda ýurdumyzda zerur şertler bar. Munuň özi Türkmenistanyň ýurtlary we yklymlary baglanyşdyrýan halkara ulag aragatnaşyklary ulgamynyň möhüm bölegi hökmündäki ornuny pugtalandyrýar.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň iri halkara ulag merkezi hökmündäki derejesini berkitmek üçin bar bolan ähli mümkinçilikleriň herekete girizilmeginiň zerurdygyny belledi. Türkmen awiatorlary halkara ýolagçy howa ugurlarynyň çägini has-da giňeltmelidirler we hereket edýän ugurlardaky gatnawlaryň ýygylygyny artdyrmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we täze ugurlar boýunça yzygiderli gatnawlary amala aşyrmak hakyndaky teklipleri makullady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de 2020-nji ýylda ulanmaga beriljek iri önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda durmuş maksatly desgalary gurmagyň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy hem-de bu ulgamda maýa goýum işjeňligini höweslendirmek boýunça çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, binagärlik-gurluşyk taslamalaryny işläp taýýarlamagyň ähli meselelerine toplumlaýyn we yzygiderli esasda garamak zerurdyr. Şolaryň hataryna ekologiýa taýdan meýilleşdirmek, desgalaryň inžener-tehnologik seljermesi, binalaryň bezegi we beýleki meseleler goşulmalydyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, geljek ýyl ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli köp sanly desgalary ulanmaga bermegiň giň gerimli maksatnamasynyň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz göz öňünde tutulan ähli işler ýerine ýetirilende, döwrebap tehnikalary we täze tehnologiýalary ulanmaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz türkmen paýtagtynyň özüniň ýokary derejesine laýyklykda, ähli babatda görelde bolmalydygyny, ýurdumyzyň sebitleriniň hemmesinde özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde nusga bolmalydygyny nygtap, wise-premýere ýurdumyzyň baş şäherinde bina edilýän desgalarda işleriň ýokary hilini hem-de olaryň gurluşygynyň öz wagtynda tamamlanmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän düzümleriniň işi, Türkmenistanyň «EKSPO 2020» Bütindünýä sergisine ýokary derejede gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk hem-de türkmen-italýan işewürler maslahatynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer häzirki wagtda ählumumy forumda ýurdumyza wekilçilik etjek bölümiň işiniň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek maksady bilen anyk çäreleriň görülýändigini habar berdi.

Häzirki wagtda degişli düzümler bilen zerur resminamalar ylalaşyldy we gurluşyk-gurnama işleri başlandy. Iki gatly binada diňe bir ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamda gazanan üstünliklerini däl, eýsem, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny aýdyň görkezmek üçin ähli şertler göz öňünde tutular.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň «EKSPO 2020» Bütindünýä sergisine gatnaşmagynyň esasy maksadynyň häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmakdan, beýleki döwletler bilen daşary ykdysady aragatnaşyklary ösdürmekden ybaratdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz milli sergi bölüminiň halkara forumyň esasy şygaryny nazara almak arkaly bezelmelidigini, Watanymyzyň däp bolan hem-de häzirki zaman ýörelgelerini görkezmelidigini nygtady.

Milli Liderimiz bölümiň bezeginde iň täze tehnologiýalary we multimedia enjamlaryny giňden ulanmagyň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere serginiň türkmen bölümini talabalaýyk guramak meseleleriniň ählisini öz wagtynda çözmegi hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Baýramçylyk mynasybetli esasy çäreler «Aşgabat» atçylyk sport toplumynda geçiriler. Bu ýerde paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň döredijilik toparlary, teatrlaryň artistleri çykyş ederler.

Adaty däbe görä, baýramçylyk mynasybetli sergi guralar. Onda ýurdumyzyň tohumçylyk we bakjaçylyk ulgamynda ýeten derejesi, dokma hem-de sowgatlyk önümleri, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň işleri, ýaş suratkeşleriň döreden eserleri görkeziler.

Baýramçylygyň maksatnamasyna çagalar sport toparlarynyň görkezme çykyşlary, milli oýunlar, maldarçylyk we ekerançylyk däpleri bilen tanyşlyk, dürli milli tagamlary taýýarlamak ýaly çäreler girizildi. Şeýle hem dabaraly maslahatlar, mowzuklaýyn döredijilik duşuşyklary, sergiler, beýleki çäreler guralar, sahna eserleri görkeziler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Hasyl toýy mynasybetli guraljak dabaralaryň milli däplere laýyklykda, hakyky türkmen toýuna mahsus esasda ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde, ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda halkymyzy täze ýeňişlere we beýik maksatlara ruhlandyrýan medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, mekdep okuwçylarynyň öňde boljak gyşky dynç alyş möwsüminde çagalaryň dynç alşyny guramak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler we olaryň degişli meýilnamasyny taýýarlamak ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda Gökderedäki hem-de welaýatlardaky gözel ýerlerde ýerleşen çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň binalarynda degişli işler alnyp barylýar. Täze ýyly garşylamak mynasybetli, ýaşlaryň dynç almagy üçin bu söýgüli baýramçylygyň üýtgewsiz gahrymanlary bolan Aýazbabanyň we Garpamygyň hem-de çagalar döredijilik toparlarynyň, teatr we sirk ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk çykyşlary guralar.

Çagalar şeýle hem «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançadaky Baş arçanyň ýanynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine gatnaşarlar. Şular bilen birlikde, paýtagtymyzda we sebitlerde çagalar üçin dürli tanyşdyrylyş gezelençleri guralar.

Milli Liderimiz ösüp gelýän ýaş nesil baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny belläp, gyşky dynç alyş möwsüminde ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň doly derejeli dynç almagy, olaryň boş wagtlaryny gyzykly, many-mazmunly we peýdaly geçirmegi üçin ähli şertleriň döredilmelidigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 6-7-nji noýabrda Italiýa Respublikasyna bolan resmi saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Bu sapar däp bolan dostlukly, netijeli döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etdi.

Milli Liderimiziň Italiýanyň Premýer-ministri we Prezidenti bilen Rimde geçiren gepleşikleriniň barşynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyna garaldy. Şunuň bilen birlikde, daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ähmiýeti bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz gepleşikleriň barşynda özara bähbitli türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, Işewürlik geňeşini ýa-da ykdysady meseleler boýunça Iş toparyny döretmegi teklip etdi.

Nebitgaz toplumy we ulag ulgamy özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu babatda ýurdumyz ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, halkara multimodal ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmäge gönükdirilen iri taslamalaryň başyny başlaýar we durmuşa geçirýär.

Senagat, düzüm ulgamlary, oba hojalygy hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar we kosmos ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Munuň özi Türkmenistanyň ykdysadyýetini sanly ulgama geçirmek ugry bilen şertlendirilendir.

Gepleşiklerde köpýyllyk üstünlikli tejribä eýe bolan türkmen-italýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryna, şol sanda arheologiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Bilim ulgamynda hem özara gatnaşyklaryň uly kuwwaty bar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem-de ýurdumyzyň orta mekdeplerinde italýan dilini öwrenmek baradaky teklibi öňe sürdi. Saparyň barşynda gol çekilen degişli resminamalaryň birnäçesi ýokary okuw mekdepleriniň derejesinde ylym-bilim ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etmelidir.

6-njy noýabrda Milanda geçirilen bilelikdäki işewürler maslahatynda netijeli türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu forum Italiýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge çalyşýandygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň netijeleri boýunça hökümetara we döwletara derejesinde, hususy düzümleriň ugry boýunça resminamalaryň 37-sine gol çekildi. Şol resminamalar döwletara gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny has-da berkider, hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrar.

Hasabatyň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny (SPEKA) durmuşa geçirmäge bagyşlanan ýokary derejeli halkara çärelere taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.

Abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda bilelikdäki maksatnamalara we taslamalara möhüm orun degişlidir.

Şolaryň hatarynda SPEKA maksatnamasyny aýratyn görkezmek bolar. Bu maksatnama 21 ýylyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlary, Azerbaýjan, Owganystan hem-de BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO) bilen bilelikde netijeli amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň SPEKA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde 18 — 21-nji noýabrda Aşgabatda ýokary derejedäki halkara çäreleri («SPEKA günleri») geçiriler.

Şol çäreleriň hatarynda SPEKA maksatnamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň söwda syýasaty boýunça forumy, SPEKA maksatnamasynyň durnukly ulag we söwda boýunça iş toparlarynyň mejlisleri hem-de «SPEKA 2019» ykdysady forumy bar. Şol forumyň netijeleri boýunça «Aşgabat başlangyjy» atly resminamany kabul etmek meýilleşdirilýär. 21-nji noýabrda SPEKA maksatnamasynyň Dolandyryjy geňeşiniň 14-nji mejlisi geçiriler.

Bu çäreleriň dowamynda kabul edilmegi göz öňünde tutulýan resminamalary durmuşa geçirmek maksady bilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy hem-de BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy bilen bilelikde degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we türkmen-italýan gatnaşyklaryny hem-de şu hepdede ýokary derejede geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri barada durup geçip, ähli ugurlarda — söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de türkmen tarapynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek baradaky başlangyçlaryny, şol sanda bilelikdäki Işewürler geňeşini ýa-da Iş toparyny döretmek baradaky başlangyjyny amala aşyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Munuň özi ykdysady we işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmegiň netijeli guraly bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz ynsanperwer ulgamda döwletara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi. Italiýa Respublikasyna bolan resmi saparyň çäklerinde gol çekilen resminamalaryň birnäçesi şol gatnaşyklary, hususan-da, ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Italiýanyň sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça özara düşünişmegiň ýokary derejesini görkezýändiklerini nygtap, halkara guramalarynyň çäklerinde ýola goýlan netijeli gatnaşyklary dowam etmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny durmuşa geçirmäge bagyşlanan çärelere taýýarlyk görmek meselelerine degip geçip, ýurdumyzyň BMG bilen strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlyga örän jogapkärli çemeleşýändigini, Milletler Bileleşiginiň dürli ulgamlarda amala aşyrýan maksatnamalarynyň birnäçesine işjeň gatnaşýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Aşgabatda «SPEKA günlerini» ýokary derejede guramak we geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Bu çäreler sebitde we dünýäde abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etmelidir.

Milli Liderimiz şeýle hem Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan halkara maslahata hem-de beýleki möhüm çärelere ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, daşary işler ministrine birnäçe degişli tabşyryklary, şol sanda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň beýleki orunbasarlary bilen bilelikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyny baýram etmegiň meýilnamasyny işläp taýýarlamak boýunça görkezmeleri berdi. Soňra şol meýilnama dekabr aýynyň başynda Ministrler Kabinetiniň garamagyna berilmelidir.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işi barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde birnäçe kanunyň taslamalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar, ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipleriň esasynda üýtgetmeler we goşmaçalar girizilmegi talap edilýän hukuk namalar seljerilýär.

Şunuň bilen birlikde, deputatlar ýerlerde we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň maksatlaryny hem-de wezipelerini, kabul edilen täze kanunlaryň mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmagyň, durmuş-ykdysady özgertmeleri işjeňleşdirmegiň ýoly bilen ýurdumyzyň mundan beýläk-de beýik işleri amala aşyrmagy ugrunda bar bolan wezipeleri çözmekde milli parlamentiň möhüm orun eýeleýändigini belläp, Mejlisiň deputatlarynyň öňdebaryjy halkara tejribäni nazara almak bilen, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň hukuk üpjünçiligi boýunça zerur işleri alyp barmalydyklaryny belledi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň Aşgabat şäherini we ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, degişli arassaçylyk we abadançylyk işlerini yzygiderli alyp barmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly we agrotehniki kadalara laýyk derejede geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler baradaky hasabatlary diňlenildi.

Şeýle hem häkimler öňde boljak şanly seneleri, aýratyn-da, noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde belleniljek Hasyl toýuny ýokary derejede dabaralandyrmak, onuň çäklerinde medeni-köpçülikleýin çäreleri, aýdym-sazly çykyşlary, sergileri we degişli maslahatlary geçirmek işlerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, baýramçylyk çäreleri milli toý däplerine laýyk derejede geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda geçirilýän abadançylyk işleriniň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelmelidigine ünsi çekdi. Munuň özi şäheriň arassaçylygy bilen bir hatarda, adamlar üçin zerur amatly şertleriň döredilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň, aýratyn-da, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz gowaça meýdanlarynda galan hasyly doly ýygnap almak, şunuň bilen birlikde, beýleki oba hojalyk işlerini guramaçylykly alyp barmak meselelerine hemmetaraplaýyn we ylmy esasda çemeleşilmelidigini tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny guramak meselesine degip geçip, olary ýokary guramaçylyk derejesinde, milli däpler esasynda geçirmegi, çäreleriň many-mazmunynda ýurdumyzyň häzirki zaman gazananlaryny hem-de zähmetsöýer halkymyzyň üstünliklerini beýan etmegi tabşyrdy we bu babatda häkimlere birnäçe görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde binalary we desgalary gurmak hakynda degişli resminama gol çekip, bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, desgalaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary işleriň ýagdaýy, Türkmenistanyň goranyş ukybyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdiler.

Şeýle hem hasabatlarda Watanymyzyň mukaddes çäklerini ygtybarly goramak, türkmen topragynda kanunçylygy, tertip-düzgüni, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, milli kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, prokuror gözegçiligi, gümrük hem-de migrasiýa çäreleri bilen baglanyşykly meseleleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumatlar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň düzgünlerine laýyklykda, milli howpsuzlygy üpjün etmek, ähli goşun bölümleriniň goranyş kuwwatyny saklamak boýunça ýerine ýetirilýän işleri dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan wezipeler barada aýdyp, olaryň täze, ýöriteleşdirilen tehnikalar hem-de enjamlar bilen üpjünçiligi meseleleriniň, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak çäreleriniň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin adalat ministri B.Muhamedowa berk käýinç yglan etmek hakyndaky Buýruga gol çekdi.

Mejlisde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter