Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler

опубликованно 05.08.2015 // 889 - просмотров
 

Aşgabat-Bişkek, 5-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gyrgyz Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugryAziýa sebiti boýunça goňşy ýurtlar bilen oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň şu gezekki sapary we nobatdaky ýokary derejedäki türkmen-gyrgyz gepleşikleri taraplaryň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryny bar bolan mümkinçilkleri hem-de özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmegiň geljegini nazara almak bilen, hil taýdan täze derejä çykarmagy ugur edinýändikleriniň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Bişkek şäheriniň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen “Manas-2” Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde belent mertebeli myhmanyň hormatyna uçaryň ýanyndan resmi wekiliýetler üçin niýetlenen zala çenli haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini resmi kabul etmek dabarasy boldy. Uçaryň ýanynda türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew mähirli garşylady. Milli lybasdaky gyzlar belent mertebeli türkmen myhmanyna gül desselerini gowşurýarlar we duz- çörek hödür edýärler.

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleri mähirli görşenlerinden soň, howa menziliniň Resmi wekiliýetler zalyndaky ýörite bellenilen ýere geçýärler.

Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Hormat garawulynyň serkerdesi döwlet Baştutanlaryna dabaraly ýagdaýda hasabat berýär. Iki ýurduň Liderleri Gyrgyz Respublikasynyň Döwlet baýdagyna hormat goýýarlar we esgerleriň hatarynyň öňünden geçýärler.

Prezident Almazbek Atambaýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Gyrgyz Respublikasynyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Soňra türkmen Lideri gyrgyz kärdeşini Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Howa menzilinden Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary mahalynda özi üçin nietlenen “Ala-Arça” döwlet kabulhanasyna geldi.
Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew mähirli garşylady.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamdanandan soň, gyrgyz Lideri hormatly Prezidentimizi Aksakallar zalyna çagyrýar, bu ýerde ikiçäk görnüşinde ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy gyrgyz topragynda garşylamaga şatdygyny ýene bir gezek aýdyp, Prezident Almazbek Atambaýew Gyrgyzystana döwlet sapary bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, onuň ýurdunda ýokary derejedäki bu duşuşyga iki dostlukly döwletiň we halkyň bähbidine we gülläp ösmegine laýyk gelýän türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka hökmünde baha berilýändigini nygtady. Gyrgyz Respublikasynyň Baştutany türkmen Liderini Bişkekde kabul edýändigine tüýs ýürekden begenýändigini beýan edip, şu gezekki gepleşikleriň barşynda gazanylýan ylalaşyklaryň ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyzystana döwlet sapary bilen gelmäge çakylygy hem-de mähirli garşylanandygy üçin Prezident Almazbek Atambaýewe minnetdarlyk bildirip, bar bolan ykdysady mümkinçiliklere, şeýle hem türkmen we gyrgyz halklarynyň taryhy taýdan emele gelen ruhy-medeni gatnaşyklaryna daýanýan döwletara hyzmatdaşlygynyň oňyn häsiýetini kanagatlanmak bilen belledi. Türkmen Lideri geçen ýylyň güýzünde Gyrgyzystanyň Baştutanynyň Türkmenistana bolan resmi saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi berendigini belläp, öz gyrgyz kärdeşine iki döwletiň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-gyrgyz syýasy gatnaşyklarynyň okgunly häsiýetini nygtap, ikitaraplaýyn hyzmtdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy we söwda-ykdysady, energetika ulgamlaryny we beýleki birnäçe pudaklary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Gyrgyzystan-Hytaý gazgeçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Özüniň geografiýa we geosyýasy taýdan amatly ýerleşýändigini hasaba almak bilen, biziň ýurdumyz ulag-aragatnaşyk ulgamynda iri düzümleýin taslamalary öňe sürýär we üstünlikli durmuşa geçirýär. Bu ýerde hem netijeli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Söwda-ykdysady ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada aýdylanda bolsa, şunda Hökümetara türkmen-gyrgyz toparyna aýratyn orun degişlidir, onuň ilkinji mejlisi şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçirildi. Düýn Bişkekde geçirilen bilelikdäki işewürlik maslahatynyň gün tertibine hem bu ugurda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri girizildi. Bular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti şol sanda işewür duşuşyklaryň iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasyndaky netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam berýändigini belledi.

Ynsanperwerlik ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň üstünde durup geçmek bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen we gyrgyz halklaryny birleşdirýän medeni we ruhy ýörelgeleriň taryhy taýdan emele gelen umumylygyny belledi. Şu ýylyň maý aýynda Gyrgyz Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri uly üstünlige beslendi we döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda aýdyň öwüşginli waka boldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şunuň ýaly çäräni biziň ýurdumyzda hem geçirmek baradaky teklibi öňe sürdi, munuň özi iki döwletiň we halkyň arasynda özara bähbitli medeni we döredijilik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berer.

2015-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini almagynyň 20 ýyl dolýandygyny we bu derejäniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Rezolýusiýasy bilen berkidilendigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gyrgyz Liderini ýokary derejeli halkara maslahatyna we bu şanly sene mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çagyrdy. Şunda milli Liderimiz Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň diňe bir sebitde däl-de, eýsem ählumumy derejede hem parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça umumy maksatlary hem-de wezipeleri amala aşyrmak üçin tagalla edýändiklerini nygtady.

Prezident Almazbek Atambaýew çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, Gyrgyzystanyň Aşgabatda geçiriljek dabaraly çärelere gatnaşjakdygyny tassyklady.

Türkmen Lideri netijeli döwletara gatnaşyklarynyň geljekde hem yzygiderli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirip, Gyrgyzystanyň Baştutanyna we tutuş gyrgyz halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Özara düşünişmek we ynam ýagdaýynda geçen gepleşikleriň berşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Almazbek Atambaýew türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň meselleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar, ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine hem-de dürli ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklere aýratyn üns berdiler. Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Baştutanlary söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belläp, şeýle hem däp bolan ynsanperwerlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek baradaky pikiri öňe sürdiler, bu gatnaşyklaryň binýady iki doganlyk halkyň köpasyrlyk taryhy-medeni umumylygyna esaslanýar.

Ikiçäk görnüşdäki duşuşygyň çäklerinde taraplar özara gyzyklanma bildirýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.
Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde Uly mejlisler zalynda dowam etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň bu gezekki döwlet saparyna Gyrgyzystanda aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, Prezident Almazbek Atambaýew biziň ýurdumyza geçen ýyl bolan saparyny hemişe mähir bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Gyrgyz Lideriniň belleýşi ýaly, ak mermerli Aşgabat we tutuş dünýäde şöhrat gazanan ajaýyp ahalteke bedewleri ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy.

Gyrgyz Respublikasy Türkmenistan bilen ýola goýulýan doganlyk gatnaşyklaryna aýratyn gadyr goýýar diýip bellemek bilen, dostlukly döwletiň Baştutany ýokary derejede geçirilen gepleşigiň döwletara gatnaşyklarynyň täze möhüm tapgyryny emele getirendigini we onuň türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Almazbek Atambaýew ähli halkara we sebitleýin möhüm meseleler boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň umumydygyny kanagatlanma bilen belledi. Biziň ýurtdarymyz sebitde we halkara giňişliginde, şol sanda BMG-niň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde birek-biregi goldaýar diýip, Gyrgyzystanyň baştutany aýtdy.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek ýubileý maslahatyna çakylygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, gyrgyz lideri şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek iri möhüm foruma gatnaşmaga meýillidigini tassyklady.

Döwlet Baştutanymyzyň Bişkekde Türkmenistanyň Ilçihanasyny açmak hakyndaky çözgüdiniň ähmiýeti belläp, Prezident Almazbek Atambaýew Gyrgyzystanyň öz tarapyndan iki ýurduň diplomatik wekilhanalarynyň üstünlikli işlemegi üçin ähli şertleri üpjün etjekdigini belledi.

Şu gezekki gepleşikleriň jemleri boýunça hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryna degişli 15 resminamanyň gol çekmäge taýýarlanmagynyň ähmiýetini belläp, gyrgyz lideri ikiçäk geçen duşuşygyň barşynda hyzmtadaşlygyň giň möçberli we möhüm ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny nygtady.

Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň işiniň ähmiýeti barada aýtmak bilen, Gyrgyzystanyň baştutany onuň ilkinji mejlisiniň şu ýylyň ýazynda Aşgabatda geçendigini we ikitaraplaýyn işewürlik-maslahatlarynyň geçirmegi dowam etmegiň hem-de bilelikdäki Işewür geňeşi döretmegiň uly geljeginiň bardygyny aýtdy. Prezident Almazbek Atambaýew elektroenergetika ulgamynda özara gatnaşyklara taýýardygy üçin Türkmenistan tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Ulag-aragatnaşyk we ýangyç-energetika pudaklaryny hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitläp, gyrgyz lideri Türkmenistandan Hytaýa çekilýän täze gaz geçirijiniň gurluşygynyň taslamasyna gatnaşmagynyň öz ýurdy üçin uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Prezident Almazbek Atambaýew syýahatçylyk ulgamynda özara gatnaşyklaryň meselelerine bolan netijeli çemeleşmeleri üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Balkan welaýaty bilen Gyrgyzy Respublikasynyň Yssyk-Kul oblastynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygy gol çekmäge taýýarlanmagynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Şunuň bilen bir hatarda gyrgyz lideri däp bolan medeni-gumanitar gatnaşyklaryň hemmetaraplayn pugtalandyrylmagy barada aýtdy. Türkmenistanyň şu ýyl Gyrgyzystanda geçirilen Medeniýet günleri bu gatnaşyklaryň ösdürilmegini şertlendirdi. Gyrgyz wekiliýeti Lebap welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligine gatnaşdy diýip bellemek bilen, Prezident Almazbek Atambaýew geljek ýylda Grygyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini geçirmegiň meýilleşdirilýändigini nygtady.

Halkara giňişligindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, Gyrgyzystanyň baştutany iki ýurduň ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek, terrorçylyga we ekstremizme garşy göreşmek ýaly meselelerde garaýyşlarynyň umumydygyny ýa-da ýakyndygyny tassyklady.

Gyrgyzstanyň soňky ýyllarda durmuş-ykdysady ösüşde ägirt uly üstünlikler gazanýan Türkmenistan bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge ýokary gyzyklanma bildirýändigini ýene bir ýola tassyklap, Prezident Almazbek Atambaýew biziň ýurdumyzyň häzirkizaman senagat düzümini döretmekde ýeten derejesini aýratyn nygtady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň bu gezekki döwlet saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze derejä çykmagyna itergi berjekdigine ynam bildirip, gyrgyz lideri türkmen döwletiniň Baştutanyny Gyrgyzystanda görmäge hemişe şatdygyny belledi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentine söz berilýär.

Türkmen Lideri çykyşynyň başynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň adyndan Prezident Almazbek Atambaýewe Gyrgyz Respublikasyna döwlet sapary bilen gelmäge çakylygy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de bilelikde netijeli işlemek üçin döredilen mümkinçiliklere minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň Baştutanynyň geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistana bolan resmi sapary barada aýdyp, gadymy gyrgyz topragynda geçiirlýän şu gezekki duşuşygyň diňe bir döwletara gatnaşyklarynyň dowamy bolmak bilen çäklenmän, eýsem häzirki wagtda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejesine çykan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda möhüm sepgit bolup durýandygyny belledi.

Halkara we sebit meseleleri boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň ýakynlygy ýa-da gabat gelmegi, abraýly halkara guramalarynyň, ozaly bilen BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň binýady bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri Gyrgyz Respublikasynyň ýolbaşçylygyna ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny, hususan-da, energetika howpsuzlygy, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk, durnukly ösüş we beýleki ugurlarda öňe süren tekliplerini goldaýandygy üçin minnetdarlygyny beýan etdi.

Türkmenistan hem öz tarapyndan Gyrgyzystanyň ähli oňyn başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan kabul edilmeginiň işjeň tarapdary bolup çykyş edýär we goldaýar.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda ýola goýlan işjeň gatnaşyklaryň türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlyşygyň ösdürilmeginde uly ähmiýete eýedigini aýdyp, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleri mundan beýläk hem dowam etdirilmelidigini belledi, şeýle geňeşmeler hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny has anyklaşdyrmaga we möhüm halkara meseleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiziň soňra belleýşi ýaly, Türkmenistan Gyrgyzystan bilen türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň berk hukuk binýadyny kamala getirmekde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Muňa gol çekmek üçin taýýarlanan resminamalar toplumy hem şaýatlyk edýär, ol ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerini has giňeltmäge ýardam berer.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri parlamentara gatnaşyklary boýunça hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn giňeldilmeginiň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan amatly daşary syýasy şertleri döretmek bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, mümkinçilikleri we iki ýurduň hem bar bolan uly kuwwatyny hasaba almak bilen, bilelikdäki işiň täze ugurlaryny ýola goýmaga gyzyklanma bildirýär diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň soňky ýyllarda durnukly ösýändigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýakynda döredilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparyna uly umytlaryň bildirilýändigini aýtdy. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz bu topara ikitaraplaýyn söwdanyň möçberlerini artdyrmagyň we özara eksport we import harytlaryň görnüşlerini giňeltmegiň mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrmagy teklip etdi. Şunlukda, milli Liderimiz söwda-ykdysady gatnaşyklaryň hususy pudaga çekmek we iki ýurduň kompaniýalarynyň, firmalarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak arkaly täze görnüşlerini gözlemek boýunça bilelikdäki tagallalary güýçlendirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu babatda bilelikdäki sergileriň geçirilmegini ulgamlaýyn esasda ýola goýmaga, edaralar we işewür geňeşleriniň netijeli işleri üçin zerur şertleri döretmäge we hyzmatdaşlygyň beýleki görnüşlerini emele getirmäge möhüm ornuň degişlidigini nygtady.

Ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatdaky gürrüňi dowam etmek bilen, milli Liderimiz özara gatnaşyklaryň, hususan-da, energetika, ulag we aragatnaşyk düzümlerindäki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna aýratyn ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň biziň ýurdumyzdan gündogar ugur boýunça turba geçirijileriň gurluşygynda Gyrgyz Respublikasyny strategik hyzmatdaş hökmünde görýändigini belledi. Bu babatda Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Gyrgyzystan-Hytaý ugry boýunça täze gaz geçirijiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Milli Lidermiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyz uzakmöhletleýin milli ösüş strategiýasyny maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirýär. Ol öňdebaryjy tehnologiýalaryň, häzirkizaman ylmynyň we tehnikasynyň gazananlarynyň binýadynda ýokary senagatly ykdysadyýetiň döredilmegini nazarlaýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gyrgyz Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň energetika, oba hojalygy, gaýtadan işleýän senagat we beýleki pudaklarda uly geljegi bolan işläp taýýarlamalar üçin binýady emele getirmäge ukyply, kuwwatly ylmy esasynyň bardygyny aýtdy.

Türkmenistan kosmos aragatnaşyklar tehnologiýasyny özleşdirmäge girişdi. Häzirki döwürde ýurdumyz giň ulgamly aragatnaşyk, şol sanda wideomaslahatlary, ýa-da hemra arkaly teleköprüleri, şeýle hem aralykdan okuw geçmek we telelukmançylygy ilerletmek mümkinçiligine eýe boldy. Ýurdumyzyň ýene-de bir emeli hemrany älem giňişligine çykarmak baradaky meýilnamalary hakynda aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, gyrgyz hyzmatdaşlary ýokary kosmos tehnologiýalary ulgamynda täzeçil ýörelgeleri we tejribeleri alyşmak babatda özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz syýahatçylyk we jahankeşdelik senagaty ýaly özüne çekiji pudakdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollaryny öwrenmegiň zerurdygyny aýtdy. Bu babatda iki ýurduň hem ägirt uly mümkinçilikleri bar. Gyrzygystan dag syýahatçylygyny ösdürmek boýunça ägirt uly tejribe toplady. Yssyk-kölüniň ady halkara nyşanyna öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Türkmenistanda hem bu ugurda ägirt uly mümkinçilikler bar. Mälim bolşy ýaly, Hazaryň türkmen kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça iri möçberli we uly geljegi bolan taslama durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde gojaman Hazaryň kenarynda myhmanhanalar we şypahanalar ulgamyny özünde birleşdirýän düzümleýin toplum hereket edýär. Bu ýere ýylda dynç almak üçin müňlerçe adamlar gelýärler.

Türkmenistanyň geljegi uly ugurdaky özara gatnaşyklara taýýardygyny nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň Yssyk-Kul oblastanyň gözel künjekleriniň birinde bäş ýyldyzly myhmanhanany gurmak baradaky teklibi öňe sürdi we bu taslamany iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin bar bolan şertleri hem-de mümkinçilikleri göni ýerinde öwrenmek babatda türkmen toparynyň degişli wekillerine birnäçe tabşyryklary berdi .

Soňra milli Liderimiz Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň medeniýet, ylym we bilim babatda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin oňyn däplere eýedigini we bu ugurlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösldürmekde möhüm ähmiýetiniň bardygygyny belledi. Medeni-gumanitar ulgamdaky özara gatnaşyklary pugtalandyrmakda iki ýurduň doganlyk halklaryny baglanyşdyrýan taryhy däplere, ýörelgelere möhüm orun degişlidir. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda folklor, saz toparlaryny, sungat ussatlarynyň wekillerini alyşmak asylly däbe öwrüldi. Iki ýurduň ylym we medeniýet işgärleri Türkmenistanda bolşy ýaly, Gyrgyz Respublikasynda geçirilýän halkara maslahatlaryna, sergilere we beýleki çärelere işjeň gatnaşýarlar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilendigini belläp, bu döredijilik çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesi we türkmen toparynyň mähirli kabul edilendigi üçin Prezident Almazbek Atambaýewe minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistan hem öz gezeginde Gyrgyzy Respublikasynyň Medeniýet we sungat wekillerine garaşýar diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu çäreleriň döredijilik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halklarymyzyň baý ruhy we ýokary ahlak mümkinçiliklerine daýanmak arkaly biz mundan beýläk-de türkmen-gyrgyz medeni-gumanitar gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagy üçin ähli zerur şertleri dörederis diýip nygtady.

Ýokarda aýdylanlary jemlemek bilen, türkmen Lideri Gyrgyz Respublikasyna bu gezekki döwlet saparynyň, geçirilen netijeli gepleşikleriň we gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda ýene bir möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň we Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilmegine uly üns berýändigi we şahsy goşant goşýandygy üçin özüniň gyrgyz kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.

Giiňşleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanan soň, Metbugat maslahatlary zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Bu ýerde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Gyrgyz Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Bedenterbiýe we sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Döwlet bedenterbiýe we sport agentliginiň arasyndaky Ylalaşygyň çäklerinde 2016-2017-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak baradaky Teswirnama; Medeniýet babatda 2016-2017-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet, maglumatlar we syýahatçylyk ministrliginiň arasyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak baradaky Teswirnama;
Türkmenistanyň Ahal welaýaty bilen Gyrgyz Respublikasynyň Batken oblastynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga;
Türkmenistanyň Balkan welaýaty bilen Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-Kul oblastynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Gyrgyz Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Döwlet hasaba alyş gullugynyň ýanyndaky Arhiw agentliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga; Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Oba hojalyk we meliorasiýa ministrliginiň arasynda oba hojalygy babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligir bilen Gyrgyz Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi blen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2016-2017-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Ýokary hünärli ylmy we ylmy-mugallymçylyk işgärlerini synagdan geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga; Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga; Bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga; Aşgabat şäherinde 2014-nji ýylyň 11-nji noýabrynda gol çekilen, Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda Dostluk, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Şertnamanyň tassyklaýyş resminamalaryny alyşmak baradaky Tewsirnama gol çekilýär.

Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýýarlar.

Gyrgyzystanyň Prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň bu gezekki döwlet saparynyň täze many-mazmuna eýe bolandygyny aýtdy.

Gepleşikleriň netijeleri barada aýtmak bilen, Gyrgyzystanyň Prezidenti ýokary derejede geçirilen duşuşygyň däp bolan dostlukly ýagdaýda geçendigine we onuň döwletara gatnaşyklaryyň ösüşinde täze tapgyry emele getirendigini nygtady.

Gyrgyz lideriniň belleýşi ýaly, gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar toplumy duşuşygyň netijeli bolandygyny we taraplaryň gazanylan ylalaşyklary anyk işler bilen durmuşa geçirmäge meýillidigini alamatlandyrýar.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Almazbek Atambaýew giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli wekillere Yssyk-Kul oblastynyň gözel künjekleriniň birinde bäş ýyldyzly myhmanhananyň gurluşygy boýunça taslamany durmuşa geçirmek boýunça ýörite tabşyryklary berendigini belledi. Munuň özi taraplaryň anyk işleri ýerine ýetirmäge girişýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, Gyrgyzystanyň baştutany nygtady.

Gyrgyz we türkmen halklaryny taryhy kökleriň we däp-dessurlaryň umumylygy baglanyşdyrýar diýip bellmek bilen, Prezident Almazbek Atambaýew Gyrgyzystanyň Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berýän goldawyny hemişe duýýandygyny aýtdy.

Gatnaşyklaryň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine iki ýurduň gyzyklanma bildirýändigi barada aýtmak bilen, gyrgyz lideri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Gyrgyzystana guran döwlet sapary üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy.

Gyrgyz Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna guraljak halkara möçberindäki dabaralara gatnaşmak üçin şu ýylyň dekabrynda uly höwes bilen Aşgabada barjakdygyny aýtdy we türkmen Lideriniň çakylygy boýunça indiki ýyl biziň ýurdumyza resmi sapary gurajakdygyny nygtady.

Gyrgyzystanyň Prezidenti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalaryna gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygy üçin ýene bir ýola hoşallyk bildirip, belent mertebeli türkmen myhmanyna söz berdi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, döwlet Baştutanymyz taraplaryň döletara gatnaşyklaryny uzakmöhletleýin esasda ösdürmäge ygrarlydygyny alamatlandyran gepleşikleriň netijelili häsiýete eýe bolandygyny nygtady.

Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň ugruna seredildi diýip, bellemek bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň halkara gün tertibiniň parahatçylygy, howpsuzlygy sebitleýin hem-de ählumumy möçberde pugtalandyrmak, BMG-niň, ÝHHG-niň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, terrorçylyga, ekstremizme, neşeleriň bikanun dolanyşygyna we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek ýaly möhüm meseleler babatda garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini nygtady.

Energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek babatda tagallalar bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekmek bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan iri düzümleýin taslamalaryň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. Olaryň hatarynda Türkmenistany, Özbegistany, Täjigistany, Gyrgyzystany we Hytaýy birleşdirjek gaz geçirijisiniň gurluşygyny görkezmek bolar.

Türkmenistan geografiki taýdan amatly ýerleşmek bilen, sebitleýin we halkara ulag-aragatnaşyk düzümini döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirýär we Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegine işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda biziň ýurumyzyň BMG-ngiň Baş Assambleýanyň kabul eden degişli Rezolýusiýasyny öňe sürendigini bellemeli.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerine degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň işiniň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. Mälim bolşy ýaly, onuň ilkinji mejlisi Aşgabatda geçirildi. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň okgunly ösüşi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz onuň soňky ýyllarda durnukly ösüşe eýe bolandygyny we onuň iki ýurduň işewür toparlarynyň we telekeçileriniň arasynda özara peýdaly gatnaşyklary pugtalandyrmakda, maýa goýum işini höweslendirmekde ähmiýetlidigini nygtady.

Döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolan medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyň meseleleri barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz sebit boýunça goňşy bolan türkmen we gyrgyz halklaryny bu ulgamdaky däp bolan özara gatnaşyklaryň esasyny düzýän taryhy – medeni gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny belledi. Şunuň bilen bagyllykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taraplaryň iki ýurduň döredijilik toparlarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin zerur şertleri döretmäge taýýardygyny kanagatlanma bilen nygtady. Türkmenistanyň Gyrgyzystanda geçirilen Medeniýet günlerini hyzmatdaşlygyň oňyn ugry hökmünde mysal getirmek bilen, milli Liderimiz Gyrgyz Respublikasynyň biziň ýurdumyzdaky Medeniet günleriniň üstünlikli geçiriljekdigini ynam bildirdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bilim, ylym we ýokary tehnologiýalar, şol sanda kosmos tehnlogiýalary ugry boýunça özara gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Gepleşikleriň gün tertibinde syýahatlyylk we sport babatdaky hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygy möhüm meseleleriň hatarynda durýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz sport ulgamynda alyşmalary we bu ugurda özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmagyň wajypdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz geçirilien gepleşikleriň netijeleri barada aýtmak bilen, onuň jemleri boýunça türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary babatda ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekilendigini kanagatlanmak bilen belledi.

Mälim bolşly ýaly, şu ýyl Türkmenistan hemişelik bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygyny belleýär. Bu şanly waka mynasyebtli dabaraly çäreler, şol sanda 12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara maslahaty geçiriler. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň biziň ýurdumyzyň bitaraplyk derejesine goldaw berendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Gyrgyz Respublikasy hem BMG-niň Baş Assambleýanyň degişli ýörte Rezolýusiýasynyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Şu ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen milletler Guramasy Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy baradaky ikinji Rezolýusiýany kabul etdi. Munuň özi biziň ýurdumyzyň halkara-hukuk derejesini dünýä bileleşiginiň goldaýandygyny aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Gyrgyzystanyň baştutanyny Aşgabatda geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga ýene bir gezek çagyrdy.

Döwlet baştutanymyz çykyşynyň ahyrynda ikitkraplaýyn gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandy üçin gyrgyz kärdeşine minnetdarlyk bildirdi we Prezident Almazbek Atambaýewe jogapkärli döwlet işinde uly üstünlik, Gyrgyzystanyň doganlyk halkyna bolsa bagt we rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň hormatyna Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidentiniň adyndan resmi günortanlyk naharynda iki döwletiň Liderleri söz sözlediler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyzystana döwlet sapary dowam edýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter