Lebap welaýatynyň edermen pagtaçylaryna, ýygymçylaryna, mehanizatorlaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine | TDH
Syýasat habarlary

Lebap welaýatynyň edermen pagtaçylaryna, ýygymçylaryna, mehanizatorlaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine

опубликованно 08.11.2019 // 153 - просмотров
 

Gadyrly Lebap welaýatynyň «ak altyn» ussatlary!
Edermen pagtaçylar!

Sizi «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýunyň öňüsyrasynda sahawatly türkmen topragyndan welaýat boýunça «ak altynyň» 295 müň tonnadan gowragyny öndürip, bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnamaňyzy üstünlikli berjaý edendigiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan asylly işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Bol pagta hasylyny ösdürip ýetişdirmekde welaýatyň edermen kärendeçileriniň, hususy pagta öndürijileriniň, kämil tehnikalara başarjaňlyk bilen erk edýän mehanizatorlaryň, suw hojalyk işgärleriniň, oba hojalygyny, onuň pagtaçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda iş alyp barýan adamlaryň agzybir we tutanýerli zähmet çekmekleri netijesinde, welaýatda pagta hasylyny taýýarlamak boýunça uly zähmet ýeňşi gazanyldy. Welaýatda «ak altynyň» bol hasylyny öndürmekde etraplaryň pagtaçylyk hojalyklarynyň hem-de öňdebaryjy hasyl ussatlarynyň her biri ajaýyp zähmet üstünliklerini gazanyp, özleriniň mynasyp goşantlaryny goşdular. Welaýatyň pagta hasylyny öndürmekde şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda abraý bilen ýerine ýetiren Darganata, Saýat we Halaç etraplarynyň pagtaçy babadaýhanlarynyň çeken yhlasly we netijeli zähmeti aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Hormatly pagtaçylar!

Eziz Diýarymyzda ene topraga yhlasly zähmetini siňdirip, bol hasyl öndürýän babadaýhanlarymyza öndürijilikli işlemäge, ýokary hasyl alyp, bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşamaga döwletimiz tarapyndan ähli zerur bolan şertler döredilýär. Munuň şeýledigine ekin meýdanlaryny işläp bejermekde, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almakda daýhanyň daýanjy bolan kämil oba hojalyk tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy, topragyň berekedini artdyrýan, hasyllylygyny ýokarlandyrýan mineral dökünler bilen daýhanlaryň doly üpjün edilmegi, suwaryş ýaplaryny we zeýkeş ulgamlaryny, täze howdanlary gurup, suw bilen üpjün etmekde, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakda ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işler hem şaýatlyk edýär. Oba ilaty üçin oba ýerlerinde dünýä standartlaryna laýyk gelýän saglyk öýleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, durmuş hyzmaty merkezleriniň, medeni-dynç alyş desgalarynyň gurulmagy bolsa, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak bilen birlikde, öndürijilikli zähmet çekmäge hem-de oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny öndürmekde ýokary netijeleri gazanmaga uly itergi berýär.

Merdana oba zähmetkeşleri!

Döwletimiz tarapyndan oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýeňillikleriň berilmegi, öňdebaryjy kärendeçileriň we hususy önüm öndürijileriň, ussat daýhanlaryň zähmetine ýokary baha berilmegi ýurdumyzda daýhan zähmetine belent sarpa goýulýandygynyň nyşanydyr. Gadymdan gelýän daýhançylyk däplerini häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen sazlaşykly utgaşdyryp, ýokary hasyl almagy başarýan ussat babadaýhanlarymyza öndürijilikli çekýän zähmetiniň hözirini görüp, bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamak, ýaş, başarjaň daýhan neslini terbiýeläp ýetişdirmek üçin ýurdumyzda geljekde-de ähli zerur şertler dörediler.

Oba zähmetkeşleri özleri barada döwletimiz tarapyndan edilýän bu aladalary, yzygiderli berilýän hemaýat-goldawlary duýup, joşgunly, ruhubelent zähmet çekýärler.

Güneşli Diýarymyzda ata-babalarymyzyň daýhançylyk däpleri halkymyzyň durmuşynda we aňynda mynasyp orny eýeläp, yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Siziň yhlasly, ruhubelent, halal zähmet çekip, öndürýän bereketli hasylyňyz halkymyzyň baýlygydyr, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygynyň we bolçulygynyň girewidir. Bu üstünlikler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň batly gadamlaryndan barha kuwwatlanýan döwletimiziň asudalygynyň, abadançylygynyň we baky berkararlygynyň kepilidir.

Gadyrly hasyl ussatlary!
Edermen pagtaçylar!

Sizi Lebap welaýatynda «ak altynyň» bol hasylyny öndürmekde gazanan bu ajaýyp zähmet ýeňşiňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Goý, eziz Diýarymyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmek ugrunda alyp barýan möhüm ähmiýetli işleriňiz, çekýän halal zähmetiňiz siziň her biriňize egsilmez bagt we rysgal-bereket, ata Watanymyza bolsa, mundan beýläk-de şan-şöhrat getirsin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter