Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugatyň öňündäki çykyşy | TDH
Syýasat habarlary

Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugatyň öňündäki çykyşy

опубликованно 05.08.2015 // 885 - просмотров
 

Men öňi bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyzystana bolan döwlet saparynyň täze many - mazmuna eýe bolandygyny bellemek isleýärin. Dostlukly we birek-birege düşünişmek esasynda ýokary derejede geçirilen gepleşikler örän netijeli boldy. Munuň özi döwletara gatnaşyklarynyň ösüşinde täze tapgyry emele getirdi.

Şeýle hem ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumy duşuşygyň netijeli bolandygyny we taraplaryň gazanylan ylalaşyklary anyk işleri bilen adurmuşa geçirmäge bolan gyzyklanmalaryny alamatlandyrdy.

Mälim bolşy ýaly, gyrgyz we türkmen halklaryny taryhy kökleriň, däp-dessurlaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Türkmenistanyň biziň ýurdumyza özara bähbitli hyzmatdaşylgy ösdürmek ugrunda berýän goldawyny aýratyn bellemek isleýärin. Gatnaşyklaryň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn we täzeçil usulda ösdürilmegine iki ýurduň meýillidigi bizi has-da begendirýär. Şu ýerde pursatdan peýdalanyp men Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Gyrgyzystana döwlet sapary bilen gelmäge iberen çakylygymyzy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýdaryn.

Şeýle hem men Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna guraljak halkara derejesindäki dabaralara gatnaşmaga çakylygy höwes bilen kabul edýärin we şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabada bararyn. Şeýle hem men türkmen Lideriniň çakylygy boýunça indiki ýylda Türkmenistana resmi sapar bilen barmagy meýilleşdirýärin. Sözümiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalaryna geplenşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygy üçsin ýene bir gezek hoşallyk bildirýärin. Indi bolsa belent mertebeli türkmen myhmanyna söz berýärin.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter