Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna resmi sapary | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna resmi sapary

опубликованно 07.11.2019 // 279 - просмотров
 

Düýn resmi sapar bilen Italiýa Respublikasyna gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Italiýanyň Premýer-ministri Juzeppe Konte, şeýle hem bu ýurduň Prezidenti Serjio Mattarella bilen gepleşikler geçirdi.

Ýokary derejede geçirilýän bu duşuşyklarda däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklary has-da berkitmek, köpugurly mümkinçiliklere eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda möhüm ähmiýet berilýär. Ýewropa ugry Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiziň Italiýa şu sapary biziň ýurdumyza uly gyzyklanma bildirýän Ýewropa döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ilerletmegiň maksatlaryna kybap gelýär.

Şunuň bilen baglylykda, düýn Milanda bilelikdäki işewürler maslahatynyň geçirilendigini bellemek gerek. Bu maslahat italýan işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda ornuny giňeltmäge, şol sanda iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmak arkaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ymtylýandygyny aýdyň görkezdi. Maslahatyň jemleri boýunça gol çekilen resminamalar Türkmenistanyň we Italiýanyň giň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ugur edinýändigine şaýatlyk edýär. Şol resminamalarda dürli ugurlarda netijeli işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça gazanylan ylalaşyklar berkidildi.

Şu gün irden milli Liderimiziň sapar wagty kabulhanasy ýerleşen «Rome Cavalieri» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýanyň iri işewürliginiň wekilleri bilen duşuşdy. Ýewropada we dünýäde giňden ýaýran iş ertirligi görnüşinde geçirilen işewürler duşuşygyna «Danieli», «ENI», «Leonardo S.p.A», «Maire Tecnimont», «Valvitalia», «Thales Alenia Space», «Bonatti», «SACE», «Pietro Fiorentini» ýaly dünýäde meşhur kompaniýalaryň we beýlekileriň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Saparyň maksatnamasynda bellenilen çäreleriň köpdügine garamazdan, duşuşmaga wagt tapandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu ýere ýygnananlaryň adyndan çuňňur hoşallyk beýan edildi. Bellenilişi ýaly, bu ýere ýygnanan kompaniýalaryň wekilleri üçin türkmen Liderini Italiýada garşylamak uly hormat bolup durýar. Şunda bu duşuşygyň ykdysady ulgamda iki ýurduň gatnaşyklaryny giňeltmäge uly itergi berip, olary hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirildi.

Döwlet Baştutanymyz işewürleriň her biri bilen aýratyn görüşdi, olaryň her haýsysy pursatdan peýdalanyp, öz kompaniýalarynyň mümkinçilikleri bilen gysgaça tanyşdyrdylar hem-de Türkmenistanda işläp, hödürläp biljek hyzmatlaryny häsiýetlendirdiler. Şeýlelikde, «interaktiw ýagdaýda» diýen ýaly geçirilen gepleşikleriň barşynda mümkin bolan özara gatnaşyklaryň meselelerini giňden ara alyp maslahatlaşmak üçin mowzuklar aýdyň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söhbetdeşligi dowam edip, Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýän italýan işewür toparlarynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga şatdygyny belledi. Biziň ýurdumyz Italiýa bilen giň, köpugurly, özara bähbitli söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny ýola goýmak, olara uzak möhletleýin häsiýeti bermek ugrunda çykyş edýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda Türkmenistanda geçirilýän iri möçberli özgertmeleriň, ozaly bilen, ýurdumyza ösüşiň durnukly ýokary depginlerini üpjün eden ykdysadyýeti ösdürmek boýunça özgertmeleriň many-mazmunyny düşündirdi. Bu ýagdaý, şeýle hem baý tebigy serişdeleriň, amatly çäk ýagdaýynyň bolmagy hem-de yzygiderli amala aşyrylýan «Açyk gapylar» syýasaty maýalary peýdaly goýmak üçin uly mümkinçilikleriň bolmagyny şertlendirýär. Bu syýasat, uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, milli ykdysadyýeti ösdürmäge täze itergi berýär, şunuň bilen baglylykda, döwletimize daşary ýurt maýalarynyň çekilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, senagat jemgyýetini döretmek, çig mal nusgaly milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan maksady bolup durýar. Munuň özi ýokary tehnologiýaly, ylmy işleri talap edýän önümçilikleriň, ýokary goşulan bahaly önümleri çykarýan döwrebap kärhanalaryň gurulmagyny göz öňünde tutýar.

Şunuň bilen birlikde, täze pudaklary döretmegiň hem-de bar bolan pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna ykdysadyýeti düzümleýin we çäk nukdaýnazardan ösdürmek işi amala aşyrylýar. Hususan-da, himiýa, dokma senagaty, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, gurluşyk serişdelerini öndürmek ýaly ugurlarda uly netijeler gazanyldy.

Dokma senagatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň mümkinçilikleri barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz häzir Türkmenistanda pudagyň ençeme kärhanalarynyň «Marzoli» we «Sawio» ýaly italýan kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edilendigini aýratyn belledi.

Türkmenistan pagta öndürýän ýurt bolmak bilen, dünýä derejesindäki dokma önümlerini öndürmek üçin, bu çig malyny doly gaýtadan işlemegi ugur edinýär diýip, milli Liderimiz italýan kompaniýalaryny ýokary hilli önümleri bilelikde öndürmek babatda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.

Döwrebap ulag we logistika düzümini döretmek, ýurdumyzy «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» ugurlary boýunça ulag ýollarynda merkezleriň birine öwürmek — üçünji strategik maksat bolup, ol yzygiderli amala aşyrylýar. Bu strategiýanyň derwaýyslygy Türkmenistanyň täze daşary bazarlara işjeň çykmagy, Ýewropada we Aziýada hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmegi bilen hem şertlendirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetika meselesi barada durup geçmek bilen, ýurdumyzyň ägirt uly nebitgaz gorlaryna eýe bolup, gazy gaýtadan işlemek, daşary bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri öndürmek boýunça milli pudagy döretmäge girişendigini aýtdy. Türkmenistandan gözbaş alýan energetika akymlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, esasy turbageçirijileri gurmak, şol sanda günbatar ugurda gurmak ileri tutulýan wezipe bolmagynda galýar.

Döwlet Baştutanymyz Italiýa bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada aýdyp, häzir türkmen-italýan söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine we däplerine daýanmak bilen, yzygiderli ösýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Şeýlelikde, hökümet we pudagara derejelerde, işewürlik düzümleriniň ugry boýunça özara saparlar yzygiderli amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Milanda geçirilen «EXPO — 2015» Bütindünýä sergisine, Bolonýada geçirilen «EIMA — 2016» oba hojalyk we bagbançylyk üçin tehnikalaryň halkara sergisine gatnaşmagy, şeýle hem 2018-nji ýylda Rimde we Aşgabatda bilelikdäki işewürler maslahatlarynyň geçirilmegi aýdyň wakalar boldy.

Häzir italýan kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda, aragatnaşyk ulgamynda, myhmanhana işewürligi, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek ýaly ugurlarda taslamalary amala aşyrýarlar. Milli Liderimiz muňa mysal hökmünde ýurdumyzda 2008-nji ýyldan bäri işleýän «ENI» nebit kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy görkezdi. Mundan başga-da, italýan kompaniýalary Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynyň kärhanalaryna hyzmatlaryny hödürleýär.

Döwlet Baştutanymyz italýan işewür toparlarynyň wekilleri bilen gazanylan özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesini belläp, işewürlere geljekde hem zerur bolan goldawyň beriljekdigine ynandyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanlary we maglumatlary mysal getirdi. Şeýlelikde, şu ýylyň sekiz aýynda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda Italiýa 3-nji orny eýeledi. Bu bolsa örän oňat görkezijidir. Şonuň bilen birlikde, hyzmatdaşlyga hil taýdan täze mazmun bermek üçin anyk çäreleri görmeli bolup durýar. Gürrüň diňe söwdanyň möçberini artdyrmak däl-de, eýsem, senagatda, ýokary tehnologiýalar, informatika, obasenagat toplumy ýaly ugurlarda gatnaşyklary giňeltmek barada hem barýar.

Döwlet Baştutanymyz energetika we ulag ulgamlaryny türkmen-italýan ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary hökmünde aýratyn görkezdi. Häzirki wagtda Türkmenistan, hyzmatdaşlary bilen bilelikde, ulag-üstaşyr we logistika düzüminiň köpugurly ulgamyny döredýär. Munuň özi Aziýadan Ýewropa ulag-üstaşyr ýollaryň köpugurly ulgamyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Hazar we Ortaýer deňizlerini baglanyşdyrýan geçelge şol ulgamyň möhüm halkasyna öwrülmelidir.

Şunda Türkmenistan Italiýany esasy hyzmatdaşlaryň biri hasaplaýar diýip, döwlet Baştutanymyz bilelikdäki işleriň bu ugrunyň ýurdumyzda ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda iri milli taslamalaryň, şol sanda Hazarda kenar düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamanyň amala aşyrylmagy bilen baglylykda aýratyn derwaýys bolup durýandygyny belledi.

Hususan-da, geçen ýyl Hazaryň kenarynda Türkmenbaşy deňiz portunyň gurluşygy tamamlandy. Häzir bu kuwwatly, döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilen köpugurly terminal «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» ugurlary boýunça yklym ähmiýetli iri ulag merkezleriniň biri bolup durýar. Onuň logistika mümkinçiliklerini ulanmak Merkezi Aziýa we Hazar sebitlerinde ornuny giňeltmegi we berkitmegi maksat edinýän italýan işewür toparlary üçin özüne çekiji bolup durýar.

Biziň ýurdumyz kenarýaka düzümini ösdürmek bilen birlikde, öz söwda deňiz flotunyň hem üstüni yzygiderli ýetirip, täzeläp durýar. Türkmenbaşy şäherinde port desgalary bilen bir hatarda, gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody guruldy. Gämi gurluşygynda Italiýanyň toplan tejribesini nazara almak bilen, bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkin bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýdyp, halkara hyzmatdaşlarynyň we iri maliýe düzümleriniň goldawyna eýe bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijini gurmagyň taslamasy barada aýratyn durup geçdi. Bu taslamanyň uly geljegi bolup, aslyýetinde, Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde, Ýakyn we Orta Gündogarda ösýän bazarlara çykmak bilen, energiýa akymlarynyň täze strategik ugruny açýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Türkmenistan ykdysadyýetiniň esasy ugurlaryndan başga-da, ýokary tehnologiýaly ulgamlaryny — aragatnaşyk, telekommunikasiýalar, informatika ýaly ulgamlaryny işjeň ösdürýär. Şunda özara bähbitli we netijeli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler açylýar.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň hem geljeginiň uludygyny belledi. Ýurdumyzda Hazar deňziniň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy döredilip, ol halkara derejeli myhmanhanalaryň hem-de dynç almagyň ugurdaş düzümini öz içine alýar. Italiýa syýahatçylyk ulgamynda dünýäniň öňdebaryjylarynyň biridir, şonuň üçin biz ýurdumyzda döwrebap syýahatçylyk pudagynyň işini uzak möhletleýin esasda ýola goýmak üçin italýan hünärmenleriniň çekilmegine hem gyzyklanma bildirýäris diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy jemi içerki önümiň möçberinde hususy eýeçilikdäki kärhanalaryň paýyny tapgyrma-tapgyr artdyrmagy göz öňünde tutýar. 2008-nji ýylda döredilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bu gün kuwwatly işewürler birleşigi bolmak bilen, ol milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň birnäçesinde işleri amala aşyryp, ýurdumyzyň jemgyýetçilik we syýasy durmuşyna işjeň gatnaşýar.

Döwlet Baştutanymyz bu barada aýdyp, düýn Milanda geçirilen türkmen-italýan işewürler maslahatynyň netijeli geçendigini, onuň jemleri boýunça ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda resminamalaryň 20-den gowragyna gol çekilendigini kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, ol ýa-da beýleki taslamalara gatnaşmak mümkinçiliklerini öwrenmek üçin işewürlik alyşmalaryny has-da giňeltmek, telekeçileriň saparlaryny guramak möhüm bolup durýar.

Umuman, şu günki duşuşyk hyzmatdaşlygyň depginini artdyryp, onuň täze ugurlaryny we geljegini açmalydyr diýip, milli Liderimiz munuň üçin ähli şertleriň — iki döwletiň ýolbaşçylarynyň syýasy erk-isleginiň, ykdysady kuwwatyň, ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň bardygyny belledi.

Dostlukly gatnaşyklar, ykdysadyýet, söwda, maýa goýumlary ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň we Italiýanyň uzak möhletleýin bähbitlerine kybap gelýär. Biz giň we köpugurly gatnaşyklara taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny jemledi.

«SACE» kompaniýasynyň prezidenti Benýamino Kwintýeri öz çykyşynda belent mertebeli myhmana ýüzlenip, bu ýere ýygnananlaryň adyndan türkmen Liderine duşuşmaga hem-de hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga wagt tapandygy üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

Ol Italiýanyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanýandygyny belläp, «SACE» döwlet eksport-karz agentliginiň türkmen bazarynda işlemäge isleg bildirýän kompaniýalara we kärhanalara, şol sanda kiçi we orta işewürligiň wekillerine zerur bolan goldawy bermäge taýýardygyny tassyklady. Gürrüň maliýe we maslahat beriş hyzmatlarynyň giň toparyny, şol sanda eksport karzlaryny ätiýaçlandyrmak we maýa goýumlaryny goramak boýunça hyzmatlaryň berilmegi dogrusynda barýar.

Jenap Kwintýeriniň belleýşi ýaly, düýn Milanda üstünlikli geçirilen işewürler maslahaty söwda, senagat we ykdysady ulgamlarda iki ýurduň gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyň görkezdi. Hususan-da, «SACE» kompaniýasynyň ýardam etmeginde dokma senagaty we demir ýol pudagy ulgamlarynda ýöriteleşdirilen italýan kompaniýalarynyň ikisi türkmen hyzmatdaşlary bilen degişli şertnamalara gol çekdiler.

«SACE» agentligi barada aýdylanda bolsa, ol eýýäm köp ýyl bäri Türkmenistanda netijeli işleýär, aýratyn-da, nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk edýär. Muňa mysal hökmünde, TOPH gaz geçirijisini gurmagyň hem-de «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň, şeýle hem nebithimiýa ulgamynda amala aşyrylýan taslamalary görkezmek bolar.

«SACE» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda italýan işewürlerine berilýän üns we goldaw üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýdyp, bu hyzmatdaşlygyň özara bähbitleriň hatyrasyna berkejekdigine we ösjekdigine ynam bildirdi.

«ENI» kompaniýasynyň gazyp almak boýunça baş direktory Alessandro Puliti öz nobatynda 10 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanda üstünlikli işleýändigi barada gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, önümleri paýlaşmak hakynda ylalaşyk baglaşmak bilen «Eni Turkmenistan Limited» şereketi ýurduň günbatarynda ýerleşen «Nebitdag» şertnamalaýyn çäkde uglewodorodlary gözlemek we çykarmak işlerini amala aşyrýar. Kompaniýa öz işinde dowamly wagt ulanyşda bolan nebitiň we gazyň täze ýataklaryny ýüze çykarmaga, çig malyň çykarylýan möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýän, şeýle hem daşky gurşaw üçin nebitgaz boýunça taslamalaryň howpsuzlygyny üpjün edýän täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berýär, muňa bolsa Türkmenistanda aýratyn talap bildirilýär.

«ENI» «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek bilen, önümçilik işi bilen bir hatarda, dürli durmuş taslamalaryny amala aşyryp, adam maýasyny ösdürmäge, işgärleriň hünär taýdan taýýarlanylmagyna maýa goýýar. Mysal üçin, Aşgabatda okuw merkezi döredilip, onda menejerleri we tehniki işgärleri taýýarlamak we okatmak işlerini geçirýärler. Kompaniýanyň iş birliginde işgärleriň müňden gowragy bolup, olar, esasan, türkmenistanlylardyr.

«ENI» kompaniýasynyň wekili şereketiň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmegi göz öňünde tutýandygyny aýdyp, bu gyzyklanmanyň Türkmenistanyň ägirt uly energetika serişdeleriniň bolmagy, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu günki duşuşygyň barşynda belleýşi ýaly, nebitgaz pudagyny has-da ösdürmek boýunça giň gerimli meýilnamalar bilen şertlendirilendir diýip nygtady.

Ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň toplumlaýyn maksatnamasy, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň eksport ugurlaryny artdyrmak, döwrebap düzümi döretmek — bularyň hemmesi hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açýar. Bular barada aýtmak bilen, jenap Puliti «ENI» kompaniýasynyň bar bolan mümkinçilikleri hemmetaraplaýyn öwrenmegi hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin degişli teklipleri taýýarlamagy göz öňünde tutýandygyny belledi.

Soňra çykyş eden «Leonardo S.p.A.» kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Alessandro Profumo hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada duşuşyga gatnaşyjylara aýdyň düşünje almaga mümkinçilik beren söhbetdeşlik üçin hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, «Leonardo S.p.A.» kompaniýasy Italiýada iri maşyngurluşyk holdingleriň biri bolup, onuň kärhanalary dikuçarlary, uçarlary, täze döwrüň uçarmansyz uçýan enjamlaryny, awiasiýa we kosmos ulgamlaryny, elektronikany, howpsuzlyk hem-de maglumatlary goraýyş ulgamyny öndürýär.

Siziň bizi gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bolup durýandygymyza göz ýetirmegiňizi isleýäris diýip, jenap Profumo «Leonardo S.p.A.» kompaniýasynyň munuň üçin ähli tagallalary etjekdigini, türkmen Lideriniň şu günki duşuşygyň barşynda aýdanlaryny nazara aljakdygyny belledi.

Hususan-da, şu gün ara alnyp maslahatlaşylan geljegi uly taslamalaryň hatarynda obasenagat we suw hojalyklarynda kosmos ulgamlaryny we tehnologiýalary peýdalanmak, şol sanda ýerasty suw serişdeleriniň, şeýle hem gazylyp alynýan minerallaryň ýataklaryny ýüze çykarmak üçin peýdalanmak bilen bagly taslamalar boldy. Biziň kompaniýamyz degişli maksatnamalary Türkmenistanyň ugurdaş kärhanalaryna uly höwes bilen hödürläp biler diýip, «Leonardo S.p.A.» kompaniýasynyň ýolbaşçysy belledi.

Bilelikdäki işleriň mümkin bolan ýene-de bir wajyp ugry — aýratyn möhüm desgalaryň, şol sanda nebitgaz senagatyndaky desgalaryň howpsuzlyk ulgamlaryny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak bolup durýar diýip, Profumo biziň ýurdumyz bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna umyt edýändigini aýtdy.

«Maire Tecnimont» kompaniýalar toparynyň baş ýerine ýetiriji direktory Pýerroberto Folgiýeronyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdy senagatlaşdyrmak boýunça beýan eden meýilnamalary onda aýratyn täsir galdyrdy.

Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär hem-de ony öndüriji iri döwletleriň biri bolup durýar. Çäk artykmaçlyklaryny peýdalanmak bilen, ol tebigy serişdeleriň gaýtadan işleýän dünýäniň möhüm merkezi bolup biler. Italiýa döwrebap tehnologiýalara ösen maliýe we ätiýaçlandyryş ulgamyna eýe bolmak bilen, bu ugurda Ýaponiýanyň we Koreýa Respublikasynyň kompaniýalary bilen bäsleşmäge taýýardyr.

«Maire Tecnimont» kompaniýasynyň ýolbaşçysy sözüni dowam edip, bilelikdäki taslamalaryň, hususan-da, metanol we beýleki gazhimiýa önümlerini öndürmek babatda taslamalaryň amala aşyrylmagyna gyzyklanmanyň bardygyny aýtdy. Jenap Folgiýeronyň nygtaýşy ýaly, gürrüň Hazar sebitinde kemala gelýän «Balkan» senagat toparynyň ösüşi barada barýar. Mälim bolşy ýaly, bu ýerde polietileniň we polipropileniň önümçiligine ýöriteleşdirilen Gyýanlydaky polimer zawody, şeýle hem Garabogazdaky karbamid zawody ulanmaga berildi.

Şunda bellenilişi ýaly, kompaniýanyň syýasaty ýerli hünärmenleriň we potratçy kärhanalaryň, şol sanda hususy ulgamyň giňden çekilmegine esaslanýar. Hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýlelikde, işewürlik we açyk söhbetdeşlik ýagdaýynda geçen ertirligiň barşynda ýangyç-energetika pudagynda, söwda-ykdysady ulgamda, himiýa, awiasiýa we aerokosmos senagatynda, ulag ulgamynda, oba we suw hojalygynda, gurluşyk senagatynda we beýleki ugurlarda işewür gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri we ugurlary barada pikir alşyldy.

Söhbetdeşlik şol bir wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeleriniň jemlenmesine hem-de şol hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlaryny we usullaryny, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak we önümçilikleri gurmak üçin täze teklipleriň we gyzykly pikirleriň, özara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usullaryny ara alyp maslahatlaşmagyň jemlenmesine öwrüldi, bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem aýtdy.

Duşuşykda türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň ylmy-tehnologik ugruna aýratyn üns berildi. Gürrüň diňe öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ýokary takyk enjamlary, täze elektron serişdelerini we programma ulgamlaryny satyn almak hakynda bolman, eýsem, bilelikdäki amaly barlaglary geçirmek, iki tarapyň hem bähbidine kybap gelýän tehnologik, inženerçilik işlerine ylmy taýdan goşulmak hakynda bardy.

Gepleşiklere gatnaşyjylaryň pikirine görä, şunuň ýaly hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryna oňyn itergi berer.

Duşuşygyň ahyrynda iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljekde hem berkejekdigine we ösdüriljekdigine özara ynam bildirildi.

Günüň birinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň resmi kabulhanasyna — «Kiji» köşgüne bardy. Bu ýerde, köşgüň meýdançasynda belent mertebeli myhmanyň resmi sapary mynasybetli Hormat garawuly nyzama düzüldi. Milli Liderimizi Italiýanyň Hökümetiniň Başlygy mähirli garşylady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Juzeppe Konte dostlarça salamlaşyp, ýörite niýetlenen ýere geçýärler.

Türkmenistanyň we Italiýa Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Türkmen döwletiniň Baştutany we Italiýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy Hormat garawulynyň öňünden geçýärler.

Premýer-ministr Juzeppe Konte we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikde surata düşenlerinden soň, biri-birini iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşdyrýarlar.

Soňra «Kiji» köşgünde türkmen-italýan gepleşikleri geçirildi.

Premýer-ministr Juzeppe Konte hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli mübärekläp hem-de Italiýa resmi sapar bilen gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Bellenilişi ýaly, şu günki duşuşyk dürli ugurlarda, şol sanda işewürler bileleşikleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilik döredýär. Bu barada aýtmak bilen, Italiýanyň Hökümetiniň Başlygy Rimde geçirilýän gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge, geljegi nazara almak bilen, onuň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Premýer-ministr Juzeppe Kontä mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda Ýewropa Bileleşiginiň ähli ýurtlary, hususan-da, Italiýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we pugtalandyrmaga aýratyn üns berýändigini belledi.

Milli Liderimiz özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanan özara bähbitli türkmen-italýan gatnaşyklarynyň oňyn ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, dürli derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýokary derejede saklamakda möhüm orun eýeleýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzirki zaman dünýä ösüşiniň möhüm meselelerini, aýratyn hem halkara we sebit derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek, häzirki zamanyň wehimlerine we howplaryna garşy durmak boýunça tagallalary birleşdirmek meseleleri boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň köp babatda gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini nygtady. Olar BMG, ÝHHG ýaly abraýly halkara guramalaryň we beýlekileriň çäklerinde netijeli gatnaşyklaryň esasyny düzýär.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady görkezijileri oňyn häsiýetlendirilýär. Ýurdumyzda italýan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ýangyç-energetika ulgamynda taslamalaryň birnäçesi üstünlikli amala aşyrylýar diýip, milli Liderimiz belledi we energetika howpsuzlygy, Ýewraziýa yklymynda alternatiw üstaşyr geçelgeleri hem-de ulag ýollaryny döretmek ýaly möhüm meseleler boýunça gatnaşyklaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny aýtdy.

Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz bu ugurda birnäçe başlangyçlar, şol sanda häzirki zaman şertlerinde Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek boýunça başlangyç bilen çykyş etdi. Bu bolsa sebit we dünýä möçberinde ösüş we abadançylyk üçin örän uly mümkinçilikleri açýar.

Türkmen topragy ençeme asyrlaryň dowamynda Ýewraziýa ýollarynyň çatrygy, medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşan ýeri bolupdyr. Şoňa görä-de, häzir, täze taryhy tapgyrda Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň mizemez gymmatlyklaryny täzeden dikeldýär. Bu bolsa giň geografik giňişlikleri birleşdirýän diňe bir ulag ulgamy hökmünde kabul edilmeýär. Bu düşünje häzir möhüm syýasy, ynsanperwer, dünýägaraýyş ölçegine eýe bolýar. Täzeden dikeldilýän Beýik Ýüpek ýoly özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerinde Gündogar bilen Günbatary, Aziýa bilen Ýewropany, şu yklymlarda ýaşaýan halklary baglanyşdyrmaga, özara düşünişmäge we açyklyga ýardam bermäge gönükdirilendir.

Dünýä derejesinde hyzmatdaşlyk etmekde hil taýdan täze ugur bolan ulag diplomatiýasy barha pugta ykrar edilýär. Şol diplomatiýany öňe sürenleriň biri BMG-niň hem-de beýleki halkara guramalaryň çäklerinde bu meseleler boýunça giňişleýin köptaraply gepleşikler ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistan boldy.

Şeýlelikde, taryhy taýdan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen ýurdumyz dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we sazlaşyklylygyna gönüden-göni täsir edýän dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýan ulag aragatnaşyk ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşýar hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen özara gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr.

Türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň özara mümkinçilikleri hakda gürrüň edilende, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini, ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň giňden ornaşdyrylmagyny, ýangyç-energetika, ulag, oba hojalygy, dokma we syýahatçylyk ulgamlarynda iri milli we halkara taslamalaryň amala aşyrylmagyny nazara almak bilen, giň mümkinçilikler açylýandygy äşgärdir.

Şunuň bilen baglylykda, 6-njy noýabrda Milanda geçirilen türkmen-italýan işewürler forumynyň uly ähmiýeti nygtalmalydyr. Geçirilýän bilelikdäki çäreleriň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine, haryt dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagyna, kompaniýalary we maýadarlar bilen işewür gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna goşmaça itergi berjekdigi ikuçsuzdyr.

Ynsanperwer we medeni ulgamda hyzmatdaşlygyň wajypdygy hakda gürrüň edilende, italýan alymlarynyň we arheologlarynyň goşandyny aýratyn bellemeli. Olar köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda arheologik gazuw-agtaryş işlerini, dünýä siwilizasiýasynyň ösüşiniň taryhy ýerleriniň we merkezleriniň ylmy barlaglaryny alyp barýarlar.

Bu sapar italiýaly hyzmatdaşlaryň türkmen tarapynyň özara bähbitli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge gyzyklanmasyny paýlaşýandygyny görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Juzeppe Konte döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmek barada pikirlerini beýan etdiler.

Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatyň käbir möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Häzirki gepleşikler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge täze itergi berer, şeýle hem Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek we höweslendirmek boýunça tagallalary birleşdirmek babatda pikir alyşmaga ýardam eder.

Italiýanyň Hökümet Baştutany netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, hyzmatdaşlyk meselelerine täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamak, häzirki zamanyň ýagdaýlaryny göz öňünde tutup, onuň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak üçin bar bolan mümkinçilikleri hem-de iki tarapyň kuwwatyny has doly ulanmagyň zerurdygy barada milli Liderimiziň pikirleri bilen doly ylalaşýandygyny bellemelidiris.

Şunda amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen hem-de uzak möhletleýin işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin şertler üpjün edilen geljegi uly türkmen bazaryna Italiýanyň işewür toparlarynyň bildirýän uly gyzyklanmasy ýene-de bir gezek tassyklanyldy. Munuň şeýle bolmagyna Türkmenistanda ykdysady we durmuş ulgamynda ýaýbaňlandyrylan ösüşlere beslenen özgertmeler, dürli pudaklarda amala aşyrylýan iri möçberli düzümleýin taslamalar gönüden-göni ýardam berýär.

Şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň, şol sanda ählumumy energetika howpsuzlygyna hem-de durnukly ulag ulgamyna, umumy abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine Italiýa Respublikasynyň degişli möhüm meseleleriň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamakda Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny we onuň başlangyçlar bilen çykyş edýän ýörelgesini Italiýa Respublikasynyň doly goldaýandygy bellenildi.

Şu günki duşuşyklar onuň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar hem-de gatnaşyk etmegiň bar bolan köpýyllyk tejribesi ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmäge, olara täze anyk mazmun bermäge hyzmat eder.

Döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini we geljegini ara alyp maslahatlaşmak babatda şu gepleşikleriň ähmiýeti uludyr. Türkmen Lideriniň Italiýa bolan iş sapary dört ýyldan gowrak wagt öň boldy, indi türkmen-italýan gatnaşyklaryna täze döredijilikli itergi bermegiň, daşary syýasatdaky gatnaşyklaryň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň hem-de medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň ösüşini üpjün etmegiň wagty ýetdi.

Iki ýurduň gatnaşyklaryny häsiýetlendirip, olaryň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, iki tarapyň hem halkara-hukuk kadalaryna ygrarlylyk esasynda alnyp barylýandygyny bellemelidiris. Munuň özi çemeleşmeleriň we olary çözmegiň ýollaryna garaýyşlaryň meňzeşdigi esasynda Türkmenistanyň we Italiýanyň ählumumy syýasatyň esasy meseleleri boýunça özara düşünişmegini şertlendirýär. Ilki bilen, bu sebit we strategik durnuklylygy üpjün etmäge, häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy göreşmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge degişlidir.

Şu meselelerde özara düşünişmek ýagdaýynyň bolmagy taraplara iri halkara düzümlerde, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynda, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynda netijeli hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistan özüniň halkara başlangyçlaryny, hususan-da, energetika howpsuzlygy meselelerindäki başlangyçlaryny dostlukly ýurduň goldaýandygyna ýokary baha berýär. Italiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen kabul eden Kararnamalarynyň altysynyň awtordaşy boldy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu gezekki sessiýasynyň barşynda Türkmenistan «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär. Türkmenistan Italiýanyň bu resminamany goldamagyna hem-de ony taýýarlamaga gatnaşmagyna umyt edip, halkara düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyr.

Türkmenistan energiýa hyzmatdaşlygy meseleleri boýunça gatnaşyklary dowam etdirmäge we işjeňleşdirmäge hemişe taýýardyr. Tebigy gazyň ýüze çykarylan gorlary boýunça ýurdumyz dünýäde dördünji orny eýeleýär. Biz ony gündogar we demirgazyk ugurlary boýunça iberýäris. Türkmenistandan Owganystanyň we Pakistanyň çäginiň üstünden Hindistana gaz geçirijiniň (TOPH) gurluşygy alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň «mawy ýangyjyň» iberilýän çägini giňeltmäge hem-de ýangyjy ugratmagyň günbatar, Ýewropa ugurlary barada düýpli gürrüň etmäge taýýardygyny nygtaýar. Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi ugry boýunça energiýa baradaky gepleşikler eýýäm birnäçe ýyldan bäri alnyp barylýar, taraplaryň energetika edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde ýörite iş toparynyň çäklerinde gepleşikleriň birnäçe tapgyry geçirildi.

Şunuň bilen baglylykda, gepleşiklerde gazanylanlary iş ýüzünde durmuşa geçirip başlamagyň zerurdygy nygtalmalydyr. Şunda Türkmenistan Italiýany energiýa meseleleri babatda biziň garaýyşlarymyzy paýlaşýan döwletleriň, Ýewropada esasy hyzmatdaşlaryň biri hasaplaýar we ysnyşykly özara bähbitli hyzmatdaşlyga umyt edýär.

Nebit ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýtmak bilen, Italiýanyň bu ulgamda işleýän iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň oňat geljeginiň bardygyny bellemelidiris. Häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki taslamalary boýunça «ENI» italýan kompaniýasy bilen gepleşikleriň alnyp barylýandygyny nygtamak zerurdyr.

Özara gatnaşyklaryň geljegi uly ulgamlarynyň ýene-de biri ulag bilen baglydyr. Aziýadan Ýewropa utgaşykly we köpugurly ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmekde şeýle hyzmatdaşlygyň strategik geljeginiň bardygyny görýäris. Hazar deňzi — Ortaýer deňzi geçelgesi onuň möhüm bölegine öwrülmelidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Bu babatda ýurdumyz Italiýa diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerinde möhüm hyzmatdaşlaryň biri hökmünde däl, eýsem, Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygymyzyň möhüm düzüm bölegi hökmünde garaýar, ol Italiýanyň «Gündogar — Günbatar» ugry boýunça sebitara ulag taslamalarynda gatnaşmagyny goldar. Türkmenistan we Italiýa ýöriteleşdirilen halkara düzümleriň, hususan-da, BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň ugry boýunça bilelikdäki işimizi işjeňleşdirip biler. Munuň özi «Ýewropa — Aziýa» özara baglanyşyk boýunça Ýewropa strategiýasyna doly laýyk gelýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenarynda döredilen iň täze port düzümine Italiýanyň işewür toparlarynyň ünsüni çekdi. Türkmenbaşy porty kuwwaty ýylda 27 million tonna çenli ýük dolanyşygyna barabar bolan döwrebap terminaldyr. Onuň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy Ýewraziýanyň günorta ugry boýunça durnukly ulag gatnawlaryny döretmek geljegini açýar. Italiýanyň gämi gurluşyk ulgamyndaky tejribesini nazara almak bilen, bize bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek üçin mümkinçilikler bar.

Italiýa söwda-ykdysady ulgamda biziň däp bolan hyzmatdaşymyzdyr diýip, milli Liderimiz belleýär. Köp ýyllaryň dowamynda ol Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň görkezijisi boýunça öňdäki ýurtlaryň hataryna girýär. Biziň ýurtlarymyzyň arasynda hyzmatdaşlygyň belli bir şertnamalaýyn-hukuk binýady döredildi, italýan kompaniýalarynyň Türkmenistanyň maýa goýum işine gatnaşmagynyň oňat tejribesi bar. Italiýanyň işewürligi ýurdumyzda nebitgaz toplumynda, dokma senagatynda amala aşyrylýan işlere gatnaşýarlar, beýleki ulgamlarda birnäçe taslamalar durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň iri senagat we düzümleýin taslamalarynyň ençemesinde öňdebaryjy italýan enjamlary üstünlikli ulanylýar.

Özara haryt dolanyşygy barada aýdylanda bolsa, bar bolan kuwwat bu görkezijileri ýokarlandyrmaga, maýa goýum işini işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýär. Iki ýurduň degişli düzümlerine bu ýagdaýy seljermek hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça degişli teklipleri bermek maksadalaýyk bolar. Türkmen-italýan Işewürler geňeşi ýa-da ykdysady meseleler boýunça bilelikdäki iş topary görnüşinde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň anyk guralyny döretmegiň wagty gelip ýetdi diýip bolar.

Häzirki döwürde Türkmenistanda ykdysadyýetiň innowasion, ýokary tehnologiýaly pudaklaryny ösdürmäge, ony sanly ülňülere geçirmäge, iň täze işläp taýýarlamalary, dolandyryş usullaryny ornaşdyrmaga üns berilýär. Ýurdumyz bu ulgamda Italiýa bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär, hyzmatdaşlarymyza ýurdumyzda täze önümçilikleri ösdürmäge gatnaşmak mümkinçiligini öwrenmegi teklip etmäge taýýardyr.

Nebitgaz ulgamyndan başga-da, oba hojalygyny, azyk önümlerini gaýtadan işlemegi, dokma senagatyny maýa goýum hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezip bolar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewürler toparlarynyň orny ýokarlanýar. Olar özara bähbitleriň giň giňişini kesgitlärler, işewür gatnaşyklary ýola goýmakda täze pikirleri hem-de hyzmatdaşlygyň usullaryny teklip ederler.

Ýakynda Milanda Italiýanyň onlarça kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen işewürler forumynda ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Kosmos ulgamy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň beýleki bir möhüm geljegi uly ugry bolup durýar. Bu babatda Türkmenistan özara bähbitli gatnaşyklara taýýardyr.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Işgärleri taýýarlamak we ylmy barlaglary geçirmek ulgamynda iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri türkmen talyplarynyň we hünärmenleriniň Italiýanyň bilim we ylym merkezlerinde okamagynyň mümkinçiligine seredilmegi örän wajypdyr.

Türkmenistanda şeýle hem italýan dilini öwrenmäge uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde italiýaly mugallymlaryň gatnaşmagynda italýan dili öwrenilýär.

Milli Liderimiziň tagallasy bilen arheologiýa, muzeý işi, etnografiýa ulgamynda bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikler bar. Italiýanyň arheologiýa mekdebi dünýädäki iň güýçli mekdepleriň biridir. Italiýanyň arheologlary Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazananyndan bäri ýurdumyzyň çäginde arheologiýa gazuw-agtaryş işlerini üstünlikli geçirýärler. Olar türkmen kärdeşleri bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygyň bahasyna ýetip bolmajak tejribesini topladylar. Italiýanyň Turin uniwersitetiniň wekilleriniň işi aýratyn gyzyklydyr. Bu iş türkmen we italýan halklarynyň hyzmatdaşlygynyň taryhynyň örän täsindigini tassyklaýar. Şol hyzmatdaşlyk bolsa öz gözbaşyny 2000 ýyldan gowrak mundan ozalky döwürden — biziň eýýamymyzdan öňki I asyrdan alyp gaýdýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Italiýanyň kontinentimizde parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine gatnaşyklaryň şöhratly däplerini dowam etdirýändiklerini bellemek örän ýakymlydyr. Häzirki döwürde örän wajyp bolan Ýewropanyň we Aziýanyň medeniýetlerini öwrenmek pikirini wagyz etmek üçin Italiýada gadymy Parfiýanyň gymmatlyklarynyň sergisini guramak mümkinçiligine seretmek teklip edildi. Munuň özi diňe bir Italiýanyň däl, eýsem, tutuş Ýewropanyň medeni durmuşynda möhüm waka bolar.

Geljek ýyl ýurdumyzyň halkynyň taryhy senäni — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara ykrarnamasynyň 25 ýyllygy belleniler. BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu çözgüdini goldan döwletleriň biri hem Italiýa Respublikasy boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Italiýanyň Hökümetiniň wekiliýetini bu waka bagyşlanyp 2020-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara maslahatyň işine hem-de baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Şunlukda, bu sapar hem-de onuň barşynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumy iki döwletiň türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin mundan beýläk-de bilelikde işlemäge taýýardygynyň görkezijisi boldy.

Ähli meseleler boýunça şu günki gazanylan ylalaşyklar Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini tassyklaýar. Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar hakyky dostluk, deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak häsiýetine eýedir. Munuň özi döwletlerimiziň we halklarymyzyň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýär we iki döwletiň ösüşiniň bähbidine hyzmat edýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Italiýanyň Premýer-ministriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Italiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawy hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Italiýa Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Italiýa Respublikasynyň Daşky gurşaw, ýeri we deňzi goramak ministrliginiň arasynda howanyň üýtgemeginiň täsiri, töwekgelçiliklere baha bermek, uýgunlaşmak we täsiri azaltmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Italiýa Respublikasynyň Bilim, uniwersitetler we barlaglar ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilýär.

Hormatly Prezidentimiziň şu resmi saparynyň çäklerinde dürli ulgamlarda türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň kadalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni ýetiren hem-de täze geljegi uly ugurlarda netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen ýene-de birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilendigi bellärliklidir.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz we Italiýanyň Premýer-ministri birek-birek bilen mähirli hoşlaşyp, döwletara gatnaşyklaryň has-da üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňra milli Liderimiz Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň resmi kabul edişlikler ýeri bolan «Kwirinale» köşgüne tarap ugrady. Köşgüň öňündäki meýdançada belent mertebeli myhmanyň gelmeginiň hormatyna Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Köşgüň merkezi girelgesiniň öňünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella mähirli garşylaýar. Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanýar.

Döwlet Baştutanlary köşge girýärler hem-de duşuşygyň geçiriljek ýerine tarap barýarlar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow italýan kärdeşini Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Öz nobatynda, Prezident Serjio Mattarella belent mertebeli myhmany Italiýanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyş edýär.

Türkmenistanyň we Italiýa Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşülenden soňra, «Arazzi di Lilla» zalynda giňişleýin düzümde ýokary derejede ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Prezident Serjio Mattarella belent mertebeli myhmany we türkmen wekiliýetiniň agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, bu saparyň hem-de häzirki gepleşikleriň netijeli, dostlukly we özara hormat goýmak häsiýetine eýe bolan däbe öwrülen türkmen-italýan gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Italiýa we Türkmenistan syýasy gatnaşyklaryň köpýyllyk oňyn tejribesine, söwda-ykdysady we medeni- ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek üçin uly kuwwata eýedir. Bu bolsa ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin oňaýly mümkinçilikleri şertlendirýär.

Taraplaryň döwrüň möhüm meseleleri boýunça özara düşünişmegiň ýokary derejesini görkezýän halkara derejede netijeli hyzmatdaşlyk edilmegi hem döwletara gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändiginiň anyk ýagdaýy bolup durýar.

Prezident Serjio Mattarella Italiýanyň Türkmenistan bilen giňden hyzmatdaşlyk etmegi ugur edinýändigini tassyklap, ikitaraplaýyn gatnaşyklar, ony hil taýdan täze sepgitlere çykarmak baradaky meselelere berýän uly ünsi hem-de başlangyçlar bilen çemeleşýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edişlik we myhmansöýerlik üçin özüniň italiýaly kärdeşine minnetdarlyk bildirip, türkmen tarapynyň Italiýa şu sapara ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm tapgyr hökmünde garaýandygyny belledi. Munuň özi ähli möhüm ulgamlarda hyzmatdaşlygymyzy ösdürmäge we işjeňleşdirmäge täze itergi bermelidir.

Türkmenistan we Italiýa sebit we umumy dünýä ösüşiniň meseleleri boýunça gatnaşyklaryň oňat tejribesini topladylar. Biziň döwletlerimiz parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meselelerinde ýakyn ýa-da meňzeş garaýyşlardan çykyş edýärler, olar ýüze çykýan halkara meseleleri parahatçylykly, syýasy ýol bilen çözmäge ygrarlydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Iri halkara guramalarda Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda ýola goýlan özara düşünişmek ýagdaýy munuň aýdyň subutnamasydyr. Biz Italiýanyň energiýa howpsuzlygy, ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça Türkmenistanyň başlangyçlaryny hemişe goldaýandygyna ýokary baha berýäris. Italýan tarapy BMG-niň möhüm edaralarynyň birnäçesiniň agzalygyna saýlanmakda Türkmenistany ençeme gezek goldady. Şeýle goldaw döwletleriň ikisine-de mahsusdyr we biz mundan beýläk-de Italiýanyň tekliplerine hem-de başlangyçlaryna uly gyzyklanma bilen garamaga, olaryň ilerledilmeginde zerur bolan goldawy bermäge taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistan hem Italiýanyň sebit meseleleriniň birnäçesi boýunça, hususan-da, Owganystandaky ýagdaý boýunça çemeleşmelerine ýokary baha berýär. Ýurdumyz Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly kadalaşdyrmak işinde ysnyşykly halkara gatnaşyklary, bu ýurda ykdysady taýdan ýardam bermek, iri düzümleýin taslamalara gatnaşmak arkaly onuň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagyna goldaw bermek ugrunda çykyş edýär diýip, milli Liderimiz nygtady.

Türkmenistan Italiýa hem-de dünýä bileleşigi bilen bilelikde halkara terrorçylyk, ekstremizm, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy hem-de transmilli guramaçylykly jenaýatçylyk ýaly howplara garşy bilelikde göreşmäge taýýardyr. Umuman, ýurdumyz Italiýany dünýäniň syýasy giňişliginde möhüm hyzmatdaşy hasaplaýar. Biz Italiýa Respublikasynyň ählumumy we sebit işleri boýunça jogapkärli garaýyşlaryna hormat goýýarys, halkara we ýewropa durnuklylygyny pugtalandyrmak işinde Italiýanyň ornuna ýokary baha berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we Türkmenistanyň italiýaly hyzmatdaşlar bilen geljekde hem hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Energetika we ulag ulgamlary türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň strategik ugurlarydyr. Italiýanyň durnukly energetika ulgamynda türkmen tarapynyň halkara başlangyçlaryny goldamagy iki ýurduň bu ählumumy meselä çemeleşmeleriniň ýakyndygyna şaýatlyk edýär. Energetika howpsuzlygy diýlende, biz, ilkinji nobatda, energiýa akymlarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini göz öňünde tutýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan özüniň energiýa serişdelerini günbatar ugur boýunça ibermek mümkinçiliklerine uly gyzyklanma bilen garaýar, Ýewropa komissiýasy bilen bilelikde hukuk hem-de tehniki meseleleriň üstünde işleýär. Biz Ýewropa Bileleşiginiň täsirli hem-de abraýly agzasy hökmünde Italiýanyň mundan beýläk-de bu işe zerur bolan goldaw bermegine bil baglaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Umuman, Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasyndaky energetika gatnaşyklarynyň çäklerinde özara mümkinçiliklerden peýdalanmagy netijeli hasaplaýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we milli energetika syýasatynyň Ýewropa ugruny işjeňleşdirmek bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklardan, bar bolan özara düşünişmek ýagdaýyndan netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz bu babatda Türkmenistanyň we Italiýanyň uzak möhletli maksatlarynyň gabat gelýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ulag ulgamynda hem hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Biziň ýurtlarymyzyň geografik taýdan ýerleşişiniň aýratynlyklary olara Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda Merkezi Aziýa we Hazar sebitleri arkaly Gara we Ortaýer deňizlerine, Günorta Ýewropanyň döwletlerine ulag-üstaşyr geçelgeleri ösdürmekde möhüm orun eýelemäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, ykdysady taýdan goşulyşmagyň strategik sebitara we yklymara ulgamlary döredilýär. Bu babatda Türkmenistan Italiýa diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerinde möhüm hyzmatdaşlaryň biri hökmünde däl, eýsem, Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň möhüm düzüm bölegi hökmünde garaýar.

Gadymy döwürlerden bäri Italiýa Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky gatnaşyklarda aýratyn orun eýeläpdir, yklymyň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň köprüleriniň birisi bolup hyzmat edipdir. Bitarap, parahatçylygy söýüji döwlet hökmünde Türkmenistan Italiýa bilen bilelikde bu işlere ýardam bermäge, halkara syýasatyň ähli meseleleriniň gepleşikler arkaly, halkara hukugynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalary esasynda çözülmegini gazanmaga taýýardyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milli Liderimiz ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk barada aýdyp, şu saparyň barşynda gol çekilen resminamalaryň esasy böleginiň ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we ekologiýa ulgamyndaky ylalaşyklar bilen baglanyşyklydygyny kanagatlanma bilen belledi. Türkmenistanda italýan medeniýetini, sazyny, kinemotografiýasyny bilýärler we olara sarpa goýýarlar. Biziň ýaşlarymyz italýan dilini uly höwes bilen öwrenýärler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Italiýada hem Türkmenistanyň we türkmen halkynyň müňýyllyklara barabar bolan gadymy özboluşly taryhyna uly gyzyklanma bildirilýändigine ynam bildirdi. Italýan arheologlary we etnograflary ýurdumyzyň çäginde gazuw-agtaryş işlerini üstünlikli geçirýärler, türkmen kärdeşleri bilen ajaýyp ylmy, hünär we adamçylyk gatnaşyklaryny ýola goýdular. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu ulgamda hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardygyny tassyklap, Italiýada türkmenleriň döwleti bolan Parfiýanyň Gadymy gymmatlyklarynyň sergisini guramagy teklip etdi. Bu döwlet baryp iki müň ýyl mundan ozal Gadymy Rim bilen işjeň gatnaşyk edipdir.

Milli Liderimiz parlamentara gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigini aýdyp, milli kanun çykaryjy edarasynyň işiniň özgerdilmegini, ýurdumyzda demokratik esaslaryň yzygiderli berkarar bolmagyny nazara almak bilen, Türkmenistana Italiýanyň degişli tejribesi gyzykly bolup biljekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şu duşuşyk Italiýa döwleti arkaly biziň ýurdumyzyň ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaşa eýedigi baradaky ynamy tassyklady. Öz nobatynda, Türkmenistanyň hem Italiýa bilen gatnaşyklaryny uzak möhletleýin, strategik geljek esasda guraýandygyny, biziň ýurtlarymyzyň arasynda özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň gazanylan derejesine ýokary baha berýändigini, döwletlerimiziň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny nygtamak isleýäris diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Premýer-ministr Juzeppe Konte bilen bolan gepleşikleriň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň we geljeginiň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýdyp, 6-njy noýabrda Milanda geçirilen iri türkmen-italýan işewürler maslahatynyň hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şonuň netijeleri boýunça şertnamalaryň we ylalaşyklaryň onlarçasyna gol çekildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmen-italýan Işewürler geňeşini ýa-da Iş toparyny döretmegiň derwaýysdygyny aýtdy. Olar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy sazlaşdyrmak we utgaşdyrmak boýunça täsirli gural bolup bilerdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serjio Mattarellä netijeli duşuşyk üçin minnetdarlyk bildirip, italiýaly kärdeşini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy we oňa berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikler, Italiýanyň ähli halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Altare della Patria» ýadygärlik binasyna ugrady. Wenesian meýdançasynda Kapitoliýa baýrynyň üstünde ýerleşen bu binagärlik toplumy Italiýanyň birleşmeginiň şanyna guruldy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz näbelli esgeriň guburyna dabaraly ýagdaýda gül dessesini goýup, Italiýa Respublikasynyň milli gahrymanlaryny hatyralap, hormatyny bildirdi.

Milli Liderimiz resmi saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Leonardo da Winçi adyndaky Fýumiçino Halkara howa menziline gelip, Watanymyza ugrady.

Şeýlelikde, Rimde ýokary derejede geçirilen türkmen-italýan gepleşikleri, döwlet Baştutanymyzyň Italiýanyň iri işewürliginiň wekilleri bilen duşuşygy hem-de Milanda guralan bilelikdäki işewürler maslahaty deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbidine hormat goýmak, uzak möhletleýinlik we özara bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýulýan giň gerimli hyzmatdaşlyga taraplaryň taýýardygyny aýdyň görkezdi. Hut şu alamatlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli alnyp barylýan Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasynda goýlup, ýewropaly we umuman, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň biziň ýurdumyz bilen giňden gatnaşyk etmäge bolan barha artýan gyzyklanmasyny döredýär.

***

Milan şäherinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde işewürler maslahaty geçirildi. Oňa iki ýurduň döwlet edaralarynyň, işewür toparlarynyň hem-de 100-den gowrak öňdebaryjy kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň howandarlyk etmeginde Italiýa Respublikasynyň Täjirçilik ministrliginiň Söwda boýunça agentliginiň, türkmen tarapyndan bolsa Söwda-senagat edarasynyň we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň guramagynda geçirilen bu çärä birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, eksport ugurly pudaklaryň ýolbaşçylary, TSTB-niň agzalary bolan hususy kärhanalaryň wekilleri gatnaşdylar.

«Rosa Grand» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen duşuşyk Türkmenistan bilen Italiýanyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde we giňeltmekde nobatdaky ädime öwrüldi. Ol ösüşiň strategik ugurlaryny kesgitledi. Onuň çäklerinde ýurdumyzda öndürilen önümleriň sergisi guraldy. Ol özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny we geljekki ösüşini beýan etdi. Sergide Türkmenistanyň dokma senagatyna, himiýa, nebitgaz ugurlaryna, oba hojalygyna, ulag pudagyna, şeýle hem ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyna degişli önümler we gymmatlyklar görkezildi.

Duşuşygy Italiýa Respublikasynyň Täjirçilik ministrliginiň Söwda boýunça agentliginiň baş direktory Roberto Luongo açdy. Ol çykyşynyň başynda bu gezekki forumyň import-eksport meseleleri bilen çäklenmän, hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklerini öwrenmegi hem ugur edinýändigini nygtady. Şunlukda, jenap Luongo Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň görnetin artýandygyny aýtdy. 2019-njy ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça bu görkezijileriň ýokarlanyp, ýylyň ahyryna çenli iki ýurduň arasyndaky söwdanyň möçberiniň 200 million ýewrodan gowrak boljakdygyna ynam bildirdi.

Italiýanyň işewür düzümleriniň Türkmenistanyň häzirki zaman mümkinçilikleri bilen tanyşmaga bolan gyzyklanmalaryny beýan edip, Roberto Luongo häzirki duşuşygyň geljek ýylda Aşgabada boljak jogap saparynyň barşynda dowam etjekdigini nygtady. Ol taraplara türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň ýakyn geljekde haýsy ugurlar we ýollar bilen ösdüriljekdigi babatda pikir alyşmaklaryny teklip etdi. Hyzmatdaşlygyň uzak geljegi nazarlaýandygy gürrüňsizdir. Bu gezekki maslahatyň geriminiň giňdigini ýene bir ýola belläp, ol nebitgaz pudagyndan başlap, syýahatçylyga çenli bolan birnäçe ugurlary sanady. Taraplaryň ikisi-de bu ugurlarda özleri üçin ägirt uly mümkinçilikleri açyp bilerler.

Soňra Italiýa Respublikasynyň Lombardiýa welaýatynyň prezidentiniň orunbasary Fabrizio Sala gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol öz ýurdunyň has köp ilatly sebitine wekilçilik edýändigini aýtdy. Onuň aýdyşy ýaly, bu sebitiň ilaty Italiýanyň ikinji bir uly sebitiniň ilatyndan iki esse köpdür. Häzirki döwürde Lombardiýada 820 müň kärhana işleýär. Başgaça aýdylanda, sebitiň her 12 adamyndan biri telekeçilik bilen meşgullanýar.

Onuň ykdysadyýetiniň ähmiýetli pudaklarynyň hatarynda maşyngurluşygy bolup, Lombardiýa Ýewropada öndürilýän ulaglaryň ählisi üçin enjamlary esasy iberijidir. Şeýle hem bu ýerde Ýewropada öndürilýän awtomobilleriň görnüşleriniň tehnologiýa enjamlarynyň 55 göterimi içgin öwrenilip, olar üçin tehnologiýa enjamlaryny öndürmek meýilleşdirilýär we amala aşyrylýar diýip, jenap Sala sözüni dowam etdi. Şunlukda, beýleki täze ugurlar boýunça hem zerur işler alnyp barylýar. Ýakynda Italiýanyň Premýer-ministriniň gatnaşmagynda bu ýerde Adamyň gelip çykyşyny öwrenýän merkez açyldy. Sebitiň farmasewtika, gaýtadan işleýän senagat, himiýa pudagy Italiýada bolşy ýaly, Ýewropada hem möhüm orun eýeleýär diýip, Fabrizio Sala belledi. Ol türkmen wekiliýetini Lombardiýanyň senagat merkezlerine gelip görmäge çagyrdy.

Ol öz çykyşynda bu gezekki forumyň hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin oňyn şertleri üpjün edýändigini belledi. Ägirt uly tebigy serişdeleri we Merkezi Aziýada sazlaşykly ykdysadyýeti bolan Türkmenistan söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ýola goýmakda ägirt uly ykdysady mümkinçilige eýedir.

Öz gezeginde, Italiýanyň işewürler bileleşiginiň wekilleri Türkmenistanyň ykdysady mümkinçilikleri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen dürli pudaklarda we önümçilik ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň netijeleri hem-de iri taslamalar bilen tanyşdyryldy.

Hususan-da, 2019-njy ýylyň birinji ýarym ýylynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygy barada aýdyldy. Şeýle hem her ýylda jemi içerki önüme garanyňda, maýa goýumyň paýy 35 — 40 göterime golaýlaýar. Şunlukda, daşary ýurt maýalarynyň mukdary umumy möçberiň 15 göterimine barabardyr. Diňe 2018-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine ABŞ-nyň 11,5 milliard dollary möçberinde maýa goýum serişdeleri gönükdirildi we önümçilik-tehniki hem-de durmuş maksatly desgalaryň 1700-den gowragy guruldy.

2019-njy ýylyň birinji alty aýynda daşarky söwdanyň möçberi ABŞ-nyň 7,2 milliard dollaryna, eksportyň mukdary bolsa 4,7 milliard dollara barabar boldy. Halkara Pul Gaznasy Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň durnuklylygyny we bäsdeşlige ukyplylygyny tassyklady. 2019-njy ýyldan 2025-nji ýyla çenli ýurduň ykdysady ösüşiniň 6,2 — 8,2 göterim derejesinde boljakdygy çaklanylýar.

Türkmen döwletiniň we ýurdumyzyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen işewürlik düzümleriniň Italiýanyň halkara giňişligine ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen we ýokary derejä eýe bolan öňdebaryjy kompaniýalary bilen gatnaşyk etmäge bolan gyzyklanmalary mälim edildi.

Häzirki güne çenli ýurdumyzda umumy bahasy ABŞ-nyň 13 million dollaryna golaý bolan maýa goýum taslamalarynyň 22-si we italýan maýalarynyň gatnaşmagyndaky kärhanalaryň 16-sy bellige alyndy.

Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijesinde dürli ugurlar, şol sanda söwda-ykdysady, aragatnaşyk, ylym-bilim we beýleki pudaklar boýunça özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi toplanyldy. Netijeli türkmen-italýan gatnaşyklarynyň mümkinçilikleriniň köpdügi, şolaryň herekete girizilmeginiň zerurdygy nygtaldy.

Türkmenistan diňe bir nebitiň, gazyň we mineral serişdeleriň baý tebigy gorlaryna, oba hojalygyny ösdürmek üçin giň meýdanlara eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ösen senagaty, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kämil enjamlary bilen üpjün edilen önümçilik kuwwatlyklary bilen bellidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynda ýewropa ugry möhüm orun eýeleýär. Şunlukda, Italiýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. Dürli derejelerde geçirilýän hökümetara we pudagara duşuşyklary, şol sanda ýurdumyzda guralýan maslahatlara italýan işewürleriniň, hünärmenleriniň gatnaşmagy hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm şertini emele getirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylyň maýynda Italiýa Respublikasyna bolan iş sapary we onuň çäklerinde Milanda geçirilen «EXPO — 2015» Bütindünýä sergä gatnaşmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. Şol sapar we onuň çäklerinde geçirilen gepleşikler özara peýdaly türkmen-italýan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin täze mümkinçilikleri açdy.

Italiýanyň işewürleri bilen geçirilen gepleşikleriň we duşuşyklaryň dowamynda ýangyç-energetika we elektroenergetika toplumlary, senagat tehnologiýalary, inženerçilik, ulag-aragatnaşyk pudagy, logistika, azyk senagaty, farmasewtika, gurluşyk, obasenagat toplumy özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary hökmünde kesgitlendi.

Şu ýylyň martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşikler geçirildi. Onuň jemleri boýunça iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň «2019-2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlygyň maksatnamasyna» gol çekildi. Munuň özi köpýyllyk türkmen-italýan gatnaşyklarynyň diňe bir işewür häsiýete eýe bolman, eýsem, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilikdir.

Şeýlelikde, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda senagat we kommunikasiýa pudaklaryna möhüm orun berilýär. Türkmen döwleti bu pudaklaryň ösüşine, täze önümçilikleriň açylmagyna we ozal bar bolanlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna ägirt uly maýa goýum serişdelerini gönükdirýär. Täze enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen awtomatlaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegi Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini artdyrýar.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça we umumymilli maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap kärhanalar gurulýar. Şeýle hem ozal hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we olaryň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Bu diňe bir öz güýjüň bilen ýokary hilli önümleriň täze görnüşlerini öndürmäge, Türkmenistanyň ilatyny şol önümler bilen üpjün etmäge we täze iş orunlaryny döretmäge däl, eýsem, bäsdeşlige ukyply harytlary halkara bazarlara ugratmaga-da mümkinçilik berýär.

Ulag we aragatnaşyk pudagyny ösdürmek, halkara standartlara laýyk gelýän köpugurly ulag düzümini döretmek, ýurdumyzy yklym derejesindäki ulag-logistika merkeze öwürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki zaman ýollarynyň, köprüleriň, köp zolakly halkalaýyn ýollaryň gurulmagy netijesinde, Türkmenistanyň çäginde «Demirgazyk — Günorta» we «Günbatar — Gündogar» ugurlary boýunça ulag-üstaşyr geçelgeleri kemala gelýär.

Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa toplumlaryna häzirki zaman italýan tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagy öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrýar we şolaryň diňe bir içerki däl, eýsem, daşarky bazarda uly isleg bildirilýän we bäsdeşlige ukyply harytlara öwrülmegini şertlendirýär. Birnäçe dokma kärhanalarynda Italiýanyň belli «Mazoll», «Savio» kompaniýalarynyň enjamlarynyň ornaşdyrylmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Geljekde daşky seslerden goraýjy hem-de ýylylygy saklaýjy serişdeleri öndürýän «Türkmensenagat» agentliginiň kärhanasynda «Gamma Meccanical S.P.A.» italýan kompaniýasynyň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ýylda 2 müň tonna demir önümlerini öndürmäge niýetlenen dag-metallurgiýa toplumynda (Balkan welaýatynyň Gyzylgaýa şäherçesinde) bolsa «DANITELI & Ofriue Meccaniclce S.P.A.» italýan kompaniýasynyň tehnologiýalaryny peýdalanmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda 2020-2021-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Kelete obasynda kuwwaty ýylda 300 müň tonna demir önümlerini öndürmäge deň bolan önümçilik toplumyny gurmak meýilleşdirilýär, bu toplumda «PLAN S.t.I.» kompaniýasynyň tehnologiýasy ornaşdyrylar.

Italiýanyň hökümeti bilen «Türkmenhowaýollary» agentliginiň arasynda howa gatnawlaryny ýola goýmak barada ylalaşyk gazanyldy, şeýle hem özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine gönükdirilen beýleki ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Italiýanyň işewürleriniň uly gyzyklanmasyna eýe bolan maslahatda garalan meseleleriň biri Türkmenistanyň dokma senagatynda hyzmatdaşlykdyr. 2015 — 2018-nji ýyllarda bu ulgamda önümçilik möçberiniň ösüş depgini 143 göterime deň, eksportyň ösüşi bolsa 122 göterimden gowrak boldy.

Bu gün ýurdumyzda ýene iki dokma toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar, pudagyň kärhanalaryny gaýtadan enjamlaşdyrmagyň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy, häzirki wagtda bu pudaga degişli 70 kärhana hereket edýär, ýerli çig malyň binýadynda innowasiýa häsiýetli önümçilikleriň ondan gowragyny döretmek meýilleşdirilýär. Şolaryň hatarynda dokalmaýan önümleriň, welwet, ýüpek matalaryň täze görnüşleriniň önümçilikleri bar. «Cormatex» italýan kompaniýasynyň hünärmenleri düýe we geçi ýüňüni gaýtadan işlemek boýunça kärhanada awtomatlaşdyrylan tehnologiýa ulgamlaryny gurnar.

Umuman, dokma senagatynda 30-dan gowrak taslamany durmuşa geçirmek üçin 2025-nji ýyla çenli ABŞ-nyň 300 million dollaryndan gowrak serişdäni gönükdirmek bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň örän baý mineral serişdeleri hem-de ýurdumyzyň himiýa senagatynyň barha artýan kuwwatlyklary Italiýanyň senagatçylarynyň hem-de maýadarlarynyň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Önümçilige iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalar esasynda netijeli energiýa we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu pudagyň işgärleriniň öňünde goýlan ilkinji nobatdaky wezipeleriň biridir. Türkmenistanyň himiýa senagatynyň täze kuwwatlyklaryny gurmak boýunça meýilnamalaryny hasaba almak bilen, bu ulgamda hyzmatdaşlyga özara gyzyklanma bildirilýär.

Soňky 10 ýylyň dowamynda pudakda mineral dökünleriniň önümçiliginiň jemi möçberiniň 3 esseden hem gowrak artandygyny bellemek gerek. Şu döwürde umumy bahasy ABŞ-nyň 3,3 milliard dollaryndan gowrak bolan kärhanalar guruldy. Bu taslamalary amala aşyrmakda Ýaponiýanyň, ABŞ-nyň, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň, şol sanda Italiýanyň dünýäde öňdebaryjy kompaniýalary hyzmatdaşlarymyz hökmünde çykyş etdiler. Mysal üçin, Garabogaz şäherinde
ammiak-karbamid toplumyny döretmekde «Saipem» italýan kompaniýasynyň işläp taýýarlan karbamid sintez tehnologiýasy peýdalanyldy.

Ýurdumyzyň baý çig mal gorlaryna daýanmak bilen, Türkmenistanyň himiýa pudagyny ösdürmegiň maksatnamasynda mineral dökünleriniň, ýod-brom önümleriniň, kaustik sodanyň we hloryň önümçiligi, Garabogaz aýlagynyň suw-mineral serişdelerini toplumlaýyn özleşdirmek, şeýle hem tebigy gazy düýpli gaýtadan işlemek boýunça täze kuwwatlyklary gurmak boýunça taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Durmuş himiýasy harytlarynyň, organiki polimerleriň, karbamid-formaldegid, melamin-formaldegid şepbikleriň önümçilikleri hem Türkmenistanda geljegi uly ugurlar bolup durýar hem-de şolaryň binýadynda dürli görnüşli boýag serişdelerini, ýelimleri, gurluşyk we gurnama serişdelerini öndürmek göz öňünde tutulýar. Bir söz bilen aýdylanda, hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler açylýar. Şunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan hem-de ulag düzümleriniň ösdürilmegine we onuň halkara gatnawlar ulgamyna goşulyşmagyna gönükdirilen, iri deňiz menzillerini gurmagy hem öz içine alýan syýasatynyň üstünlige beslenýändigi bellenildi, munuň özi köp mukdarda himiýa önümini eksporta ibermek meselelerini netijeli çözmäge mümkinçilik berýär.

Işewürler maslahatynda Italiýanyň «RINA Consulting» kompaniýasynyň wekilleri hem innowasiýa häsiýetli önümçilikleri döretmek boýunça bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamak barada teklipleri beýan etdiler. Bu kompaniýa himiýa pudagynda, energetika, daşky gurşawy goramak, gurluşyk, nebit we gaz, ulag, elektronika we telekommunikasiýalar, ulag, maşyngurluşyk ulgamlarynda maslahat hem-de inženerçilik hyzmatlaryny hödürleýärler.

Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak çäresi hem maglumatlara baý boldy, şonda slaýdlar görkezildi, bu ugurda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyna syn berildi, onuň şertnamalaýyn esaslaryna, degişli kanunçylyk namalaryna we beýlekilere teswirler berildi.

Häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen böleginde önümleri paýlaşmak hakynda ylalaşyklaryň esasynda daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan dört taslama hem-de gury ýerde şunuň ýaly üç taslama amala aşyrylýar. Italiýanyň «ENI» energetika kompaniýasynyň şahamçasy — «Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasy önümleri paýlaşmak hakynda ylalaşyklaryň çäklerinde 2008-nji ýyldan bäri «Nebitdag» şertnamalaýyn çäkde iş alyp barýar.

Ýangyç-energetika toplumynda Hazaryň türkmen böleginiň ygtyýarlandyrylan tapgyrlaryny özleşdirmek, nebit we gazhimiýa ulgamlarynda nebitli gatlaklaryň nebit berijiligini artdyrmak boýunça maýa goýum taslamalary, şeýle hem ulgamyň senagat desgalarynyň gurluşygy boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda iş alyp barylýan esasy ugurlarydyr.

Soňra işewürler maslahatynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň tanyşdyryş çäresi boldy. Şonuň barşynda italýan işewürleri TOPH gaz geçirijisiniň tehniki satyn alyş, durmuş we maliýe ölçegleri bilen birlikde, häzirki ýagdaýy bilen tanyşdyryldy.

Mälim bolşy ýaly, «Türkmengaz» döwlet konserni bu gaz geçirijiniň türkmen böleginde baş turba geçirijileriniň 100 kilometrine golaýyny çekdi. TOPH-yň owgan we pakistan bölekleriniň uzynlygy bolsa, 1 635 kilometre barabardyr. Owganystanda gazy toplamak boýunça beketleriň 3-si we Pakistanda şeýle beketleriň 3-si hereket eder.

Forumda sebitiň ykdysady bähbitleri babatynda taslamanyň ähmiýetine ýygnananlaryň ünsi çekildi. Şeýlelikde, TOPH Owganystana, Pakistana we Hindistana batly depginler bilen ösmek üçin düýpli itergi berer. Birinjiden, tebigy gaz esasynda elektrik energiýasyny öndürmek dizel ýangyjyny, mazudy peýdalanmakdan ep-esli arzandyr; ikinjiden, tebigy gaza elýeterlilik senagatlaşdyrmagy we maýa goýum işini höweslendirer; üçünjiden, Owganystan we Pakistan üstaşyr gaz geçiriji üçin milliardlarça ýygymlary alar.

Mundan başga-da, gaz geçirijisini ulanmak we oňa tehniki hyzmat etmek boýunça Germaniýada, Gresiýada we Türkiýede işleýän potratçylar we olaryň Owganystandaky we Pakistandaky ýerli kömekçi potratçylary düýpli ykdysady peýda eýe bolarlar. Beýleki ugurdaş ykdysady bähbitler hem köpdür.

Bu taslamanyň Owganystanda we Pakistanda 40 müňden gowrak iş orunlaryny döretmegine garaşylýar. Şol iş orunlarynyň köp bölegi gurluşyk, ulanyş, hyzmat ediş ulgamlary we gaz geçirijiniň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr. Bular hem bu ýurtlaryň senagatlaşdyrylmagyna we ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna itergi berer. Şulardan çen tutulyp aýdylanda, taslama sebitde parahatçylygyň we abadançylygyň şamçyragy hökmünde garalýar, şoňa görä-de, ol halkara guramalaryň we maliýe düzümleriň goldawyndan peýdalanýar. Onuň durmuşa geçirilmegine Italiýanyň enjamlary iberýän we gurluşyk kompaniýalary hem çagyryldy.

«ENI» kompaniýasynyň Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Luka Wignati işewürler maslahatynda eden çykyşynda bu kompaniýanyň Türkmenistanda üstünlikli iş alyp baran 11 ýylynyň dowamynda şertnamalaýyn çäkde ýataklary işläp taýýarlamaga 2 milliard dollardan gowrak maýa goýandygyny belledi. Häzirki wagtda kompaniýa bu ýerde gije-gündiziň dowamynda 2 müň tonnadan gowrak nebit çykarýar.

Ol şeýle hem dünýäniň 63 ýurdunda iş alyp barýan «ENI-niň» önümçiligiň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün edýän tehnologiýalara ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda ähmiýet berýändigini belledi. Türkmenistanda bolsa bu ugra aýratyn talap bildirilýär.

Biz soňky 3 ýylda pudagyň mundan beýläk-de ösmegi üçin möhüm ähmiýete eýe bolan howpsuzlyk ölçeglerine ýetmegi başardyk diýip, Luka Wignati aýtdy hem-de bu ugurda kompaniýanyň eýeleýän ornunyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň senagat desgalary babatda bildirýän talaplaryna doly laýyk gelýändigini nygtady.

Mundan başga-da, «Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasy iş orunlarynyň müňlerçesini döretdi, olaryň uly bölegini türkmenistanlylar eýeleýär. Kompaniýa adam maýasyny ösdürmek ulgamynda hem dürli görnüşli işleri guraýar. Aşgabatda döredilen okuw merkezinde menejerleri we tehniki işgärleri taýýarlamak we okatmak işi alnyp barylýar, şeýle hem kompaniýanyň işgärleri Italiýada geçirilýän okuw maslahatlaryna ugradylýar.

Tehnologiýa we «nou-hau» ugurlaryna hem uly serişdeler goýberilýär. Olaryň birnäçesi ilkinji gezek hut Türkmenistanda ulanyldy we soňra dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem-de sebitlerinde peýdalanylyp başlandy. Luka Wignati hyzmatdaşlyk boýunça gürrüňini dowam edip, «ENI» kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işini diwersifikasiýalaşdyrmagyň — nebitgaz ugrunyň, energiýanyň täzeden dikeldilýän çeşmelerini işläp taýýarlamak ulgamlarynyň çäklerinde diwersifikasiýalaşdyrmagyň mümkinçiligi hakynda hem aýtdy.

Jenap Wignati Türkmenistan bilen üstünlikli hyzmatdaşlygyň ugurlary barada aýtmak bilen, gatnaşyklaryň uzak möhletleýin geljegini göz öňünde tutýan nebitgaz ulgamy ýaly strategik ugurda netijeli özara hyzmatdaşlygy ösdürmekde döwletiň syýasy durnuklylygynyň uly orun eýeleýändigini belledi. Bu işde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn hyzmaty bardyr.

Türkmenistan — munuň özi ylalaşyklaryň örän anyk kadalaşdyrylýan we berjaý edilýän az sanly ýurtlaryň biridir diýip, Luka Wignati aýtdy. Munuň özi hem işewürligi ösdürmek we Türkmenistana täze maýa goýumlaryny çekmek üçin uly höweslendiriji şertdir.

«CNH Industrial» konserniniň Merkezi Aziýadaky senagat işewürligi boýunça direktory Stýuart Kambell hem Türkmenistan bilen 20 ýyllyk hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirilýändigi barada aýtdy.

Bu konsern täjirçilik ulaglaryny, gurluşyk we oba hojalyk maksatly tehnikany, ýörite ulag serişdelerini işläp taýýarlaýan hem-de iberýän dünýäniň öňdebaryjy iri kompaniýalarynyň hataryna girýär. Häzirki wagtda bu konsern 12 haryt nyşan görnüşlerine, şol sanda «Case», «Iveco», «New Holland» haryt nyşanlaryna wekilçilik edýär. Ol awtomatlaşdyrylan traktorlara Türkmenistanyň gyzyklanma bildirjekdigine ynamyny beýan etdi, bu tehnika adam tarapyndan dolandyrylmagyny talap etmeýär, olar elektrik energiýasynda işleýär.

Öz nobatynda, italýan işewürleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde, kiçi we orta işewürligiň wekilleri ýurdumyzda durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda möhüm orun eýeleýärler. Ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk böleginiň Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň düzümindäki paýy ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan, 2018-nji ýylda 64 göterime deň boldy.

Birleşmäniň agzalary 10 ýylyň dowamynda ykdysadyýetimize ABŞ-nyň 5,5 milliard dollaryna golaý maýa goýumyny gönükdirdiler, onuň 2 milliardy oba hojalygyna we obasenagat toplumyna goýuldy. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi 200 müňe golaý täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berdi.

Türkmenistanyň we Italiýanyň telekeçileriniň arasyndaky söwda gatnaşyklary barada aýdylanda, 2019-njy ýylyň 9 aýynda iki ýurduň işewürliginiň wekilleriniň arasyndaky haryt dolanyşygy ABŞ-nyň 9 million dollaryna golaý boldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Italiýanyň «Desnet Ballestra», «SACMI», «Fondital», «Eurosicma», «Navatta», «Storci» we beýlekiler ýaly belli kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýärler.

Bu oňyn hyzmatdaşlygyň netijesinde, türkmen hususy kärhanalary içerki bazary ýokary hilli hem-de dürli görnüşli önümler bilen üpjün etmekde we daşary bazarlara çykmakda ýokary netijeler gazandylar.

Senagat ulgamynda telekeçileriň ýeten sepgitleri hem guwandyryjydyr. «Abadan haly» halyçylyk toplumy muňa aýdyň mysaldyr. Bu kärhananyň ýyllyk kuwwaty haly we haly önümleriniň bir ýarym million inedördül metrine deňdir. Bu önümiň aglaba bölegi ýerli çig mal esasynda taýýarlanýan polipropilen ýüplüginden öndürilýär. Şeýle hem birleşmäniň agzalary tarapyndan ýyllyk kuwwaty 30 müň tonna deň bolan Ýaşlyk şäherçesindäki kagyz toplumy işledilýär.

Ýokary hilli ýod, sintetiki ýuwujy serişdeler, zyýansyzlandyryş serişdeleri, azyklyk duzy, boýag serişdeleri, gurluşyk ýelimleri, suwdan goraýyş önümleri, gazbeton plitalary ýaly eksport edilýän himiýa önümlerini öndürýän iri kärhanalar guruldy.

Birleşmäniň agzalary tarapyndan kaliý dökünlerini (kaliý hloridi we kaliý sulfaty) toplumlaýyn önümleri, tehniki uglerody, etil spirti öndürmek boýunça zawodlaryň gurluşygynyň taslamalaryny amala aşyrmakda işler alnyp barylýar, kaustik we kalsinirlenen sodany, hlory, duz kislotasyny, natriý sulfatyny, sementi hem-de ýerli tebigy — mineral serişdelerinden taýýarlanylýan beýleki himiýa önümlerini öndürmek boýunça maýa goýum taslamalary işlenip taýýarlanylýar.

Suwuklandyrylan gaz, karbamid we ammiak, grafitden elektrodlary öndürmek boýunça kärhanalary döretmek himiýa pudagynda hyzmatdaşlyk üçin geljegi uly ugurlaryň biridir. Agyr senagat, metallurgiýa, altyn gazyp almak ulgamynda taslamalar hem maýa goýum babatynda özüne çekijidir. Elektron we elektrotehniki pudaklary ösdürmek ugrunda hem işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň telekeçileri elektron töleg terminallaryny hem-de öwrediji kompýuterleri, planşetleri, routerleri öndürip başladylar.

Işewürligi innowasiýa taýdan ösdürmekde sanly ykdysadyýetiň gurallarynyň ornuny hem-de mümkinçiliklerini hasaba almak bilen, IT-toplumy döredildi, ýakynda IT-Park açyldy, onda alnyp barylýan işler ýurdumyzda sanly düzümleriň ösdürilmegine, ylmyň, önümçiligiň hem-de maýa goýumynyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, şeýle hem innowasiýa häsiýetli önümleriň halkara bazarlaryna çykarylmagyna gönükdirilendir. Birleşme tarapyndan eýýäm indiki ýyl açylmagy göz öňünde tutulýan Işewürlik we sanly tehnologiýalar uniwersitetiniň döredilmegi hem bu maksada gönükdirilýär.

Türkmenistanyň maýa goýum syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde ýurduň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek barha uly ähmiýete eýe bolýar. Halkara maliýe bazarlarynda Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanyň hökümetiniň agentiniň wezipelerini ýerine ýetirýär. Ol senagatlaşdyrmak, ulag we telekommunikasiýa düzümlerinde, ýurdumyzda hususy bölegi ösdürmek ulgamynda taslamalary maliýeleşdirmek üçin maýa goýumlaryny çekmek boýunça maksada okgunly işleri alyp barýar.

Italýan işewürlerine bankyň karz beriş işiniň ýagdaýy barada hem maglumatlar berildi. Onuň düzüminde 2019-njy ýylyň 9 aýynyň jemi boýunça gazhimiýa senagaty 56 göterim, nebitgaz ulgamy 31 göterim, ulag we aragatnaşyk 6 göterim, oba hojalygy 5 göterim we himiýa pudagy 2 göterim orny eýeleýär.

Şeýle hem diňe şu ýylyň özünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda 11-12-nji awgustda Awazada geçen birinji Hazar ykdysady forumynyň barşynda bu bank tarapyndan daşary ýurt maliýe guramalary bilen ABŞ-nyň 575 million dollaryna golaý bolan ylalaşyklaryň 5-sine gol çekildi. Bu serişdeler elektroenergetika, oba hojalyk ulgamlaryndaky taslamalary maliýeleşdirmäge, kiçi we orta telekeçiligiň taslamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdiriler.

Italiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmak arkaly «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň nobatdaky tapgyry, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça ikinji toplumyň, Garabogazda ikinji karbamid zawodynyň we Balkan welaýatynda polimer öndürmek boýunça ýene bir gazhimiýa kärhanasynyň gurluşygy ýaly giň gerimli taslamalara aýratyn ähmiýet berdiler.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Italiýanyň bank hyzmatlary bazarynda öňdebaryjy hasaplanylýan we Ýewro zolagynda iň iri bank toparlarynyň biri bolan «Intesa Sampaola» — italýan bank topary, dünýäniň gadymy banky «Monto dei Paschi di Siena», «Deutsche» bankynyň Milandaky bölümi ýaly maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Olaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň gaz ulgamynda, ýurdumyzyň lukmançylyk we dokma senagatynda, demir ýol ulagy pudagynda we beýleki ugurlarda ABŞ-nyň 144 million dollaryna golaý bolan taslamalary maliýeleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Işewürler maslahatynda «SACE S.p.A.» agentliginiň korporatiw direktory Dario Liguti hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri baradaky pikirlerini beýan etdi, bu agentlik Italiýanyň kärhanalary bilen işleşip, olary maliýe taýdan goldamak arkaly halkara bazarlarynda işleriniň ilerledilmegine ýardam berýär.

Munuň özi daşary ýurtlarda italýan kärhanalarynyň göni maýa goýumlarynyň çekilmegini aňladýar. Häzirki wagtda «SACE» hem TOPH taslamasyna, «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan özleşdirmek taslamasyna we dokma senagatynyň ösdürilmegine gatnaşýar.

«RINA Consultinig» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Stefana Sossi geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny bellemek bilen, energiýa serişdeleri, energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri boýunça maslahat bermekde, ýük daşamak we düzümler, gämiler üçin güwälendirmek, işgärleri we hyzmatlary dolandyrmak ulgamlary babatynda kompaniýanyň uly tejribe toplandygyny aýtdy. Ol senagat pudaklarynda täze ykjam sanly ulgamynda aýratyn tejribä eýediklerine Türkmenistanyň wekilleriniň ünsüni çekdi.

«RINA Consultinig» 2010-njy ýylda Türkmenistanda öz edarasyny açdy. Şondan bäri geçen döwürde ýurdumyzda bu kompaniýanyň gatnaşmagynda möhüm taslamalaryň 30-dan gowragy işlenip taýýarlanyldy. 2018-nji ýylyň dekabrynda biz degişli bäsleşigi utduk. Indi tiz wagtda TOPH-yň türkmen bölegi boýunça ylalaşyga gol çekeris diýip, Stefana Sossi aýtdy. «Biz TOPH hakda gürrüň açylanda, geljek barada aýtmak isleýäris. Biz Türkmenistana maýa goýmagy dowam etmegi maksat edinýäris» diýip Stefano Sossi belledi.

Işewürler maslahatynyň barşynda Italiýanyň iri kompaniýalarynyň we maliýe guramalarynyň beýleki esasy menejerleri hem çykyş etdiler. Duşuşyga gatnaşyjylaryň söhbetdeşligi «sorag-jogap» görnüşinde geçdi. Munuň özi birnäçe garaýyşlary anyklaşdyrmaga we birek-biregiň zerurlyklaryna gowy düşünmäge, geleşikleriň gurallaryny we şolary amala aşyrmagyň şertlerini seljermäge mümkinçilik berdi.

Italýan işewürleri Türkmenistanda durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan iri maýa goýum taslamalarynyň gerimine we täzeçilligine, ýurdumyzyň senagatynyň sanlaşdyrylmagyna, ekologiýa taýdan sagdynlygyna, intellektual ugurly ösdürilmegine tarap ugur almagyna mynasyp baha berdiler. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan dünýäniň dördünji senagat rewolýusiýasynyň çäginde ýurdy ösdürmek strategiýasynda jemlenendir.

Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň ähli ugurlarda işewürlik we hyzmatdaşlyk üçin açykdygyna göz ýetirdiler. Tutuşlygyna alnanda, bu duşuşyk iki ýurduň uzak möhletleýin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny anyklaşdyrmaga ýardam berdi.

Forumyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Hususan-da, diplomatik ugurda, energetika-senagat we ulag ulgamynda, dokma senagatynda, bank, saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty hem-de bilim ulgamlarynda ähtnamalaryň we ylalaşyklaryň 12-sine gol çekildi.

Mundan başga-da, türkmen telekeçileri dürli italýan kompaniýalary, şol sanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek üçin enjamlary we tehnologiýalary iberýän kompaniýalar bilen şertnamalaryň 11-sine gol çekdiler.

Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň agzalary işewürler maslahatynyň çäginde duşuşyklar geçirdiler. Olar Türkmenistanyň we Italiýanyň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin bar bolan mümkinçilikleri, däp bolan ugurlarda bolşy ýaly, täze ugurlarda hem gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter