Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugat wekillerine ýüzlenmesi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugat wekillerine ýüzlenmesi

опубликованно 05.08.2015 // 839 - просмотров
 

Sag boluň, hormatly Prezident, men ozaly bilen siziň ýurduňyza döwlet sapary bilen gelmek baradaky çakylygyňyz üçin minnetdarlygymy beýan etmek isleýärin. Şeýle hem biziň şu gezekki saparymyzyň hyzmatdaşlygy uzakmöhletleýin esasda ösdürmäge ygrarlydygymyzyň alamaty hasap edýärin. Biz geljege tarap barýarys, siziň dogry belleýşiňiz ýaly şu günki gepleşikleriň barşynda syýasy taglymlara degişli meseleleriň uly toplumyny ara alyp maslahatlaşdyk we Siz biziň garaýyşlarymyzyň birmeňzeşdigini nygtadyňyz. Diňe bir sebitde däl-de, eýsem, tutuş ýer ýüzünde durnuklylygy we parahatçylygy pugtalandyrmak meselelerinde garaýyşlarymyz meňzeşdir. BMG, ÝEHHG ýaly abraýly halkara guramalarynyň we beýleki halkara düzümleriniň çäklerinde terrorçylyk, ekstremizm we neşeleriň bikanun dolanyşygy guramaçylykly jenaýat ýaly meselelerde bilelikde hereket etmelidiris. Siz hemişe energiýa howpsuzlygy, ulag we üstaşyr geçelgeleri, ýangyç serişdeleriniň durnukly we howpsuz üstaşyr geçirilmegi boýunça biziň halkara başlangyçlarymyzy goldaýarsyňyz. Şunuň bilen baglylykda, doganlyk ýurtlary birleşdirýän Özbegistan, Täjigistan, Pakistan we Hytaý gazgeçirijisiniň gurluşygyna uly ähmiýet berýäris. Biz ýakynda ulag-üstaşyr geçelgeleri boýunça ikinji taslama garadyk, şeýle hem Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmäge taýýarlaýarys... Biz çöllük zolaklar boýunça demir we awtoulag ýollaryny gurduk. Biz Aziýa- Ýuwaş ummany sebitinde ulag geçelgeleriniň ulgamyny döretmelidiris. Biziň geografiýa taýdan amatly ýerleşýändigimizi hasaba alanyňda bu meseleäniň aýratyn ähmiýete eýedigini we BMG-niň degişli rezolýusiýasy bilen makullanandygyny nygtaýaryn. Munuň özi uly ähmiýete eýdir. Haçanda siz Türkmenistanda sapar bilen bolanyňyzda biziň söwda-ykdysady meseleler boýunça tekliplerimizi goldandygyňyz üçin minnetdardyrys. Siziň ajaýyp ýurduňyz barada bizde oňat ýatlamalar galar. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň ähmiýeti uludyr, onuň birinji mejlisi şu ýylyň birinji ýarymynda Aşgabatda geçirildi. Statistika maglumatlaryna görä, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygy 50 göterimden gowrak, hatda 64 göterime çenli ýokarlandy. Siziň biziň ýurdumyza bolan saparyňyzyň çäklerinde işewürlik duşuşyklary geçirildi, telekeçileriň gönüden-göni ýüzbe-ýüz duşuşyklary hususy bölegiň ösdürilmegine uly täsir edýär. Şonuň üçin hem biz hususy telekeçilige maýalary goýmaga taýýardyrys.

Elbetde, halkyň saglygy, biziň döwletlerimiziň durmuş-ykdysady ösüşi ilkinji orunda durýar. Şunda hökümetara toparynyň işiniň ähmiýeti uludyr. Hususy bölegiň hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýeti bardyr.

Medeni-ynsanperwerlik meseleleri barada aýdylanda, gepleşikleriň barşynda bu ulgama uly üns berildi. Biziň däp-dessurlarymyzyň meňzeşligi, ata-babalarymyzyň bize miras goýan ruhy-medeni gymmatlyklarynyň umumylygy, medeniýet we sungat işgärleriniň ýygy-ýygydan duşuşyp, maslahatlary we beýleki çäreleri geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döretmäge esas bolup hyzmat edýär. Türkmenistanda Gyrgyzystanyň Medeniýet günlerini geçirmek baradaky teklibimizi makullaýandygyňyz üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris, biziň ýurdumyzyň şu ýyl TÜRKSOÝ-yň başlygy bolup durýandygy sebäpli bu ulgamda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge hemaýat edip bileris.

Bilim we ylym ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek zerurdyr, biz eýýäm milli emeli aragatnaşyk hemrany uçurdyk we siziň ýurduňyzyň ylmy jemgyýetçiligini bilelikde işlemäge çagyrýaryn...

Biz ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça 2030-njy ýyla çenli maksatnamany kabul etdik, şonda täze ylmy gazanylanlary, nou-hau-lary önümçilige ornaşdyrmak zerur bolup durýar we men ýene bir gezek ylmy jemgyýetçiligi bilelikde işlemäge çagyrýaryn. Bilim boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmek zerurdyr.

Şu gün biz syýahatçylyk pudagyny ösdürmek meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdyk. Şunda halklarymyzyň saglygy hem-de ykdysady bähbitler göz öňünde tutulýar. Biziň geçiren duşuşygymyzyň bdarşynda birnäçe gezek belläp geçişim ýaly, sagdyn-durmuş ýörelgelerini hem-de sport bilen işjeň meşgullanmagy ösüp gelýän nesillerimiziň aňynda kemala getirmek örän möhüm meseleleriň hatarynda durýar. Siziň bilşiňiz ýaly, Aşgabatda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary geçiriler. Şonuň üçin hem türgenleri, tälimçileri özara alyşmak zerurdyr, şol iri halkara ýaryşlarynyň öňünde, eýýäm häzirki wagtda olimpiýa desgalarynyň maddy-tehniki binýadyny synagdan geçirmegiň döwri gelip ýetdi. Biz gyrgyz hyzmatdaşlarymyzy bu ugurda bilelikde hereket etmäge çagyrýarys, bu babatda tutuş resminamalar toplumyna gol çekdik...

Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolandygy üçin size minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Siz şol degişli Rezolýusiýany diňe bir goldamak bilen çäklenmän, eýsem onuň awtordaşy bolup hem çykyş etdiňiz. Siziň bilşiňiz ýaly 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda dünýäniň syýasy düzümleri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini gaýtadan ykrar etdiler, munuň üçin biz minnetdardyrys we 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek ýokary derejeli halkara maslahatyna we ýurdumyzyň hukuk derejesiniň 20 ýyllygyna gabatlanyp geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrýarys...

Siz biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak işlerine uly goşant goşýarsyňyz. Men siziň belent jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikler, doganlyk gyrgyz halkyna abadançylyk, gülläp ösüş we bagt arzuw edýärin! Üns berip diňläniňiz üçin sag boluň.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter