Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi | TDH
Ykdysadyýet

Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi

опубликованно 07.11.2019 // 196 - просмотров
 

Şu gün, Hasyl toýunyň öň ýanynda, Balkan welaýatynyň pagtaçylary pagta çig malyny taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Olar 5 müň tonnadan gowrak «ak altyn» taýýarlap, Watan harmanyna goşdular.

Bu şanly waka mynasybetli dabara welaýatyň dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, ýygym möwsüminiň öňdebaryjylarynyň, köp sanly ýerli ýaşaýjylaryň gatnaşmagynda uly toýa ulaşdy. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatynyň edermen pagtaçylaryna, ýygymçylaryna, mehanizatorlaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine iberen Gutlagyny uly höwes bilen diňlediler.

Milli Liderimiz Gutlagynda belleýşi ýaly, ösüşiň täze belentliklerine barýan eziz Diýarymyzda ene topraga ykbalyny baglan, oňa yhlasly zähmetini siňdirip, bol hasyl öndürýän pagtaçylarymyza öndürijilikli işlemäge, ýerden ýokary hasyl alyp, halal zähmetinden baýamaga iň amatly şertler döredildi. Şu maksatlar bilen döwletimiz daýhanlara kömek edip, kämil oba hojalyk tehnikalaryny yzygiderli satyn alýar, olary mineral dökünler bilen doly üpjün edýär, suwaryş akabalaryny we zeýkeş ulgamlaryny, täze suw howdanlary gurýar.

Mälim bolşy ýaly, Balkan welaýatynyň Garagum derýasynyň suwy bilen suwarylýan oba hojalyk ekinleriniň esasy bölegi Serdar we Bereket etraplarynda ýerleşýär. Ýurdumyzyň Günbatar sebitiniň toprak-howa şertleri göz öňünde tutulyp, meýdanlarda gowaçanyň orta süýümli görnüşleri ekildi. Pagta çig malyny taýýarlamak baradaky döwlet borçnamasyny ýerine ýetiren balkanlylaryň üstünligi ekerançylaryň ençeme aý çeken zähmetiniň, olaryň ähli agrotehniki kadalary berjaý etmek bilen ekinlere eden gündeki ideginiň kanunalaýyk netijeleridir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanylan özgertmeleriň çäklerinde obasenagat toplumyny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga, iň täze tehnologiýalary we agrotehnikany giňden ornaşdyrmaga tarap ugur alyndy. Ýurdumyzyň kärhanalarynda pagta süýüminiň doly gaýtadan işlenilmegi häzir Diýarymyzyň dokma senagatynyň taýýar önümleri eksport etmäge tarap ugur alan strategiki wezipeleriniň biridir. Beýleki sebitlerde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen pagta arassalaýjy zawod, pagta egriji we tikin fabrikleri guruldy.

Günbatar sebitimiziň daýhanlary şu «ak altyn» möwsüminde ajaýyp netijeleri gazanyp, ýurdumyzyň oba senagat ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň netijesinde özleri üçin döredilen uly ykdysady höweslendirmelere daýanmak bilen, ýetişdirilen hasyly iň soňky übtügine çenli ýygnap almak üçin meýdanlarda depginli zähmet çekmeklerini dowam edýärler.

Şu günki dabaralaryň dowamynda welaýatyň pagtaçylary öňlerinde goýlan wezipeleri mundan beýläk-de mynasyp ýerine ýetirmek üçin yhlasly zähmet çekjekdiklerine, oba hojalyk önümleriniň giň gerimli görnüşleriniň önümçiligini artdyryp, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, abadançylygyna we gülläp ösüşine öz goşantlaryny goşjakdyklaryna milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ynandyrdylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter