Bişkek şäherinde Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi | TDH
Syýasat habarlary

Bişkek şäherinde Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

опубликованно 05.08.2015 // 902 - просмотров
 

Giiňşleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanan soň, “Ala-Arça” Döwlet kabulhanasynda hormatly Prezidentimiziň Gyrgyzystana bolan döwlet saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Metbugat maslahatlary zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewiň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Gyrgyz Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Bedenterbiýe we sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Döwlet bedenterbiýe we sport agentliginiň arasyndaky Ylalaşygyň çäklerinde 2016-2017-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak baradaky Teswirnama; Medeniýet babatda 2016-2017-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet, Maglumatlar we syýahatçylyk ministrliginiň arasyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak baradaky Teswirnama gol çekildi.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Ahal welaýaty bilen Gyrgyz Respublikasynyň Batken oblastynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyk; Türkmenistanyň Balkan welaýaty bilen Gyrgyz Respublikasynyň Yssik-Kul oblastynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyk; Aşgabat şäherinde 2014-nji ýylyň 11-nji noýabrynda gol çekilen, Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda Dostluk, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Şertnamanyň tassyklaýyş resminamalaryny alyşmak baradaky Tewsirnama bar.

Şeýle hem bu ýerde pudagara hyzmatdaşlygy nazarlaýan ikitaraplaýyn resminamalara, şol sanda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Gyrgyz Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Döwlet hasaba alyş gullugynyň ýanyndaky Arhiw agentliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga; Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Oba hojalyk we meliorasiýa ministrliginiň arasynda oba hojalygy babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligir bilen Gyrgyz Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi blen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2016-2017-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna; Ýokary hünärli ylmy we ylmy-mugallymçylyk işgärlerini synagdan geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga; Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga; Bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga gol çekilýär.

Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýýarlar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter