Daşoguz welaýatynyň edermen pagtaçylaryna, ýygymçylaryna, mehanizatorlaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine | TDH
Syýasat habarlary

Daşoguz welaýatynyň edermen pagtaçylaryna, ýygymçylaryna, mehanizatorlaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine

опубликованно 06.11.2019 // 177 - просмотров
 

Gadyrly Daşoguz welaýatynyň «ak altyn» ussatlary!
Edermen pagtaçylar!

Sizi «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzda giňden bellenýän Hasyl toýunyň öňüsyrasynda sahawatly türkmen topragyndan welaýat boýunça «ak altynyň» 230 müň tonnadan gowragyny öndürip, bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnamaňyzy üstünlikli berjaý edendigiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan asylly işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Welaýatyň babadaýhanlary oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmekde ýylyň-ýylyna uly üstünlikleri gazanýarlar. Şu ýyl hem olar «ak altynyň» bol hasylyny ýygnap, Watan harmanynyň beýgelmegine uly goşant goşdular. Gazanylan bu üstünlik kärendeçileriň, hususy pagta öndürijileriň, kämil tehnikalara başarjaňlyk bilen erk edýän mehanizatorlaryň, suw hojalyk işgärleriniň, oba hojalygyny, onuň pagtaçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda netijeli işleri alyp barýan adamlaryň ählisiniň agzybirlikli we tutanýerli çeken zähmetiniň netijesidir.

Welaýat boýunça «ak altynyň» bol hasylynyň öndürilmeginde etraplaryň pagtaçylyk hojalyklarynyň, öňdebaryjy hasyl ussatlarynyň her biriniň mynasyp goşandy bar. Welaýatyň pagta hasylyny öndürmekde şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda abraý bilen ýerine ýetiren Görogly, Saparmyrat Türkmenbaşy we S.A.Nyýazow adyndaky etraplarynyň pagtaçy babadaýhanlarynyň çeken netijeli zähmeti aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Hormatly pagtaçylar!

Biz ýurdumyzyň her bir raýatynyň, mähriban halkymyzyň bagtyýar, eşretli we abadan durmuşda ýaşamaklaryny üpjün etmek maksady bilen, maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýäris. Biz ähli halkymyz bolup, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, ata Watanymyzda raýatlarymyzyň her biriniň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokary derejede bolmagyny üpjün etmek ugrunda giň gerimli işleri alyp barýarys. Munuň özi mähriban topragymyzy, eziz paýtagtymyzdan başlap, ýurdumyzyň iň çetki ilatly ýerlerine çenli oba-şäherlerimiziň her biriniň keşbini bütinleý özgertmekden we gözelleşdirmekden ybaratdyr. Şeýle belent maksatlara ýetmekde oba adamlarynyň, oba hojalygynda, şol sanda onuň pagtaçylyk pudagynda zähmet çekýän merdana watandaşlarymyzyň hem öňünde uly wezipeler durýar.

Asuda Diýarymyzda ene topraga örküni baglan, oňa yhlasly zähmetini siňdirip, bol hasyl öndürýän babadaýhanlarymyza öndürijilikli işlemäge, ýokary hasyl alyp, halal zähmetinden baýamaga döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Munuň şeýledigine ekin meýdanlaryny işläp bejermekde, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almakda daýhanyň daýanjy bolan kämil oba hojalyk tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy, topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler bilen daýhanlaryň doly üpjün edilmegi, suwaryş ýaplaryny we zeýkeş ulgamlaryny çekmekde, täze howdanlary gurup, suw bilen üpjün etmekde, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakda ýurdumyzda alnyp barylýan uly möçberli işler hem şaýatlyk edýär. Täze etraplaryň açylyp, tarp ýerleriň özleşdirilmegi, daýhan birleşikleriniň, döwrebap obalardyr şäherçeleriň döredilmegi, oba ýerlerinde dünýä standartlaryna laýyk gelýän saglyk öýleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, durmuş hyzmaty merkezleriniň, medeni-dynç alyş desgalarynyň gurulmagy bolsa, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak bilen birlikde, öndürijilikli zähmet çekmäge hem höwesini has-da artdyrýar.

Ýerden bol hasyl almakda ata-babalarymyzdan miras galan baý tejribäni, ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak, daýhanyň zähmetine mynasyp baha bermek döwrümiziň zerur talaby bolup durýar. Bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeler, gazanylýan netijeler biziň hemmämizi begendirýär. Obada düýpli özgertmeleriň mundan beýläk-de dowam etdirilmegi, obanyň ösdürilmegi, täze, has ýokary basgançaklara göterilmegi oba hojalyk önümçiliginde, şol sanda pagtaçylyk pudagynda zähmet çekýän adamlaryň hem ýaşaýyş-durmuşyny düýpli özgerder, olaryň işine, durmuşyna täze öwüşgin çaýar. Munuň özi türkmen obalarynyň keşbini düýpli täzelemek, ekerançylygyň medeniýetini has-da ýokarlandyrmak, döwrebap agrofirmalary, gaýtadan işleýän kärhanalary döretmek, hususyýetçiligi depginli ösdürmek ýaly örän uly maksatlarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmegimiz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Gadyrly hasyl ussatlary!
Edermen pagtaçylar!

Sizi Daşoguz welaýatynda «ak altynyň» bol hasylyny öndürmekde gazanan bu ajaýyp zähmet ýeňşiňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Goý, eziz Diýarymyzda oba hojalygyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňiz, çekýän halal zähmetiňiz siziň her biriňize egsilmez bagt we rysgal-döwlet, berkarar Watanymyza bolsa şan-şöhrat getirsin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter