Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

опубликованно 05.11.2019 // 406 - просмотров
 

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda

«Kazyýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 25-nji, 54-nji, 56-njy, 72-nji we 88-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Toýnazar Annanazarowiç Hudaýnazarowy Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň başlygy wezipesine belläp, ony Ahal welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly;

Kyýas Öwezowy Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň başlygy wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly;

Öwezmyrat Sapargeldiýewiç Bäşimowy Ahal welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesine belläp, Ahal welaýat kazyýetiniň Prezidiumynyň düzümine girizmeli we ony Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly;

Aýly Gurbanmuhammedowiç Meretnyýazowy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap kazyýetiniň başlygy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Öwezmyrat Begmyradowiç Döwletowy Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli;

Berdimyrat Ýezdankuliýewiç Saparmamedowy Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli;

Şöhrat Iloglyýewiç Mämmetgurbanowy, ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly;

Perhat Hydyrowiç Karýagdyýewi, ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Ahal welaýatynyň Tejen etrap, şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Nurgeldi Arazmuhammedowiç Gutlyýewi, ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Maksat Serdarowiç Annaýewi Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 5-nji noýabry.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter