Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 05.11.2019 // 365 - просмотров
 

«Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Döwranmuhammet Aşyrmuhammedowiç Baýmuhammedow Mary welaýatynyň harby prokurory wezipesine bellenilip, ol Lebap welaýatynyň harby prokurory wezipesinden boşadyldy;

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Şatlyk Gündogdyýewiç Myradow Lebap welaýatynyň harby prokurory wezipesine bellenilip, ol Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;

1-nji derejeli ýurist Öwezmyrat Begjanowiç Atalakow Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň prokurory wezipesine bellenilip, ol Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Nurgeldi Hangeldiýewiç Annageldiýew Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň prokurory wezipesine bellenilip, ol Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;

ýustisiýanyň geňeşçisi Öwezmämmet Şyhmämmedow Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň prokurory wezipesine;

2-nji derejeli ýurist Ýakup Atamyradowiç Öwezow Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň prokurory wezipesine;

2-nji derejeli ýurist Aman Gurtgeldiýewiç Nuryýew Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň prokurory wezipesine;

2-nji derejeli ýurist Kerwen Kyýasmuhammedowiç Annagurdow Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.

Ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Döwletnazar Şyhnazarowiç Şyhyýew Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Çarygeldi Garagulow Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Begenç Öwlýakulyýewiç Rahmedow Mary welaýatynyň harby prokurory wezipesinden boşadyldy;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, 1-nji derejeli ýurist Nurberdi Begmyradowiç Meredow Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Berdiýew Ýaýlym Ýagmyrowiçe berk käýinç yglan edildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter