Türkmen pälwanlarynyň ýedi medaly | TDH
Sport

Türkmen pälwanlarynyň ýedi medaly

опубликованно 12.08.2015 // 915 - просмотров
 

Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde golaýda geçen alyş göreşi boýunça Aziýanyň çempionatynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda türkmen türgenleri 3 altyn we 4 bürünç medal gazandylar.

Guşakly göreş boýunça ýaryşlara Aziýa yklymynyň 10-dan gowrak döwletinden ýüzlerçe türgenler gatnaşdylar. Türkmen pälwanlary üçin bu çempionat 2017-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň düzümine girýän milli göreş boýunça ýaryşlara taýýarlygyň möhüm tapgyrlarynyň biri boldy. Ýaryşyň netijeleri ildeşlerimiziň ajaýyp taýýarlyk derejesindedigini aýdyň görkezdi.

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk instutynyň talyplary Garmämmet Şamämmedow (80 kilograma çenli agram derejesinde) we Rejebaly Orazalyýew (100 kilograma çenli agram derejesinde), Lebap welaýatynyň merkezi şäherinden türgen zenan, 2012-nji ýylda Londonda geçen tomusky Olimpiýa oýunlarynda dzýudo boýunça ýaryşlara gatnaşan Gülnar Haýytbaýewa (63 kilogarma çenli agram derejesinde) hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdylar.

Allanur Goçow (60 kilograma çenli agram derejesinde), Laçyn Badaglyýewa (52 kilograma çenli agram derejesinde), Aýnur Amanowa (58 kilograma çenli agram derejesinde) we Şirin Kubaýewa (77 kilogramdan ýokary agram derejesinde) bürünç medala mynasyp boldy.

Umumy toparlaýyn hasapda ildeşlerimiziň görkezen netijeleri hem guwandyrýar. Türkmenistanyň erkekler düzümi ýaryşda üçünji orny, zenanlar düzümi bolsa ikinji orny eýeledi. Iki topar boýunça gazanylan utuk sanlarynyň hasabynda Türkmenistanyň ýygyndysy çempionatda diňe ýer eýelerinden yza galyp, ikinji orny eýeledi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter