Adam hukuklaryny üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi | TDH
Jemgyýet

Adam hukuklaryny üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi

опубликованно 24.10.2019 // 168 - просмотров
 

Şu gün Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň, käbir ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine şu ýylyň dokuz aýynda bu düzümiň geçiren
işleriniň jemleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksatnamalaýyn çykyşlaryndan gelip çykýan möhüm wezipeleri kesgitlemek bilen bagly meseleler girizildi.

Ýurdumyzyň hukuk ulgamyny kämilleşdirmek hem-de ýurdumyzyň adam hukuklary we azatlyklary babatda halkara borçnamalaryny iş ýüzünde amala aşyrmak, milli maksatnamalaryň we hereketler meýilnamalarynyň taslamalaryny taýýarlamak toparyň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar.

Şunuň bilen baglylykda, degişli abraýly guramalar bilen gatnaşyklaryň giňelendigi bellenildi, Birleşen Milletler Guramasynyň ynsanperwer ugurly ýöriteleşdirilen edaralarynyň we institutlarynyň wekilleriniň ýurdumyza yzygiderli saparlary, Türkmenistanyň möhüm halkara konwensiýalarynyň we olara teswirnamalaryň birnäçesine goşulmagy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Şunda bu ugurda milli kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ony dünýäniň hukuk ulanyş işiniň umumy kabul edilen kadalaryna kybap getirmek boýunça teklipleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilýär.

Türkmenistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasy doktrinasyny amala aşyrmak, ýurdumyzy demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde ykrar etmekde täsirli ýagdaý hökmünde BMG bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellemek bilen, mejlise gatnaşyjylar bu hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösýändigini, şol sanda adam hukuklary ýaly möhüm ugurda giňelýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmenistanda adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça 2020 — 2022-nji ýyllar üçin milli meýilnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda soňky döwürde Halkara migrasiýa guramasy bilen hyzmatdaşlykda uly tejribäniň toplanandygy bellenildi.

Bu resminamanyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, toparyň agzalary Hereketleriň milli meýilnamasynyň bu ugurda degişli işleri utgaşdyrmak üçin netijeli gural bolup hyzmat etmelidir diýip bellediler. Bellenilen çäreleriň iş ýüzünde amala aşyrylmagy öňde goýlan maksatlara ýetmek boýunça umumy tagallalara ähmiýetli goşant bolar.

Ýurdumyzda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň taslamasy mejlisde seredilen meseleleriň biri boldy. Ýaş nesliň abadançylygyny üpjün etmek, ony milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek resminamanyň esasy maksatlary bolup durýar. Bu bolsa, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynda ileri tutulýan ugurdyr.

Türkmen döwleti Çagalaryň durmuşyny üpjün etmek, olary goramak we ösdürmek boýunça Bütindünýä jarnamasyna hem-de BMG-niň Çaganyň hukuklary hakynda konwensiýasyna goşulmak bilen, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeň berkidýär.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNICEF) bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi. Muňa mysal hökmünde bilelikde amala aşyrylan taslamalar, şeýle hem Türkmenistanyň 2018 — 2020-nji ýyllar üçin ÝUNICEF-niň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy görkezildi.

Mejlisiň barşynda Jyns taýdan kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda halkara konwensiýasynyň ýerine ýetirilişi barada Milli hasabatyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýygnananlar türkmen tarapynyň öz üstüne alan borçnamalaryny, şol sanda degişli ugurda döwletimiziň gazanan ösüşi barada düşünje berýän hasabatlylygy düzmek boýunça wezipäni doly ýerine ýetirýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Umuman, ýygnananlar hasabat döwründe abraýly düzümler bilen bilelikde ýerine ýetirilen işleri seljermek bilen Türkmenistanyň we BMG-niň hyzmatdaşlygynyň has-da giňeldilmeginiň halkymyzyň bähbidine, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adalatly we belent ynsanperwer syýasatynyň wezipelerine we maksatlaryna kybap gelýändigi barada bir pikire geldiler.

Pudagara toparyň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere seredildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter