Resmi habar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habar

опубликованно 16.10.2019 // 415 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli mirasymyzy gorap saklamak, türkmen alabaý itleriniň tohumçylyk-seçgi işini ösdürmek we alabaý itlerini köpeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetini döretmäge esaslandyryjylar hökmünde Türkmenistanyň Merkezi bankyna, Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankyna, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankyna, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankyna, «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankyna, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna, «Halkbank» döwlet täjirçilik bankyna her biriniň esaslyk maýadaky paýy 12,5 göterim möçberde paýly gatnaşmagyna ygtyýar berildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter