Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa | TDH
Syýasat habarlary

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

опубликованно 11.10.2019 // 281 - просмотров
 

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Maňa ýokary sylag bolan Türkmenistanyň Gahrymany diýen derejäniň berlendigi üçin Size we Türkmenistanyň tutuş halkyna tüýs ýürekden hoşallygymy ýene bir ýola mälim etmäge rugsat beriň.

Ýurduň hem-de halkyň bagtyýarlygy we gülläp ösmegi ugrunda köp işleri bitiren hem-de şeýle tagallany yzygiderli dowam edýän adamdan, ýagny, Sizden sylagy uly hormat bilen kabul edip we Türkmenistanyň hem-de onuň mähriban adamlarynyň ykbalyna dahyllydygymy duýmak we şu toprakda şahsyýet hökmünde kemala gelendigim mende ýakymly duýgulary döredýär.

Siziň paýhasly ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine we zähmet ýeňişlerine, şol sanda maňa ýakyn bolan älem giňişliginde ýeten derejesine tüýs ýürekden buýsanmak bilen, men mähriban Watanymyzyň häzirki döwürde binýady tutulýan nurana geljeginiň bardygyna ynanýaryn. Garaşsyzlyk mynasybetli geçirilen baýramçylyga gatnaşyp, Siziň ýolbaşçylygyňyzda türkmen halkynyň durmuşyň ähli ulgamlarynda iň beýik derejelere ýetmäge ukyplydygyna bolan ynamym has-da berkedi. Şeýle üstünliklerde meniň hem azajyk goşandymyň bardygyna örän buýsanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Size berk, “älem” saglygyny, abadançylyk, Siziň Türkmenistanyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan köptaraply we jogapkärli işiňizde uly üstünlik arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Oleg Kononenko,
tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar
toparynyň serkerdesi, Türkmenistanyň Gahrymany

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter