Türkmenistanyň Prezidentiniň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy

опубликованно 11.10.2019 // 172 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň duşuşygy boldy.

Duşuşygyň öň ýanynda Türkmenistanyň Prezidenti we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Sammitiň resmi banneriniň öňünde surata düşdüler.

Döwletleriň Baştutanlary mähirli görşüp, nobatdaky gezek duşuşmak hem-de biziň ýurdumyzyň GDA-da başlyklyk etmegini nazara almak bilen, halkara görnüşde, şeýle hem Arkalaşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Bellenilişi ýaly, GDA gatnaşyjy ýurtlaryň hemmesinde häzirki foruma işjeň taýýarlyk görüldi hem-de onuň üstünlikli we netijeli geçirilip, hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça oňyn miweleri berjekdigine hem-de pikirleri döretjekdigine ynam bildirildi.

Söhbetdeşler iki döwletiň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we özara bähbitli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklamak bilen, soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň okgunly ösüş depginini kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşygyň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini hem-de netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek we ösdürmek üçin açylýan täze mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda uzakmöhletleýin esasda guralýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň kuwwatyny amala aşyrmagyň zerurdygy bellenildi.

Ulag-aragatnaşyk pudagynyň möhüm ugurlary gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy, munuň özi iki ýurduň çäk taýdan amatly ýerleşmegi we üstaşyr kuwwaty bilen şertlendirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň Baştutanlary Aziýa halkara demir ýol geçelgeçini çekmek boýunça bilelikdäki taslamany amala aşyrmak bilen bagly meselelere üns berdiler. Bu geçelge Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Owganystanyň polat ýollaryny birleşdirip, sebit hem-de halkara üstaşyr ulag gatnawlarynda ähmiýetli halka öwrülmegi üçin ähli şertlere eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly,
Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde gaýtadan dikeldýän bu polat ýol diňe iki dostlukly ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine däl-de, tutuş dünýäniň abadançylygyna hyzmat eder.

Milli Liderimiz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler, ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak barada aýtmak bilen, özgertmeler maksatnamasynyň toplumlaýyn häsiýete eýedigini hem-de işjeň geçirilýän durmuş syýasaty bilen gös-göni baglydygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti bilim ulgamynda gatnaşyklary berkitmek, iki ýurduň arasynda medeni we döredijilik alyşmalaryny dowam etmek barada pikirini beýan etdi.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Emomali Rahmon Täjigistanyň Bitarap Türkmenistanyň netijeli daşary syýasatyny we döredijilikli başlangyçlaryny doly goldaýandygyny belledi. Şol başlangyçlar sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmegiň maksatlaryna kybap gelýär.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Emomali Rahmon dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde hem Türkmenistanyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň doganlyk halklarynyň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri S.Aslow gatnaşdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter