Türkmenistanyň Prezidentiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy

опубликованно 10.10.2019 // 587 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň duşuşygy boldy.

Duşuşygyň öň ýanynda iki ýurduň Baştutanlary sammitiň resmi banneriniň öňünde surata düşdüler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow iki doganlyk halkyň taryhy-medeni we ruhy ýakynlygyna esaslanýan döwletara gatnaşyklary ösdürmäge berýän ünsi üçin azerbaýjan kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik hem-de umumy abadançylygyň bähbidine gabat gelýän giň netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyna berk eýermek bilen, goňşy döwlet bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berýär.

Prezident Ilham Aliýew mähirli kabul edilendigi üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirip, türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini belledi hem-de biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde hem ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň, şol sanda GDA-nyň çäklerinde ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Baştutanlary hil taýdan täze derejä çykyp, strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan döwletara gatnaşyklar bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we uzak möhletleýinlilik ýörelgelerinde guralýan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna üns bermek bilen, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew özara gatnaşyklaryň köpugurly mümkinçiliklerini netijeli amala aşyrmagyň umumy abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýändigini bellediler.

Nygtalyşy ýaly, biziň ýurtlarymyz ygtybarly daşary söwda hyzmatdaşlary bolmak bilen, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda özara işjeň gatnaşyklary saklaýar. Şunda harytlaryň sanawyny artdyrmakda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ornuna aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşler döwletlerimiziň dünýäde iri önüm öndürijiler we energiýa serişdelerini iberijiler bolmak bilen, çäk taýdan ýakynlygyny nazara almak bilen ýangyç-energetika pudagynda uly mümkinçiliklere eýe bolup durýandygyny bellediler.

Ulag ulgamy türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň esasy ugrudyr. Bu ulgamda üstaşyr-ulag düzümini döretmek boýunça tagallalary birleşdirmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Türkmenistanda bolşy ýaly, bu ulgamda Azerbaýjan hem döwrebap düzüme, hususan-da, portlar düzümine eýedir. Munuň özi awtomobil-parom hem-de demir ýol-parom gatnawlary boýunça netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, köpugurly logistika ulgamyny döretmäge ýardam edýär.

Söhbetdeşleriň belleýşi ýaly, häzirki wagtda medeniýet, bilim hem-de ylym ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine, syýahatçylyk we sport ulgamlary boýunça gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berilýär. Bularyň hemmesi türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryna kybap gelýär.

Şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew birek-birege jan saglyk we üstünlik, Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň doganlyk halklaryna bolsa bagt we abadançylyk arzuw etdiler.

Şeýle hem duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Elmar Mamedýarow gatnaşdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter