Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 04.10.2019 // 311 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Baýramgeldi Orazgeldiýewiç Öwezowy başga işe geçmegi sebäpli, Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2019-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda çykaran karary tassyklanyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Hajymyrat Şihmyradowiç Hudaýgulyýewi Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy wezipesine saýlamak hakynda Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2019-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda çykaran karary tassyklanyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Hywaliýewiç Purçekow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat we kommunikasiýa toplumy boýunça orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Hajymyrat Şihmyradowiç Hudaýgulyýew başga işe geçmegi sebäpli, senagat we kommunikasiýa ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwletguly Bekdurdyýewiç Baýlyýew «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktorynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter