Türkmenistan — BAE: doganlyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary | TDH
Jemgyýet

Türkmenistan — BAE: doganlyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

опубликованно 29.09.2019 // 690 - просмотров
 

27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli BAE-niň Dubaý şäherindäki dünýäniň iň beýik binasy bolan «Burj Halifa» binasynyň ýüzi ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň şekiline beslendi. Örän täsirli görnüş beýikligi 828 metrlik binany türkmen gölleri we bäş ýyldyzly ýarymaý şekili bilen öwşün atýan al-ýaşyl sütüne öwürdi. Munuň özi dostlugyň we doganlygyň özboluşly hem-de aýdyň alamaty boldy.

Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistanyň öňden gelýän we iri söwda-ykdysady hyzmatdaşydyr. Dürli ugurlarda, şol sanda işewürlik düzümi boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar netijeli ösdürilýär. Emirligiň işewürliginiň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge gyzyklanmasy artýar.

Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty, ýurdumyzda senagatlaşdyrmaga hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary ornaşdyrmagyň esasynda diwersifikasiýalaşdyrylan döwrebap senagat düzümini kemala getirmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary we taslamalary bilen baglydyr.

Şunuň bilen baglylykda, geçen ýyllarda milli Liderimiziň Birleşen Arap Emirliklerine hem-de BAE-niň Baştutanynyň ýurdumyza bolan resmi saparlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň ýolunda ähmiýetli ädim boldy. Şolaryň barşynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen resminamalar ähli ugurlar boýunça oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ygtybarly binýady goýdy.

Ine, hormatly Prezidentimiziň 2007-nji ýylyň awgustynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan sapary hem-de BAE-niň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň fewralynda ýurdumyza bolan jogap sapary türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň häzirki zaman taryhynda möhüm sahypalar boldy.

2010-njy ýylda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BAE-e bolan nobatdaky sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşinde täze tapgyry açdy. Şol saparyň öňüsyrasynda Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň Halkara maýa goýum forumy uly üstünlik bilen geçdi. Şol forum şunuň ýaly iri forumlaryň daşary ýurtlarda geçirilenleriniň ilkinjileriniň biri boldy. Şonda BAE-niň işewür toparlary geljegi uly türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.

2010-njy ýylyň fewral aýynda bolan şol saparyň çäklerinde milli Liderimiz Dubaý şäherinde BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Muhammed Bin Raşid Al Maktumyň ýanynda bolmagynda şäheriň baş gözelligi bolan meşhur «Burj Halifa» binasy bilen tanyşdy.

Ýalpyldaýan, ýokarlygyna inçelip gidýän 180 metrlik böleginiň metal gurnamalardan bolan tamamlanýan çür depesi asmana direýän bu belent bina Dubaýyň täze işewürlik merkeziniň esasy alamatydyr. BAE-niň Prezidenti Şeýh Halifa Ben Zaýed Al Nahaýýanyň hormatyna atlandyrylan bu binanyň dabaraly açylyşy 2010-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary döwletleriň baştutanlarynyň bu bina baryp görenleriniň ilkinjisi boldy. Bu bina häzire çenli hem dünýäde iň beýik bina bolmagynda galýar.

2013-nji ýylyň fewral aýynda Aşgabatda Türkmenistanyň we BAE-niň Baştutanlarynyň gepleşikleri geçirildi. Şol gepleşikler netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmäge täze itergi berdi. Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça beýleki resminamalar bilen birlikde kabul edilen bilelikdäki Beýannamada taraplar nebitgaz, nebiti gaýtadan işleýiş, himiýa senagaty hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa ýaly ileri tutulýan ulgamlarda gatnaşyklary giňeltmek we netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen tagallalaryny artdyrmagy maksat edinýändiklerini beýan etdiler.

Iki ýurduň Liderleri halklary ýakynlaşdyrmagyň, olaryň arasyndaky özara düşünişmegi çuňlaşdyrmagyň, medeniýetleri özara baýlaşdyrmagyň, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm serişdesi hökmünde ynsanperwer hyzmatdaşlygyň eýeleýän ornuny ykrar edip, medeni alyşmalary höweslendirmegi hem-de çuňlaşdyrmagy, syýahatçylyk, sport, ylym we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi ylalaşdylar. Munuň şeýle bolup, döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uly üns berýär.

Şeýlelikde, iki ýurduň ýokary ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklary dünýäniň geosyýasy hem-de ykdysady giňişliginde dostlukly döwletlerimiziň eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrylmaga gönükdirýärler.

2018-nji ýylyň mart aýynda milli Liderimiziň BAE-e bolan resmi saparynyň netijeleri hem munuň subutnamasy boldy. Emirlikleriň paýtagty Abu-Dabide milli Liderimiz bilen Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda geçirilen gepleşikler iki döwletiň deňhukuklylyk, umumy bähbide we hoşniýetli erke eýermek ýörelgelerinde netijeli gatnaşyklara yzygiderli ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Kabul edilen bilelikdäki resminamalaryň uly toplumy şol gepleşikleriň netijesi boldy. Şol resminamalar hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk esasyny giňeldýär, medeniýet, bank işi, energetika ulgamlarynda we beýleki ugurlarda özara gatnaşyklary berkidýär.

Şol saparyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Abu-Dabide BAE-niň wise-prezidenti we Premýer-ministri, Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Muhammed Bin Raşid Al Maktum hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, ministr, BAE-niň Prezidentiniň iş dolandyryjysy Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen hem duşuşyklary geçirdi.

Ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklar depginli ösdürilýär. Munuň şeýledigine hökümet wekiliýetleriniň özara saparlary, Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklar şaýatlyk edýär.

Türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparyň işine uly ähmiýet berilýär. Şol toparyň işi ikitaraplaýyn eksport-import kuwwaty, haryt dolanyşygynyň möçberini we ykdysady hyzmatdaşlygyň depginini artdyrmaga gönükdirilendir.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleri gazylyp alynýan peýdaly zatlaryň gorlary boýunça dünýäniň gurply döwletleridir. Bu bolsa ýangyç-energetika pudagynda tagallalary netijeli birleşdirmek üçin zerur şertleri döredýär, nebiti we gazy çykarmak hem-de gaýtadan işlemek, energiýa serişdelerini halkara bazarlara ugratmak babatda özara gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikleri açýar.

BAE-den bolan kompaniýalaryň hatarynda «Dragon Oil» kompaniýasyny bellemek gerek. Bu kompaniýa ýurdumyzda iri daşary ýurt maýadarlarynyň biri bolmak bilen, önümleri paýlaşmak hakynda ylalaşygyň çäklerinde 1999-njy ýyldan bäri Hazaryň türkmen böleginde işleýär.

Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlary Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyna uly gyzyklanma bildirýärler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Bu gaz geçiriji energetika howpsuzlygynyň ählumumy gurluşyny kemala getirmäge, möhüm ykdysady we durmuş wezipelerini çözmäge uly goşant, taslama gatnaşyjy ýurtlaryň we tutuş sebitiň halklarynyň arasyndaky parahatçylyk hem-de dostluk köprüsi bolup durýar.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, Türkmenistanyň hem-de BAE-niň gurluşyk pudagyny we himiýa senagatyny ösdürmäge uly üns berýändigini bellemek gerek. Munuň özi degişli ugurlarda özara gatnaşyklaryň täze görnüşlerini işläp taýýarlamaga mümkinçilik döredýär. Şunda taraplaryň pikirine görä, gurluşyk serişdelerini we himiýa senagatynyň önümlerini öndürmekde gatnaşyklaryň ýola goýulmagy geljegi uly ugurlaryň biridir.

Ulag ulgamy ýaly strategik ulgam döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň we BAE-niň çäk babatda ýerleşişini nazara alanyňda, halkara ulag-aragatnaşyk geçelgelerini hem-de köpugurly ulag düzümini döretmek maksady bilen mümkinçilikleri birleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk maksadalaýyk bolup durýar.

Umuman, häzir biziň ýurdumyz iri logistika we üstaşyr merkez, serhetüsti söwda ýollarynyň möhüm çatrygy hökmünde daşary ýurtly maýadarlary özüne çekýär. Bu bolsa doly kanunalaýyk ýagdaýdyr, çünki ençeme asyrlaryň dowamynda türkmen topragyndan Beýik Ýüpek ýoly geçipdir.

Häzir ady rowaýata öwrülen bu ýol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksada gönükdirilen işleri netijesinde täze görnüşde dikeldilip, sebit hem-de dünýä derejesinde, şol sanda Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň arasynda baglaýjy halka hökmünde netijeli halkara hyzmatdaşlygy hem-de oňyn goşulyşmak işlerini ösdürmekde öz täsirli ornuny tassyklaýar.

Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürler bileleşigi maýa goýum, hususan-da, awtomobil we demir ýol gurluşygy babatda ýurdumyz bilen has giň gatnaşyklara taýýardygyny beýan edýär.

Mundan başga-da, BAE-niň işewür düzümleri beýleki birnäçe ugurlarda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýärler. Bu meseleler soňky ýyllarda dürli derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki paýtagty birleşdirýän yzygiderli howa gatnawlary işewür we syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär.

Ýeri gelende aýtsak, geçen ýyl Aşgabatdan Abu-Dabi şäherine gatnawlaryň sany milli daşaýjy tarapyndan hepdede iki gezege çenli artdyryldy. Häzirki wagtda türkmen awiakompaniýasy Dubaý şäherine hem yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.

Şu ýylyň iýun aýynda Dubaýda türkmen haly, dokma we sowgatlyk önümleri dükanynyň açylmagy türkmen-emirlikler söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň uly mümkinçiliklerini görkezýän aýdyň waka boldy. Geçen ýylyň martynda bolsa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Dubaýda geçirilen «International Design Exhibition 2018» mebel, interýer we dizaýn halkara sergisinde haly önümlerini görkezdiler. Türkmen halylarynyň bu sergide üstünlik gazanmagy hem biziň telekeçilerimize Emirliklerde şeýle dükany açmak pikirini döretdi.

Ynsanperwerlik ulgamy Türkmenistanyň hem-de BAE-niň arasyndaky gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup, bu ugurda ylym we bilim, medeniýet, sungat hem-de döredijilik ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar. Iki ýurduň halklarynyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmek boýunça gatnaşyklary giňeltmek hem zerur bolup durýar. Medeniýet günleriniň gezekleşikli geçirilmegi şol gatnaşyklaryň netijeli görnüşidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň hem-de BAE-niň halklaryny öçmejek ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygy birleşdirýär, bu bolsa olaryň arasynda dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek üçin ygtybarly esas bolup durýar. BAE-niň Prezidenti Halifa Ben Zaýed Al Nahaýýanyň türkmen halkyna hormatynyň nyşany hökmünde Aşgabatdaky Döwletliler köşgüniň gurluşygyny maliýeleşdirmegini şeýle gatnaşyklaryň mysaly hökmünde görkezmek bolar.

Türkmen-emirlikler syýasy gatnaşyklary üstünlikli ösdürilýär, abraýly halkara guramalaryň, aýratyn-da, BMG-niň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklara işjeň häsiýet mahsus bolup durýar. Birleşen Arap Emirlikleri Milletler Bileleşiginiň çäklerinde ýurdumyzyň öňe sürýän netijeli tekliplerini we başlangyçlaryny ilkinjileriň hatarynda goldaýar. Ýurtlaryň ikisiniň hem sebit we dünýä gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri, ilkinji nobatda, tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de ösüşi üpjün etmek boýunça ileri tutulýan meseleler babatda çemeleşmeleri gabat gelýär ýa-da meňzeşdir.

Mahlasy, 1995-nji ýylda diplomatik gatnaşyklary ýola goýan Türkmenistan we BAE köpugurly gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýar we kämilleşdirýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň 31-nji awgustynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerinde — Dubaý şäherinde Baş konsullygyny açmak hakynda karara gol çekdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter