Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilenlere pasportlar gowşuryldy | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilenlere pasportlar gowşuryldy

опубликованно 26.09.2019 // 175 - просмотров
 

Şu gün Döwlet migrasiýa gullugynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň raýatlygyna 863 adamy kabul etmek hakynda Permana gol çekdi.

Şu dabara ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän halkara guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşulular gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda apatridleriň meselelerini çözmäge berýän uly ünsi, olaryň abadan durmuşy üçin hemme şertleriň döredilýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.

Dabarada BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdiriýetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebit edarasynyň baştutany Ýasuko Oda, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany Natalýa German, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa raýatsyzlyk meseleleriniň çözülmeginde Türkmenistanyň saldamly goşandyny bellediler. Ýurdumyzyň görkezýän nusgasy diňe bir Merkezi Aziýa sebiti üçin däl, eýsem, bütin dünýä üçin hem möhümdir.

Hut şular barada şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissary Filippo Grandiden gelip gowşan hatda hem nygtaldy. Ol öz hatynda Merkezi Aziýada we dünýä derejesinde raýatsyzlyk meselesiniň çözülmeginde öňdäki orny eýelemegi dowam edýän Türkmenistanyň alyp barýan işi üçin hoşallygyny beýan etdi.

Ynsanperwer ugur Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň düzüm bölekleriniň biridir. Ýurdumyz sebitde ilkinjileriň hatarynda bu meselä örän uly üns berip başlady. Bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlar baradaky meseleleriň çözülmegine halkara tagallalarynyň birleşdirilmegi talap edilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda 23 müňe golaý (22 müň 930) adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen raýatlygy bolmadyk adamlara goldaw bermek we bu ýagdaýyň öňüni almaga degişli kepillikleri üpjün etmek üçin 2018 — 2024-nji ýyllarda raýatsyzlygy ýok etmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.

Mahlasy, bu waka ýurdumyzyň halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryna, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülýän sebit we dünýä derejeli ynsanperwer başlangyçlary ösdürmäge hemişe ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter