Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany A.T.Ataýewa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak hakynda | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany A.T.Ataýewa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak hakynda

опубликованно 25.09.2019 // 252 - просмотров
 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny we döwlet garaşsyzlygyny, hemişelik bitaraplygyny pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandyny, döwletimiziň hem-de merdana halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny we gazanan üstünliklerini, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we tutanýerli zähmetini nazara alyp, karar edýärin:

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary) Hemişelik wekili Aksoltan Toreýewna Ataýewa Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesini — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmaly we oňa «Altyn Aý» altyn medalyny gowşurmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabry.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter