Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXII maslahatyna gatnaşyjylara | TDH
Syýasat habarlary

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXII maslahatyna gatnaşyjylara

опубликованно 23.09.2019 // 352 - просмотров
 

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hormatly agzalary!

Sizi ata Watanymyz — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllygy, şeýle hem bu milli baýrama bagyşlanan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXII maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Garaşsyzlyk güni döwletimiziň berkararlygyny we kuwwatlylygyny, jebisligimizi hem-de agzybirligimizi alamatlandyrýan, ýokary watansöýüjilik ruhuny döredýän milli baýramdyr. Şoňa görä-de, şygary «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda giňden bellenýän Garaşsyzlyk gününiň şanyna geçiriljek aýdym-sazly baýramçylyk dabaralarynyň, medeni-köpçülikleýin çäreleriniň mähriban halkymyzyň, aýratyn hem dünýä türkmenleriniň kalbynda ýeke-täk we eziz Watanymyzyň şanly geçmişine, häzirki beýik eýýamyna, dünýä dolýan abraýyna hem-de mertebesine bolan söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar astynda Garaşsyz döwletimizi gülläp ösüşleriň ýolunda belent maksatlarymyza tarap bedew bady bilen öňe alyp barýarys. Mähriban halkymyzyň, şeýle hem dünýä türkmenleriniň döretmäge bolan hyjuwy, gurmaga bolan güýji, beýik geljegimize bolan uly ynamy bilen ata Watanymyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalarymyzy, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys.

Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň binýatlyk esaslarynyň has-da pugtalandyrylýandygyny, durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşiniň üpjün edilýändigini, ilkinji nobatda bolsa, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylýandygyny tassyklaýan biziň ähli üstünliklerimiz hem-de ýeten belent sepgitlerimiz taryha altyn sahypalar bilen ýazylyp, ýurdumyzyň raýatlary üçin hem, dünýäniň dürli döwletlerinde ýaşaýan türkmenler üçin hem uly buýsanç duýgusyny döredýär.

Eziz doganlar, mähriban watandaşlar!

Garaşsyzlyk Russiýa Federasiýasynda, Beýik Britaniýada, Germaniýada, Şwesiýada, Ukrainada, Türkiýede, Özbegistanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Owganystanda, Pakistanda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Saud Arabystany Patyşalygynda we dünýäniň beýleki ýurtlarynda mekan tutunan dünýä türkmenlerini beýik Watanymyzyň — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň mukaddes suprasynyň başyna jemledi.

Biz dünýä döwletleri, şol sanda türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýurtlary bilen dostluk, doganlyk, rowaçlyk ýollaryny gurýarys, hoşniýetli gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýarys. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işewür wekilleri ykdysady, medeni, ylym we bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, sport, söwda ulgamlarynda, neşir işlerinde we beýleki ugurlarda öňümizde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli amala aşyrmaga, berkarar döwletimiziň ösüş depginini has-da çaltlandyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Dünýä türkmenleriniň wekilleri milli baýramlarymyza, Türkmenistanyň Halk Maslahatyna işjeň gatnaşýarlar. Ata-babalarymyzdan gelip ýeten gymmatlyklara laýyklykda, dünýä türkmenlerini birek-birege has-da ýakynlaşdyrýan, nesillerimizde watançylyk, ynsanperwerlik ýaly belent ynsan häsiýetlerini terbiýeleýän festiwallar, medeni-jemgyýetçilik çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Gadymy döwürlerden gözbaş alýan watansöýüjiligimizi we milli ýörelgelerimizi dünýä ýüzünde giňden dabaralandyrmak hem-de döretmek we gurmak ýoly bilen eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýmak biziň ählimiziň esasy maksadymyz bolmalydyr. Watan şöhratly geçmişimizi, bagtyýar şu günümizi we beýik geljegimizi özünde jemleýän baş gymmatlygymyzdyr.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hormatly agzalary!

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXII maslahatynyň bir supranyň başynda jem bolan dünýä türkmenlerini has-da jebisleşdirmekde, doganlyk gatnaşyklarymyzy we agzybirligimizi pugtalandyrmakda, şeýle hem parahatçylygyň we dostlugyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy mazmun taýdan has-da baýlaşdyrmakda we işjeňleşdirmekde örän uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Goý, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň röwşen ýolunda abadançylygyň we rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ata Watanymyz mundan beýläk hem gülläp össün, eziz Diýarymyzyň at-abraýy has-da belende galsyn!

Size berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, mukaddes Watanymyz — Garaşsyz Türkmenistanyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter