Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 20.09.2019 // 406 - просмотров
 

Ata-babalarymyzyň adamkärçilik, ynsanperwerlik we ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, şeýle hem adamlaryň raýatlygy erkin saýlap almak hukugyny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda» Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň bir topary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.

Daşary işler ministrligine, Içeri işler ministrligine, Döwlet migrasiýa gullugyna beýleki dahylly ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek barada ýüz tutan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň resminamalaryny resmileşdirmek işlerini Türkmenistanyň Prezidentine degişli teklipleri bermek üçin dowam etdirmek tabşyryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Annaberdiýew Rejepmyrat Kakabaýewiç işde goýberen kemçilikleri üçin, Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurbangulyýew Merdan Gurbangulyýewiç işde goýberen kemçilikleri üçin, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter