Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

опубликованно 18.09.2019 // 478 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Erkebulan Sapiýewi kabul etdi, ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Ilçi wagt tapyp kabul edendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň hem-de Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Baştutany Nursultan Nazarbaýewiň mähirli salamyny ýetirdi. Diplomatyň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda okgunly ösdürilýän Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmek onuň üçin uly hormat bolup durýar, iki goňşy döwleti öňden gelýän dostluk we doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.

Erkebulan Sapiýew pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy bilen gutlap, bagtyýarlyk hem-de abadançylyk, ýurdumyzyň halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösmegi we öňe gitmegi arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy döwletiň ýolbaşçylaryna hem-de Nursultan Nazarbaýewe mähirli salamyny ýollap, ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Goňşy ýurtlar, şol sanda Gazagystan bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi. Bu gatnaşyklar häzirki döwürde hil taýdan täze mazmuna eýe boldy.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz hem-de doly ygtyýarly wekil birek-birege hormat goýmak we goldamak ýörelgelerinde guralýan, şeýle hem uly mümkinçiliklere eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurtlarymyzyň möhüm, strategik hyzmatdaşlar bolup durýandygy, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugta kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň döredilmeginiň hem-de bilelikdäki hökümetara toparyň alyp barýan işleriniň munuň subutnamasydygy nygtaldy.

Özara bähbitlere, şeýle hem tutuş sebitiň bähbitlerine kybap gelýän, bilelikde durmuşa geçirilen iri düzümleýin taslamalar netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Hususan-da, «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň ähmiýeti bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz hem-de Gazagystanyň doly ygtyýarly wekili söwda-ykdysady ulgamyny, ulag-aragatnaşyk pudagyny, energetika we beýleki birnäçe ulgamlary geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlediler.

Döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanylýan ekologiýa meselesi hem aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu ýylyň awgustynda milli Liderimiziň başlangyjy bilen üstünlikli geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň jemlerini nazara almak bilen, Hazar meselelerini çözmek boýunça tagallalary birleşdirmegiň möhümdigine aýratyn üns berildi.

Şunuň bilen baglylykda, ilçi Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde ýakynda kabul edilen Hazar ykdysady forumynyň jemleýji Beýannamasynyň ähmiýetini belledi.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Erkebulan Sapiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlarynyň oňyn häsiýetini belledi.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýakynda kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň wajypdygyny aýdyp, ilçi bu resminamalaryň türkmen Lideriniň daşary syýasy strategiýasynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň hem-de ýurdumyzyň diplomatiýasynyň nobatdaky üstünliginiň aýdyň subutnamasydygyny belledi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldaýandygy üçin Gazagystanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirip, sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça döwletlerimiziň çemeleşmeleriniň hem-de garaýyşlarynyň gabat gelýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolan medeni-ynsanperwer ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Bellenilişi ýaly, türkmen we gazak halklarynyň umumy ruhy gymmatlyklaryna daýanmak bilen däbe öwrülen bu gatnaşyklar ýylsaýyn täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz we dostlukly döwletiň doly ygtyýarly wekili ylym-bilim ulgamynda, saglygy goraýyş, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek barada pikirlerini beýan edip, bilelikdäki döredijilik çärelerini guramagyň hem-de dürli ugurlarda taslamalary amala aşyrmagyň möhümdigini nygtadylar.

Türkmen-gazak gatnaşyklaryny berkitmegiň möhüm şerti bolan parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleler hem aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Erkebulan Sapiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy deňhukuklylyk, birek-biregi hormatlamak we netijelilik ýörelgelerinde guralýan döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynandyrdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter