Milli Liderimiziň täze kitaby halkymyzyň ruhubelentliginiň nyşanydyr | TDH
Jemgyýet

Milli Liderimiziň täze kitaby halkymyzyň ruhubelentliginiň nyşanydyr

опубликованно 17.09.2019 // 305 - просмотров
 

Şu gün paýtagtymyzdaky Oba hojalyk toplumynyň maslahatlar zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen alabaýy” atly täze eseriniň neşir edilmegi mynasybetli tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa hökümet agzalary, obasenagat toplumynyň ähli düzümleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet tebigy goraghanalaryň, ugurdaş ylmy institutlaryň, ýokary okuw mekdepleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň türkmen halkynyň baý milli mirasyna bagyşlanan we giň okyjylar köpçüligine niýetlenen nobatdaky eseri watandaşlarymyz üçin Garaşsyzlyk gününe ajaýyp sowgat boldy.

Çykyş edenler “Türkmen alabaýy” atly kitabyň ynsanperwerlik ähmiýetini nygtadylar. Onda türkmen halkynyň durmuşynyň mähriban tebigat bilen özara baglanyşygy, durmuş gatnaşyklarynyň çuňňur esaslary beýan edilýär. Bu tohum itiň gadymy döwürlerden bäri çopanlaryň hemrasydygy we süriniň ygtybarly goragçysydygy barada gürrüň edildi.

Tanyşdyrylyş çäresiniň barşynda döwlet Baştutanymyzyň täze eseriniň ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, türkmen halkynyň taryhy mirasyna göz ýetirmekde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň ruhubelentligini arşa götermekde aýratyn orny eýeleýändigi nygtaldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň zehininden dörän “Türkmen alabaýy” kitaby milletiň mirasyny dünýä wagyz etmekde nobatdaky wajyp ädimdir diýip, dabara gatnaşyjylar bellediler.

Türkmenleriň wepaly dostuna — alabaýa bagyşlanan eser awtoryň öz okyjylary bilen eziz Watanymyzyň taryhy we ykbaly, onuň gaýduwsyz halky baradaky ýürekdeş söhbetdeşligi görnüşinde beýan edilipdir.

Munuň özi özboluşly ensiklopediýa bolmak bilen, onda türkmen alabaýlary hakynda täsin ylmy we folklor maglumatlary jemlenipdir. Arheologiýa, etnografiýa ylmy barlaglaryň maglumatlary bilen utgaşdyrylýan mazmun şöhratly türkmen seçgiçileriniň döreden ajaýyp tohumdaky itleri hakyndaky gyzykly maglumatlary beýan edýär. Bellenilişi ýaly, bu kitap kinologlar, birnäçe pudaklaryň hünärmenleri üçin aýratyn gymmatly bolup durýar. Çydamlylyk, gaýduwsyzlyk, wepalylyk, öz eýesine we çägini goramaga bolan ukyp ýaly häsiýetleri asyrlaryň dowamynda kämilleşdiren alabaýlar häzirki döwürde dürli ugurlarda işjeň ulanylýar.

Kitapda ýerleşdirilen mowzuklaýyn folklor serişdeleri — özüne nakyllary, dana sözleri we beýlekileri birleşdirýän halk pähiminiň baý gatlagy hem ýörite ylmy taýdan öwrenilmäge mynasypdyr.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu eseriniň milli medeni mirasy öwrenmäge we ony giňden wagyz etmäge mynasyp goşantdygyny hem-de diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda hem janly-jandarlara sarpa goýýanlarda uly gyzyklanma döretjekdigini bellediler.

Döwlet Baştutanymyzyň her bir kitabynda okyjyny ruhlandyrýan mazmunyň bardygy bellärliklidir. Çünki olar watansöýüjilik ruhunda, ata Watanymyza bolan çuňňur we ýalkymly söýgi esasynda beýan edilýär hem-de taryhy ähmiýeti bolan wakalara düýpli düşünilmegine ýardam edýär. Şeýle hem kitapda döwlet Baştutanymyzyň mähriban Watanymyza bolan söýgüsi, onuň ajaýyp hem-de nurana geljegine bolan çuňňur ynamy beýan edilýär.

Dabaraly çärä gatnaşyjylar oba hojalyk pudagyny ösdürmek ugrunda alyp barýan köptaraply işi, halkymyzyň abadançylygy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda edýän aladasy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Döredijilik toparlarynyň mähriban tebigatymyzyň gözelligini, eziz Watanymyza bolan söýgi duýgusyny, onuň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini wasp edýän çykyşlary bu çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Oba hojalyk toplumynyň binasynyň eýwanynda bu çäre mynasybetli mowzuklaýyn sergi ýaýbaňlandyryldy. Onuň gymmatlyklarynyň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, şeýle hem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen medeni däplerini şöhlelendirýän amaly-haşam sungatynyň eserleri aýratyn orun eýeleýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter