Jiu-jitsu boýunça ýaş ussatlarymyzyň üstünlikleri | TDH
Sport

Jiu-jitsu boýunça ýaş ussatlarymyzyň üstünlikleri

опубликованно 15.09.2019 // 429 - просмотров
 

Rumyniýanyň Buharest şäherinde 13-15-nji sentýabr aralygynda ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda “Ju Jitsu Balkan Open World Cup-2019” jiu-jitsu boýunça dünýä kubogy ugrunda ýaryşlar geçirildi. Oňa Türkmenistan bilen birlikde 27 ýurtdan türgenleriň 1 müň 288-si gatnaşdy.

Bu ýaryşda ýurdumyza pälwanlaryň bäşisi wekilçilik etdi.

Ýaryşlaryň netijeleri boýunça 34 kilograma çenli agram derejesinde Aşgabat şäheriniň 107-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Muhammetaly Gurbanow kumuş medal gazandy, şol agram derejesinde paýtagtymyzyň 8-nji mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Musa Kasymow bolsa bürünç medalyň eýesi boldy.

Ýaş türgenlerimiziň nobatdaky üstünlikleri Watanymyzyň sport ulgamynda şöhratly geljegine ynam döredýär, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bedenterbiýe we sportda ýokary netijeleri gazanmak ulgamynda alyp barýan syýasatynyň üstünlige beslenýändigini tassyklaýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter