Mukamlar köşgünde döwlet Baştutanynyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň neşir edilmegine bagyşlanan dabara geçirildi | TDH
Jemgyýet

Mukamlar köşgünde döwlet Baştutanynyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň neşir edilmegine bagyşlanan dabara geçirildi

опубликованно 14.09.2019 // 343 - просмотров
 

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiziň nobatdaky eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mukamlar köşgüniň eýwanynda kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy mynasybetli sergi gurnalyp, onda görkezilýän gymmatlyklar hormatly Prezidentimiziň ýazan kitaplaryny hem-de täze çapdan çykan “Türkmen alabaýy” atly kitabyny, çeper beýan edilen dürli görnüşli surat eserlerini, heýkeltaraşlyk önümlerini, kümüş şaý-sepleri özünde jemleýär.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, “Türkmen alabaýy” atly kitap diňe bir dünýäde iň gadymy tohumlaryň biri bolan meşhur alabaý tohumynyň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň bermek bilen çäklenmän, eýsem, alabaýyň medeni gymmatlygyny we özboluşlylygyny açyp görkezýär. Bu neşiriň sahypalarynda alabaýyň halk döredijiliginde, edebiýatda, çeper döredijilikde eýeleýän orny barada gyzykly maglumatlar bar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen alabaýyna bagyşlanan täze kitaby ýurdumyzyň medeni-ruhy durmuşynda möhüm waka, milli gymmatlygymyzy wagyz etmekde täze belentlik hem-de ýakynlaşyp gelýän Garaşsyzlyk gününe watandaşlarymyza ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň “Türkmen alabaýy” diýen täze goşgusyna döredilen aýdymyň ilkinji gezek ýaňlanmagy hem milli Liderimiziň zehininden kemal tapan sungat eseriniň ynsan ruhuny göterýän gudratdygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter