Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärlerine | TDH
Syýasat habarlary

Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärlerine

опубликованно 14.09.2019 // 468 - просмотров
 

Hormatly gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleri!

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ilkinji gezek bellenýän Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrülen ata Watanymyzda dürli maksatly desgalaryň we binalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda gurluşykçylaryň ýokary bilimli, ukyp-başarnykly, zehinli nesliniň kemala gelmegi, ýerli gurluşyk kompaniýalarynyň döredilmegi netijesinde, dürli görnüşli binalaryň we desgalaryň gurluşygy hem öz hünärmenlerimiz tarapyndan amala aşyrylýar.

Türkmen gurluşykçylary milli binagärlik däplerimiziň esasynda binalaryň we desgalaryň taslamalaryny taýýarlamakda, binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyna gözegçilik etmekde, olaryň bellenen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagyny üpjün etmekde, olarda ýerli gurluşyk çig malyny ulanmakda uly tejribe topladylar.

Aşgabat şäheriniň demirgazyk böleginde täze guruljak şäheriň, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň, Balkan welaýatynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitinde täze döredilýän döwrebap obanyň, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda düýbi tutulýan döwrebap şäherçeleriň taslamalarynyň türkmen hünärmenleri tarapyndan taýýarlanmagynyň özi hem guwandyryjy ýagdaýdyr.

Bu taslamalaryň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde guralan we ýakynda geçirilen gurluşyk pudagynyň sergisinde görkezilmegi bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekdi we olaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Bu bolsa türkmen gurluşykçylarynyň döwrebap taslamalary düzmekde toplan baý tejribesiniň aýdyň subutnamasydyr.

Energetika pudagy hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň biridir. Energetika pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde, gysga wagtyň içinde täze, kuwwatly elektrik stansiýalary gurlup, ulanmaga berildi. Ýurdumyzyň çäkleri boýunça müňlerçe kilometre uzap gidýän elektrik geçirijileriniň birnäçesi çalşyldy, daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, goňşy ýurtlara tarap ýokary woltly elektrik geçirijileriniň ýüzlerçe kilometri guruldy. Bu işleriň ählisiniň türkmen energetikleriniň ýadawsyz zähmeti netijesinde durmuşa geçirilendigi bu baýramçylyk gününde aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Elektrik energetikasy pudagynyň işgärleri ýurdumyzyň çäklerinde gurulýan täze döwrebap obalary, täze önümçilikleri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek üçin elektrik energiýasyny öndürmegiň täze taslamalaryny hem teklip edýärler.

Aşgabat şäherinde gurulmagy göz öňünde tutulýan täze şäheriň, Balkan welaýatynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitinde täze gurulýan döwrebap obanyň desgalaryny we binalaryny Günden we ýelden alynýan elektrik energiýasy bilen üpjün etmegiň taslamalarynyň geljegi uludyr.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Gün energiýasy institutyny Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň garamagyna bermek bilen, biz ylym bilen önümçiligiň berk baglanyşykda bolmagyny, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagy maksat edindik. Bu ýokary okuw mekdebiniň düzüminde döredilen Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleriniň dürli energiýa çeşmelerini ulanmagyň mümkinçilikleri barada öňe sürýän teklipleri ylym bilen önümçiligi utgaşdyrmak baradaky başlangyçlarymyzyň oňyn netijeleri berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Döwletimiz elektrik energetikasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, ony ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmäge, pudaga dünýäniň ösen tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga hem uly ähmiýet berýär.

Sebitde durnuklylygyň, parahatçylygyň, dostlukly gatnaşyklaryň, dünýäniň ykdysady hojalygyna işjeň goşulmagyň bähbidine biz ýurdumyzyň energiýa serişdelerini diňe bir öz halkymyza däl-de, eýsem, daşary ýurtly sarp edijilere hem elýeterli etmegi maksat edinýäris. Bu biziň alyp barýan energetika syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biridir.

Ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagyny has-da ösdürmek, ähli baýlyklarymyzy ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga gönükdirmek babatda entek öňümizde uly wezipeler durýar.

Gurluşyk we energetika pudaklary bilen bir hatarda, jemagat hojalygy pudagy hem ýurdumyzyň paýtagtynyň we welaýat merkezleriniň, ilatly ýerleriň jemagat hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyryp gelýär.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalanan, ilatly ýerlere jemagat hyzmatlaryny etmegiň kämil usullaryny ele alan hünärmenler bilen üpjün edilen jemagat hojalygy pudagynyň alyp barýan işleri hem döwrüň talaplaryna laýyklykda guralýar.

Döwletimiz jemagat hojalygynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, pudaga dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça çäreleri yzygiderli durmuşa geçirer.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen gurluşykçylarynyň, energetikleriniň we jemagat hojalygy işgärleriniň öz öňlerinde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrjakdyklaryna berk ynanýaryn!

Hormatly gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleri!

Sizi Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter