«Ak kerweniň» ak ýoly | TDH
Ykdysadyýet

«Ak kerweniň» ak ýoly

опубликованно 11.09.2019 // 120 - просмотров
 

11-nji sentýabrda ýurdumyzda pagta ýygymyna girişildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda bu möhüm oba hojalyk möwsümi badalga aldy. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 18-nji sentýabrda başlanar.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda ýurdumyzda “ak altynyň” bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Häzirki döwürde oba zähmetkeşleriniň baş wezipesi ýetişdirilen hasyly öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almakdan ybarat bolup durýar. Ministrler Kabinetiniň 30-njy awgustda geçirilen mejlisinde bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz ähli pagtaçylara mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan yhlasly zähmetlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Pagtaçylyk Türkmenistanyň daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi we milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşandy üpjün edýän ähmiýetli pudak bolup durýar. Ýurdumyzyň toprak-howa şertleri pagtanyň orta we inçe süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin amatly ýagdaýy döredýär.

Täzeçil tehnologiýa esaslanýan häzirki zaman önümçiliginiň guralyşynda pagta süýümi ýurdumyzyň dokma senagaty üçin örän gymmatly çig maldyr. Çünki dokma senagatymyzyň önümlerine dünýä bazarlarynda ýokary isleg bildirilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalygynda öňe süren oňyn özgertmeleri bu ulgamyň mümkinçiliklerini barha artdyrýar. Oba hojalygynyň häzirki zaman önümçilik hem hyzmat düzümini döretmek, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak bu özgertmeleriň möhüm ugurlarydyr.

Ekerançylyk ýerlerinde meliorasiýa we suwaryş işleriniň geçirilişine, oba hojalyk toplumynyň tehniki parkynyň täzelenmegine düýpli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Şu maksatlar bilen döwletimiz dünýäniň esasy öndürijilerinden oba hojalyk tehnikalaryny yzygiderli satyn alýar. Şular bilen bir hatarda, ylmy seçgiçilige, gowaçanyň tiz ýetişýän, ýokary hasylly hem-de täze etraplaşdyrylan görnüşleriniň döredilmegine uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda oba hojalygyny sanlaşdyrmak tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagyna düýpli ugur alyndy. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň welaýat birleşiklerinde oba hojalyk tehnikalaryny telematik sanly ulgama geçirmek Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek işi başlandy. Üç tapgyrdan ybarat bolan bu Konsepsiýa «John Deere Walldorf GmbH & Co. KG» kompaniýasynyň ýardam bermeginde amala aşyrylýar. Häzirki wagtda telematik ulgam bilen enjamlaşdyrylan «John Deere» kysymly oba hojalyk tehnikasy ýerli toprak howa şertlerine laýyklykda meýdan synaglaryny geçýär.

Geljekde gowaça ýetişdirmek üçin bölünip berilýän ýerleriň möçberini artdyrmak hem meýilnamalaşdyrylýar. Meselem, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda welaýatlarda döredilen oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan umumy meýdany 23 müň 754 gektar ýer bölegi gowaça ekmek üçin oba hojalyk önümlerini hususy öndürijilere bölünip berildi.

Sebitlerde pagta-dokma toplumlaryny kemala getirmek ugrundaky işler hem dowam edýär. Häzirki wagtda Ahal welaýatynda täze senagat toplumlarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Ol toplumlaryň her biri inçe süýümli pagtanyň 5 müň tonnasyny gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurulýan kärhanalar «kompakt-penýe» kysymly nah ýüplügi we taýýar tikin önümlerini öndürer.

Şu ýylky ýygym möwsüminde «ak altynyň» 1 million 50 müň tonnasyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Olaryň 207 müň tonnasy Ahal welaýatynda, 5 müň tonnasy Balkan welaýatynda, 230 müň tonnasy Daşoguz welaýatynda, 295 müň tonnasy Lebap welaýatynda, 313 müň tonnasy bolsa Mary welaýatynda taýýarlanylar. Gowaça ekiljek ýerleriň umumy meýdany 550 müň gektardan ybaratdyr. Bahar paslynda şunça ýere «Ýolöten — 7», «Daşoguz — 120», «Daşoguz — 144», «Serdar», «C — 4727», «Ýolöten — 39», «Jeýhun», «C — 2606», «Ýolöten — 14» ýaly gowaçanyň orta we inçe süýümli görnüşleri ekildi.

Ýygym möwsüminde pagta ýygyjy kombaýnlaryň 923-si, çig maly daşamaga ýük awtoulaglarynyň 2 müňüsi, traktorlaryň 1 müň 867-si we tirkeg traktorlarynyň 3 müň 877-si ulanylar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýerlerde pagta ýygymynyň bökdençsiz alnyp barylmagy üçin ulanylýan tehnikalara gije-gündiziň dowamynda tehniki-hyzmat ediş işleri guraldy, mehanizatorlaryň, sürüjileriň we pagtany el bilen ýygmakda ussatlaryň öndürijilikli zähmet çekmekleri we dynç almaklary üçin degişli şertler döredildi.

Pagtany maşyn bilen ýygmaga girişilmezden öň, gowaçanyň ýapragyny düşürmek üçin defoliant zerur bolan möçberde satyn alyndy. Hemişe bolşy ýaly, bu işde diňe bir ýöriteleşdirilen traktorlar däl, eýsem raýat awiasiýasynyň ýörite uçarlary hem ulanylar.

Täze hasyly kabul edip almak üçin taýýarlaýyş bölümleriniň 157-si, pagta arassalaýjy kärhanalaryň 39-sy taýýarlanyldy. Şolaryň ýanyndaky barlaghanalarda «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň hünärmenleri gelip gowuşýan önümiň hiliniň ygtybarly barlagyny üpjün ederler.

Öňdebaryjy pagtaçy kärendeçileriň, mülkdarlaryň, ekerançylaryň, kombaýnçylaryň we mehanizatorlaryň zähmetini höweslendirmek üçin 2019-njy ýylyň pagta ýygymy möwsüminde Agrar partiýanyň Merkezi Geňeşi, Demokratik partiýanyň Syýasy Geňeşi we beýleki jemgyýetçilik guramalaryň merkezi edaralary, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky, şeýle hem «Galkynyş», «Nesil» we «Bereketli toprak» gazetleriniň redaksiýalary däbe öwrülen bäsleşigi geçirýärler.

Şu gün Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky, Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky we Balkan welaýatynyň Serdar etrabyndaky kabul ediş bölümlerine we pagta arassalaýjy zawodlara üsti “ak altyndan” doly, Döwlet Baýdagymyz parlaýan awtoulaglaryň we tirkegli traktorlaryň ilkinji kerwenleri geldi.

Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulularymyz pagta ýygymynyň başlanmagyna ak pata berdiler. Olar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň mundan beýläk-de abadançylygyny we gülläp ösmegini Beýik Biribardan dileg etdiler.

Ahalteke bedewlerine atlanan ýigitleriň ugratmagynda pagtaly çuwallar ýüklenen düýeler «ak kerweniň» başyny çekdiler. Munuň özi halkymyzyň gowaça ýetişdirip gelýän köpasyrlyk taryhynyň özboluşly milli beýany boldy.
Pagta ýygymynyň başlanmagy mynasybetli guralan çärelere welaýat we etrap häkimlikleriniň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň bölümleriniň, daýhan birleşikleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň we ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri, esasy agronomlar, tejribeli kombaýnçylar, sürüjiler we pagtaçy kärendeçiler gatnaşdylar.

Bu dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň, oba hojalygynyň gaýtadan işlenen we dokma senagatynyň önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Welaýatlaryň artistleri, sazandalary, aýdymçylary, tans we folklor toparlary çykyş edip, baýramçylygyň öwüşginini baýlaşdyrdylar. Sportuň milli görnüşleri boýunça ýaryşlar guraldy. Önümçiligiň öňdebaryjylaryna — iň oňat pagtaçy kärendeçilere bol hasyly ýetişdirmekleri mynasybetli gymmatly sowgatlar gowşuryldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter