Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda sözlän sözi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda sözlän sözi

опубликованно 11.09.2019 // 262 - просмотров
 

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ruhubelent we bagtyýar ýaşlary!
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly professor-mugallymlar!
Gadyrly gurultaýa gatnaşyjylar!

Ilki bilen, sizi «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň şanly wakasy bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň bilşiňiz ýaly, ýaňy Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň täze düzüminiň saýlawlary geçirildi. Men Ýaşlar guramasynyň täze saýlanan ýolbaşçylaryny tüýs ýürekden gutlaýaryn we olara uly üstünlikleri arzuw edýärin!

vEziz ýaşlar, mähriban watandaşlar!

Bu gurultaý uly wakanyň öň ýanynda geçýär. Biz ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramyny ruhubelentlik bilen garşylaýarys. Men şanly Garaşsyzlyk güni bilen, hormatly ýaşlar, sizi, ýurdumyzyň ähli ýaşlaryny tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedir. Bu söz özünde ägirt uly many-mazmuny jemlemek bilen, merdana ata-babalarymyzdan bize miras galan eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düýpli düşünmäge mümkinçilik berýär.

Garaşsyzlyk baýramy ata-babalarymyzyň wesýet eden ynsanperwer ýörelgeleriniň doly durmuşa geçirilýändiginiň, özygtyýarly döwlet, adalatly jemgyýet hakynda asyrlarboýy edip gelen arzuwlarynyň hasyl bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu baýram gazanan üstünliklerimize buýsanç döredýän, beýik geljegimize ynamy berkidýän baýramdyr!

Eziz Watanymyzyň iň täze taryhy, biziň üstünliklerimiziň hem-de ösüşlerimiziň ählisi beýik Garaşsyzlykdan başlanýar. Taryh üçin gysga döwrüň içinde dünýä döwletleri bilen dostluk we hyzmatdaşlyk üçin açyk bolan Türkmenistan ösüşiň demokratik ýoluna gyşarnyksyz eýerýändigini tassyklady.

Ýurdumyz kuwwatly we abadan döwlet hökmünde dünýädäki abraýyny has-da berkitdi. Ygtybarly, açyk, howpsuzlygy kepillendirýän hyzmatdaşa, parahatçylygyň merkezine öwrüldi!

Men gurultaýa gatnaşýan göreldeli okuwçylara hem-de talyp ýaşlara, dürli pudaklarda joşgunly zähmet çekýän ýaşlarymyza berk jan saglyk, uly üstünlikler, bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarym bilen ýüzlenýärin!

Goý, Garaşsyzlygyň röwşen ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly barýan eziz Diýarymyz mundan beýläk-de gülläp össün!

Goý, Garaşsyz döwletimiziň, agzybir halkymyzyň at-abraýy we şan-şöhraty dünýä dolsun!

Hormatly adamlar!

Biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegine, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmagyna aýratyn ähmiýet berýäris.

Gözel Diýarymyzyň obadyr şäherçelerini, etrap merkezlerini abadanlaşdyrmak, ýokary hilli ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak, öňdebaryjy tehnologiýaly iri senagat toplumlaryny döretmek boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirýäris.

Bu özgertmeler döwletimiziň garaşsyzlygynyň we berkararlygynyň esaslaryny berkidýär. Durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün edip, halkymyzyň hal-ýagdaýyny düýpli ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Parahatçylyk söýüji, hoşniýetli we ynsanperwer ýörelgelere eýerýän, özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegi ileri tutýan Bitarap Watanymyzyň dünýädäki at-abraýy barha ýokarlanýar.

Biz Ýer ýüzüniň halklarynyň dost-doganlyga, abadançylyga, parahatçylyga ymtylýan döwründe diňe milli bähbitlerimize däl, eýsem, halkara bileleşigiň ählumumy maksatlaryna laýyk gelýän giň hyzmatdaşlyk syýasatyny ýöredýäris. Dünýäniň ösüşiniň täze şertlerini, milli we umumadamzat bähbitlerini nazara almak bilen, abraýly halkara guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýarys.

Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz döwletimiz syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim, ulag, aragatnaşyk we energetika ýaly ugurlarda iri taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine hem işjeň gatnaşýar.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda ýokary derejede geçen birinji Hazar ykdysady forumy muny doly tassyklap, ata Watanymyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Hormatly ýaş nesilleriň wekilleri!

Ýadyňyzda bolsa, men, 2016-njy ýylyň 6-njy aprelinde geçen ýurdumyzyň ýaşlar maslahatynda ata Watanymyzyň gazanýan üstünliklerinde, eýeleýän belent sepgitlerinde mähriban halkymyzyň, hususan-da, ýaşlarymyzyň hyzmatynyň örän uludygyny aýratyn belläpdim. Bu gün hem men Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärin.

Bagtyýar ýaşlarymyz bu gün döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, iň kämil we çylşyrymly tehnologiýaly iri kärhanalarda milli hem-de döwlet maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmak boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýärler. Telekeçilik we jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanyp, ykdysadyýetimizi ösdürmäge işjeň gatnaşýarlar. Ykballaryny sporta baglan ýaş türgenlerimiz bolsa ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezip, Garaşsyz döwletimiziň abraýyny has-da ýokarlandyrýarlar.

Men ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlik ýörelgelerini, asylly milli hem-de zähmet däplerini mynasyp dowam edýän ýaş nesillerimiziň mundan beýläk-de ähli gujur-gaýratyny mähriban Watanymyzyň berkararlygyny has-da pugtalandyrmaga bagyş etjekdigine berk ynanýaryn!

Eziz ýaşlar!

Biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen berk baglydyr. Ýaşlar Watanymyzyň güýç-kuwwaty we abraý-mertebesidir. Men merdana halkymyzyň watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän nesilleri terbiýelemegi Watanymyzyň gülläp ösmeginiň örän zerur şertleriniň biri hasaplaýaryn.

Şoňa görä-de, halkymyzyň baý durmuş tejribesine daýanyp, biz ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni aň-bilim, beden taýdan ösüşine, döwrebap bilim-terbiýesine hem-de jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli şertleri döretmäge, sagdyn durmuş kadalaryny kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berýäris.

Meniň bilim özgertmelerinde öňe sürýän baş taglymatym mähriban halkymyza we Garaşsyz Watanymyza bolan egsilmez söýgä ýugrulandyr. Bu taglymat aýratyn hem ýaşlarda iň asylly häsiýetleri — ahlak arassalygyny, ruhubelentligi, ylym-bilime ymtylyşy terbiýelemäge we bilesigeliji bolmaga çagyrýar. Sebäbi ylym we bilim adamzadyň ähli ösüşleriniň hem-de özgerişleriniň esasyny düzýän, islendik ýurduň geljegini, halkyň ykbalyny kesgitleýän gymmatlykdyr. Şonuň üçin hem, Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, bagtyýar durmuşymyz hem-de beýik geljegimiz üçin ylymly-bilimli, ýokary hünärli nesilleri terbiýelemek, ýaşlarymyzy mynasyp adamlar edip ýetişdirmek üçin yzygiderli alada edýäris.

Eziz Diýarymyzda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglarydyr dynç alyş-sagaldyş merkezlerini giň gerim bilen gurýarys.

Sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, sanly bilim ulgamynyň ösüşini çaltlandyrýarys.

Ylmyň soňky gazananlaryny hem-de okatmagyň innowasion usullaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmagyň gerimini giňeldýäris. Bu bolsa bilimiň hiliniň ýokary derejä laýyk bolmagyny üpjün etmek bilen, ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermäge giň ýol açýar.

Mähriban ýaşlar!

Biz bedenterbiýä we sporta uly üns bermek bilen, jemgyýetimiziň sazlaşykly ösmegini üpjün edýäris. Ýaşlara etjek sargydym — sport ynsanyň häsiýetini, maksada okgunlylygy, çydamlylygy, mertligi hem-de durnukly bolmagy terbiýelemegiň ajaýyp serişdesidir.

Sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamda özüne ynam, merdemlik, güýç-kuwwat, çakganlyk, başarnyk, ruhubelentlik we beýlekileriň ýeňşine guwanmak häsiýetlerini terbiýeleýär. Şu ajaýyp häsiýetleri özünde terbiýelän adam uly hormata mynasypdyr.

Biz tutuş ýurdumyzda döwrebap sport desgalaryny, iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen stadionlary, sport mekdeplerini, atçylyk-sport toplumlaryny, sport meýdançalaryny gurduk. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap sport toplumlaryny, Aşgabat şäherinde sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesini, Golf sport toplumyny bina edip, döwrebap sport düzümlerini döretdik.

Şeýlelikde, berkarar döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini, bedenterbiýäni, sporty we olimpiýa hereketini işjeňleşdirmek boýunça uly üstünlikleri gazandyk.

Bu gün Garaşsyz Türkmenistan kuwwatly döwletdir. Ýaşlarymyzyň tagallalary, yhlasy, arzyly pellehana ynamy bilen kuwwatly döwletimiziň sporty hem güýçli bolmalydyr.

Geljek ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň üstünlikli çykyş edip, Döwlet baýdagymyzy belende galdyrjakdygyna men berk ynanýaryn!

Eziz watandaşlar!

Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip yglan eden Berkarar döwletimizde ýaşlar hakynda uly alada edilýär. Biziň ýaşlar syýasatymyz milli kanunçylyk namalary, halkara ýörelgeler esasynda durmuşa geçirilýär. Bu syýasat toplumlaýyn işleri öz içine alýar we biziň öňümizde:

— ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek;

— sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da rowaçlandyrmak;

— watansöýüjiligi, raýat jogapkärçiligini, zähmete söýgini terbiýelemek;

— döwlet we jemgyýetçilik bähbitleri bilen ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny utgaşdyrmak;

— ýaşlaryň jemgyýetçilik-şahsy başlangyçlaryny ileri tutmak, goldamak we höweslendirmek;

— ýaşlar toparlarynyň isleglerini öwrenmek, hasaba almak we olary kanagatlandyrmak ýaly örän möhüm wezipeleri goýýar.

Garaşsyz döwletimizde ýaşlaryň hak-hukuklary ygtybarly goralýar. Ýaş maşgalalar üçin durmuş ýeňillikleri giňeldilýär. Ýaşlarymyza okuw jaýyny, okuwyň dilini, ugruny we görnüşini saýlap almaga doly hukuk berilýär.

Ykdysady özbaşdaklyk, ýaşlar telekeçiligine goldaw bermek hem bu syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Biz ýurdumyzyň ýaşlar birleşikleri bilen beýleki döwletleriň hem-de halkara ýaşlar guramalarynyň arasynda dostlukly we işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegine, tejribe alşylmagyna ýardam edýän halkara saparlaryň guralmagyna goldaw berýäris. Şoňa görä-de, dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlarymyzyň sany yzygiderli artýar.

Hormatly adamlar!

Öň hem aýdyşym ýaly, Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünliklerinde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we onuň ähli agzalarynyň mynasyp goşandy bardyr.

Ýaşlar guramasy beden we ruhy taýdan sagdyn, zähmetsöýer, iş başarjaň, Watana wepaly nesilleri kemala getirmekde özüniň döredilen gününden, ýagny 1991-nji ýylyň 16-njy noýabryndan bäri netijeli işleri alyp barýar. Geçen şu döwürde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýaşlarymyzy jebisleşdirmekde, olaryň güýç-kuwwatyny, aň-düşünjesini Garaşsyz Watanymyzy ösdürmäge gönükdirmekde öz wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirip gelýär.

Häzirki döwürde biz guramanyň öňünde şu täze wezipeleri goýýarys:

1) Ýaşlar guramasy döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny, taryhy özgertmelerini ýaşlaryň arasynda wagyz edip, olary beýik işlere giňden çekmelidir;

2) XXI asyryň ösen şahsyýetini kemala getirmegiň esasy hökmünde halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, milli medeniýetine, däp-dessurlaryna daýanyp, ýaş nesillerde taryhy we medeni mirasymyza hormat goýmak we aýawly garamak endiklerini terbiýelemelidir;

3) Döwlet nyşanlaryna hormat goýýan, şahsyýetiň hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlaýan, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň hakyky watançy raýatlaryny terbiýeläp ýetişdirmelidir;

4) Ýaşlarymyzda döredijilik we öz hukugyny goramak başarnyklaryny, jemgyýetçilik birleşmelerine işjeň gatnaşmagyny ösdürmelidir.

Hormatly adamlar!

Häzir men bu ugurda alnyp barylmaly işler barada hem durup geçmek isleýärin.

1) Ýaşlara ylmyň we bilimiň dürli ugurlary boýunça Internet ulgamynyň elýeter bolmagyna, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine gönükdirilen işleri dowam etmeli;

2) Bilim edaralary üçin ylmy-usuly gollanmalaryň, maglumat, görkezme esbap, ylmy-barlag, gözleg, agtaryş serişdeleriniň taýýarlanmagyny üpjün etmeli;

3) Ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini tamamlan ýaşlarymyzy iş bilen doly üpjün etmeli;

4) Ýaş maşgalalary goldamaly, şol sanda çaga dogluşynyň ösüşini höweslendirmeli;

5) Ýaşlaryň iş bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, täze önümçilikleri, işiň görnüşlerini we orunlaryny döretmek boýunça teklipleri taýýarlamaly;

6) Zähmet bazarynda bäsleşik ukybyny ýokarlandyrmak maksady bilen, hünär taýýarlygyny, gaýtadan taýýarlyk we hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin okuwlary guramaly;

7) Ýurdumyzyň sebitlerinde, uzak aralykda ýerleşýän we barmasy kyn bolan ilatly ýerlerde ýaşlarymyzyň işlemäge bolan isleglerini artdyrmak üçin höweslendirme çärelerini işläp düzmeli;

8) Ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini we tebigata aýawly garaýşyny kämilleşdirmek, milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek we düşündirmek üçin toplumlaýyn çäreleri işläp taýýarlamaly;

9) Ýaşlary kitaphanalara köpräk çekmeli, kitaphanalaryň hyzmatyndan peýdalanmagyň derejesini ýokarlandyrmaly;

10) Ýaş ýazyjy-şahyrlaryň, bagşy-sazandalaryň arasynda döredijilik festiwallaryny we bäsleşiklerini geçirip, täze zehinleri ýüze çykarmaly;

11) Mümkinçiligi çäkli ýaşlar üçin niýetlenen okuw edaralaryny degişli tälimçiler bilen üpjün etmeli, olar bilen sagaldyş, bedenterbiýe we sport çärelerini guramaly;

12) Telekeçilik bilen meşgullanmaga höwesli ýaşlar üçin gysga möhletleýin tölegli okuwlary guramaly;

13) Ýaş harby gullukçylaryň we işgärleriň Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän olimpiadalara, bäsleşiklere, maslahatlara, sergilere we festiwallara gatnaşmagyna ýardam etmeli;

14) Ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň we hünärmenleriň ylmy barlaglaryny höweslendirmeli, olary daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ylmy maslahatlara, duşuşyklara ibermeli, bilelikdäki ylmy taslamalary amala aşyrmaga, şol sanda hojalyk hasaplaşygyndaky ylmy işlere çekmeli.

Biz ýaşlaryň durmuş we zähmet hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, iş bilen üpjün etmek hem-de täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen, Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň ýörite Maksatnamasyny kabul etdik.

Hormatly adamlar!

Bilim jemgyýeti we döwleti sazlaşykly ösdürmegiň berk binýadydyr. Sebäbi arassa ahlakly, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň täze neslini kemala getirmek biziň özgertmelerimiziň esasy maksady bolup durýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin ylymly-bilimli, ýokary hünärli nesilleri taýýarlamagy üstünlikli dowam etmek zerurdyr.

Hormatly ýaşlar!

Siz ajaýyp döwürde ýaşaýarsyňyz! Siziň sagdyn ösmegiňiz, bagtyýar durmuşda bilim almagyňyz, il-ýurdumyza peýdaly adamlar bolup ýetişmegiňiz üçin döwletimiz ähli mümkinçilikleri döredýär. Siz okamak we öwrenmek, yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini öňküden-de belende götermelisiňiz!

Ylym adamzadyň aň-düşünjesine hem-de durmuşyna özgerdiji täsir edýän gymmatly baýlykdyr. Her bir döwletiň we jemgyýetiň durnukly hem-de sazlaşykly ösmegi ylym bilen aýrylmaz baglydyr. Şoňa görä-de, biz Garaşsyz döwletimizde ylym ulgamyny dünýä derejesine çykarmaga uly üns berýäris.

Ylmy barlaglary jemgyýetimiziň we döwletimiziň ösüşiniň örän möhüm meselelerini çözmäge gönükdirýäris. Ylmy-barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga möhüm ähmiýet berýäris. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, zehinli ýaşlaryň ylma höwesini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işleri amala aşyrýarys.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Tehnologiýalar merkezinde, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde munuň üçin giň mümkinçilikleri döredýäris.

Biz ýaş alymlarymyzyň we talyplarymyzyň halkara ylym-bilim bäsleşiklerinde gazanýan üstünliklerine guwanýarys. Bu ugurda ylmy-barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň alyp barýan işlerine aýratyn buýsanýarys.

Häzirki döwürde Nanotehnologiýalar we tehnologiýalar merkezleri, innowasion şäherler, nou-haular hem-de sanly tehnologiýalar adamzat jemgyýetiniň kämilleşmegine alyp barýar. Döwrüň bu tehnologik täsiri biziň jemgyýetimizde hem barha giňelýär. Şonuň netijesinde, öňdebaryjy tehnologiýalardan habarly täze nesil kemala gelýär.

Şundan ugur alyp, biz 2016-njy ýylda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetini, şu ýyl bolsa Telekommunikasiýalar we informatika institutyny döretdik.

Ýaşlarymyzyň tehnologik ösüşden yza galmazlygy üçin, olara döwrebap hünärleri ele almaga, nazary bilimleri kämilleşdirmäge, amaly endiklerini ýokarlandyrmaga, sanly tehnologiýalary özleşdirmäge, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy barlaglary we tehnologik tejribeleri öwrenmäge ýardam bermek biziň esasy wezipelerimiziň biridir.

Aýdyň maksatlary ýörelge edinen ýaşlarymyzyň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gazanýan üstünlikleri, täze ylmy açyşlary Garaşsyz döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin täze mümkinçilikleri döredýär.

Hormatly gurultaýa gatnaşyjylar!

Häzirki döwürde Ýaşlar guramasynyň ýaş şahsyýeti terbiýelemekde esasy ýörelgeleriniň biri hem ýigitlere we gyzlara ýokary ruhy-ahlak, kämil beden terbiýesini bermek arkaly, olarda sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekden ybaratdyr.

Watansöýüji, giň düşünjeli, ynsanperwer, zähmetsöýer, maksada okgunly, belent ahlakly bagtyýar nesillerimiz ähli ukyp-başarnyklaryny eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine bagyş etmelidir. Ýaş ynsanda şeýle häsiýetleri terbiýelemek biziň Ýaşlar guramamyzyň belent borjy we baş maksady bolmalydyr.

Eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar!

Milli däpler nesilleriň hem-de döwürleriň üznüksiz baglanyşygyny üpjün edýär. Ynsanperwerlik, agzybirlik, haýyr-sahawatlylyk, ak ýüreklilik, lebzi halallyk, zähmetsöýerlik, belent ahlaklylyk, ýaşuly nesle sarpa goýmak baý medeniýeti bolan halkymyzyň gadym döwürlerden bäri durmuş ýörelgesine öwrülip geldi. Bu asylly däpler biziň agzybirligimiziň hem-de üstünliklerimiziň kepili bolup hyzmat edýär.

Türkmen halkynyň şöhratly taryhy, özboluşly medeniýeti, milli gymmatlyklary, beýik akyldarlarymyzyň sabyrlylyk, ýagşylyk etmek, dogruçyllyk hakyndaky parasatly wesýetleri, kämil ündewleri milli medeniýetimiziň möhüm bölegidir. Her bir maşgalanyň asudalygy hem-de agzybirligi jemgyýetimiziň abadançylygynyň girewidir. Şoňa görä-de, watançy nesillerimiz maşgala ojagynyň asylly däplerini we milli ýörelgelerimizi dowam etmelidir.

Mähriban ýaşlar!

Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty onuň zähmeti bilen kesgitlenýär. Zähmetsöýerlik milletimiziň, jemgyýetimiziň, her bir maşgalanyň agzybirlikde we bolçulykda ýaşamagynyň esasydyr.

Şoňa görä-de, Ýaşlar guramasy jemgyýetçilik işinde toplan tejribesine daýanyp, ýaş nesillerimize ruhy-ahlak, medeni-aň-bilim, beden we zähmet terbiýesini bermekde netijeli işleri alyp barmalydyr. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir.

Halallyk, arassalyk, kalby päklik, zähmetsöýerlik we watansöýüjilik durmuşda ýaşlarymyzyň baş ýörelgesi bolsun!

Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý etmek üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerjekdigine, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişjekdigine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdigine berk ynanýaryn.

Berkarar Watanymyzyň ruhubelent we bagtyýar ýaşlary!

Ozal hem aýdyşym ýaly, döretmek we gurmak adamzadyň durmuşyny gözelleşdirýär. Şoňa görä-de, okamak we öwrenmek, zähmet çekmek bilen kämillige ymtylmak ýaş nesillerimiziň baş maksady bolmalydyr!

Mähriban ýaşlarymyz, ylym-bilimleri, yhlasly zähmeti bilen, berkarar Watanymyzyň dünýädäki at-abraýyny, merdana halkymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermelidir!

Hormatly ýaşlar!

Sizi ata Watanymyzyň ýetip gelýän Garaşsyzlyk baýramy hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynyň geçirilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň ähliňize berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş, ýurt parahatçylygyny, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin!

Parahatlyk — ýürek baýdagy,
Älem-jahan — mähir mukamy.

Türkmenistan — bahar baýramy,
Türkmenistan — dostluk mekany.

Öňe, öňe, ýaşlar bilen diňe öňe,
Jan Watanym Türkmenistan!

(Aşgabat, 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabry)

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter