Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň ýokary wezipeli wekillerini kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň ýokary wezipeli wekillerini kabul etdi

опубликованно 11.09.2019 // 374 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Ministrler Kabinetiniň agzasy, döwlet ministri Emir Turki Bin Muhammed Bin Fahad Bin Abdul Aziz Al Saudy we Saud Arabystany Patyşalygynyň Ösüş gaznasynyň başlygynyň orunbasary hem dolandyryjy müdiri Halid Bin Sulaiman Al Hudairyny kabul etdi.

Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Saud Arabystany Patyşalygynyň patyşasy Salman Ben Abdul-Aziz Al Saudyň we Mirasdüşer şazada Muhammed Ben Salman Al Saudyň iberen mähirli salamyny we tutuş türkmen halkyna abadançylyk, gülläp ösüş barada aýdan arzuwlaryny ýetirdiler. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurduň Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge we giňeltmäge üýtgewsiz gyzyklanmalary beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Saud Arabystanynyň Patyşasyna hem-de Mirasdüşer şazadasyna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Milli Liderimiz taraplaryň hoşniýetli erkine esaslanýan we birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, özara bähbitli gatnaşyklary okgunly ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň geljegi hakynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürilmegine gönükdirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň maýynda Saud Arabystany Patyşalygyna bolan resmi saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýeti bellenildi we onuň täze many-mazmun bilen üstüniň ýetirilmeginiň wajypdygy barada aýdyldy.

Ýurdumyzda ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, sanlylaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeler, amala aşyrylýan iri taslamalar netijeli gatnaşyklary köpugurly esasda ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleri üpjün edýär. Söwda-ykdysady ulgam, ulag-aragatnaşyk toplumy, dokma pudagy we beýleki ulgamlar hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hökümetara topara möhüm ornuň degişlidigi bellenildi. Onuň işi hyzmatdaşlygyň köpugurly kuwwatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge, işewür gatnaşyklary we maýa goýum ýagdaýyny höweslendirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň dünýäniň iri energetika döwletleridigini nazara alanyňda, nebitgaz pudagynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselesinde möhüm orny eýeleýän ýurdumyz möhüm düzümleýin taslamalary yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly, energiýa serişdelerini halkara bazarlara çykarmagyň köpugurly ulgamyny döretmek strategiýasyny amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny görkezmek bolar. Köp sanly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bu taslama uly gyzyklanma bildirýärler.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gaýtadan işleýän pudagynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, bäsdeşlige ukyply taýýar önümleri öndürmäge niýetlenen ýokary tehnologiýaly önümçiligiň döredilmegine wajyp ähmiýet berilýär. Şeýlelikde, hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Baý uglewodorod serişdelerine eýe bolan Türkmenistan şolaryň ilkinji nobatda halkyň bähbidine ulanylmagyna, şeýle hem dünýä bazarlaryna çykarylmagyna gönükdirilen syýasata eýerýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Bu babatda tebigaty goramak we ekologiýa talaplaryna möhüm üns berilýär.

Milli Liderimiz ykdysady syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna, daşary ýurt kompaniýalarynyň we maýa serişdeleriniň çekilmegine ähmiýet berýändigini belläp, Saud Arabystanyndan bolan hyzmatdaşlara nebitgaz, himiýa we oba hojalyk pudaklaryndaky bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna garamagy teklip etdi. Şeýle hem işewür duşuşyklaryň we işewür maslahatlaryň yzygiderli guralmagynyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Şunuň bilen birlikde, döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan netijeli medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň zerurdygy nygtaldy. Munuň özi umumy ruhy däpleri we taryhy gatnaşyklary bolan iki halkyň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Milli Liderimiz we myhmanlar tutuş dünýäde abadançylygyň bähbidine kybap gelýän türkmen-saud gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasyny we onuň Mirasdüşer şazadasyny özleri üçin islendik amatly pursatda Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy.

Duşuşyga Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Halid Bin Faýsal Al-Sehli gatnaşdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter