Sanlaşdyrmak hereketde: telekommunikasiýalar we ekerançylyk | TDH
Ykdysadyýet

Sanlaşdyrmak hereketde: telekommunikasiýalar we ekerançylyk

опубликованно 09.09.2019 // 159 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda işlenip taýýarlanylan 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy maglumat tehnologiýasyny giňden peýdalanmagyň hasabyna halk hojalygynyň pudaklarynyň we ýurdumyzyň durmuş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Häzirki wagta bu Konsepsiýany durmuşa ornaşdyrmak boýunça möhüm ugurlaryň ählisinde uly işler alnyp barylýar. Çünki, köp derejelilik hem-de giň gerimlilik sanlaşdyrmak işleriniň esasy netijesidir.

Hökümet mejlislerinde we maslahatlarynda milli Liderimiz tarapyndan sanlaşdyrmagyň wezipeleri ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi bilen ara alnyp maslahatlaşylýar. Döwlet Baştutanymyz innowasiýanyň diňe bir tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy bilen çäklenmän, eýsem onuň hemişelik täzeleniş ýagdaýdygyny, türkmen ykdysadyýetiniň mundan beýläkki ösüş ýoludygyny üýtgewsiz görkezýär.

Dünýäniň tehniki ösüşi diňe öňe barýar. Ol durmuşyň ähli ugurlaryna aralaşýar. Aragatnaşygyň usullary we zähmetiň guralyşy, okatmagyň we boş wagty peýdalanmagyň görnüşlerini üýtgetýär. Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin türkmen hünärmenleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek bilen, öz hususy sanly nusgasyny döretmäge ugur alyp, öňdebaryjy tejribeleri, oňyn amalyýetleri öwrenýärler we özleşdirýärler. Munuň özi diňe bir taýyn çözgütleriň we «nou-haularyň» daşyndan getirilmegine däl-de, eýsem, öz ylmy-tehnologik mümkinçiliklerine esaslanýan nusgadyr.

Häzirki wagtda “san” bilen baglanyşykly iň bir çalt we düýpli özgertmeler söwdada, habar beriş serişdelerinde, senagatda bolup geçýär. Ýurdumyzda täze tehnologiýalar netijesinde kompýuter zawodlary ýaly önümçilikler döreýär. Diýarymyzda sanlaşdyrmagy ilerletmek we intellektual ulgamlaryň mundan beýläk işlemegini, olaryň özara we dünýä bilen aragatnaşyk saklamagyny üpjün etmek boýunça işleriň öň hatardaky bölegini ýerine ýetirýän edara hem bar. Munuň özi Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligidir.

Bu edaranyň işi ugurlaryň uly görnüşlerini, şol sanda milli ulgam giňişligini sazlaşdyrmaga we giňeltmäge goldaw bermegiň kanunçylygyny, Internet-hyzmatyň görnüşlerini işläp taýýarlamagy öz içine alýar. Häzirki wagtda ýokary derejeli «.tm»., milli domende atlaryny bellige almagyň we töleg şertleriniň tertibiniň taslamasy işlenip düzüldi, bu ugurda degişli ministrlikler we pudaklaýyn edaralar bilen ylalaşyk esasynda işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda ösüp barýan ýurtlarda milli maglumat ulgamynyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň düzüminde kiberhowpsuzlyk gullugy döredildi.

Şunuň bilen bir hatarda, sanly ulgama hyzmat etmek üçin Politehniki orta hünär okuw mekdebinde işgärleri taýýarlamak işi sazlaşykly alnyp barylýar. Bu ýerde okatmagyň iň oňat dünýä usullary ornaşdyrylýar. Täze okuw ýylyndan başlap, logistika operasion işi, telekommunikasiýa ulgamlarynyň maglumat taýdan howpsuzlygy, kompýuter torlary ýaly ugurlarda hünärler girizildi.

Şeýle hem sanly ykdysadyýete geçmegiň çäklerinde «Türkmenpoçta» kompaniýasy Türkmenistanyň çäginde poçta aragatnaşyk bölümlerini ulgamlaşdyrmak boýunça işi doly ýerine ýetirdi. Munuň özi ýurdumyzda elektron pul geçirmek hyzmatlaryny ýola goýmaga mümkinçilik berdi. Poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň resmi internet saýtynda onlaýn harytlary nagt däl tölegde harydy görkezilen salga eltmek usuly bilen almak ýaly hyzmatlar elýeterlidir.

Poçta bölümleriniň birnäçesinde demir ýol petekleriniň satuwy ýola goýuldy. Häzirki wagtda şeýle mümkinçilikleri welaýat we etrap merkezlerinde giňeltmek boýunça hem işler alnyp barylýar. Girýän we çykýan hatlaryň ştrih kody boýunça yzarlamak hyzmatyny işe girizmek boýunça taslama işlenip taýýarlanylýar.

Türkmenistanda nagt däl pul geçirimler ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Halkbank» döwlet täjirçilik banky bilen birlikde, «TMCell töleg» programma üpjünçiligini işläp taýýarlady we işe girizdi. Munuň özi nagt däl hasaplary amala aşyrmaga mümkinçilik berýän hyzmatdyr. Türkmenistanlylaryň köpüsi eýýäm bu ulgamyň amatlydygyny gördüler. Agentlik tarapyndan hödürlenilýän beýleki aragatnaşyk hyzmatlary boýunça nagt däl tölegi geçirmek, şeýle hem Bagtyýar myhmanhanasynda hyzmatlar üçin töleg tölemäge mümkinçilikler döredildi.

Döwlet edaralarynda bolşy ýaly, telekeçilik ulgamynda hem hyzmatyň başga bir görnüşi örän islegli boldy. Munuň özi GPS-trekerleri arkaly ýeňil we ýük awtomobilleriniň çäk taýdan ýerleşişi, olaryň tehniki ýagdaýy, ýangyjy sarp ediş we beýlekiler boýunça maglumatlar bermek bilen bir hatarda, ulaglaryň ýerlerini kesgitlemäge mümkinçilik berýän hyzmatdyr.

Häzirki wagtda «Türkmenawtoulaglary» agentliginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gözegçiliginde awtoulaglarda GPS-trekerleriň 10 müňden gowragy goýlup peýdalanylýar. Bu edarada GPS-nyň kömegi arkaly taksini internet üsti bilen çagyrmak hyzmaty ýola goýuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy yzygiderli senagatlaşdyrmak boýunça öňe sürýän wezipelerini dünýäniň möhüm maglumatlarynyň ägirt uly möçberlerini işjeň özleşdirmezden we maglumatlary alyşmazdan çözmek mümkin däldir. Umuman, XXI asyryň ösüşi aragatnaşyk ulgamlarynyň we kommunikasiýa kanallarynyň okgunly ösüşine baglydyr.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda ählumumy aragatnaşyk ulgamynyň döredilmegine, ýurdumyzyň iň çetki künjeklerine internet ulgamyna giňden aralaşmagy bilen birlikde, aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini, görnüşlerini we möçberlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri taslamalar toplumynyň amala aşyrylmagyna girişdi.

Şeýle taslamalaryň biri ýurdumyzda ykjam aragatnaşygyň ösdürilmegine gönükdirilendir. Ilatyň “Altyn Asyr” milli operator hyzmatlaryna bolan islegleriniň artýandygyny nazara alyp, Türkmenistanyň ykjam aragatnaşyk hyzmaty bilen doly we hemmetaraplaýyn üpjün edilmegi zerur bolup durýar. Şunlukda, 3G, 4G ýakyn geljekde bolsa 5G görnüşli ýokary tizlikli internet we ykjam aragatnaşygyň beýleki hyzmatlaryna mümkinçilik dörär.

Ýene bir taslama simli telefon aragatnaşygynyň ösdürilmegine gönükdirilendir. Munuň özi diňe bir sanly telefon beketlerinde däl, eýsem, häzirki zaman NGN (Next Generation Network) — täze görnüşli standartlary ugur edinýän ulgamdan ybaratdyr. Munuň özi telefonyň bir nokadyndan telefon, IP-telewideniýe we internet maglumatlary berler. Şunlukda, maglumatlar bukjalar arkaly geçirilýär we kommutirlenilýär. Gürrüň, maglumatlar hem-de wideo bolsa geçirijiniň ukybyna garamazdan dürli ulgamda geçirilip bilner.

Aşgabadyň şäher telefon ulgamy üçin aňrybaş hyzmaty bolan billing binýadyny ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Billing — munuň özi aragatnaşyk hyzmatlary üçin hasaplaşyklaryň awtomatlaşdyrylan ulgamydyr. Başga söz bilen aýdylanda, her bir müşderi we ähli tarifler hakyndaky maglumatlar we her bir müşderi üçin aragatnaşyk hyzmatlarynyň bahasyny we beýleki görnüşdäki töleg usullaryny ýüze çykarýar. Olar müşderilere hasaplary ibermek, hyzmatlary ugradýan beýleki ugurlar bilen özara hasaplaşyklary geçirmek üçin telekommunikasiýa operatorlary tarapyndan ulanylýar.

Köpugurly billing binýadynyň kömegi arkaly diňe bir internet, aragatnaşyk IP-telefon hyzmatlaryny däl, eýsem, beýleki edaralar tarapyndan berilýän hyzmatlary töläp bolýar. Munuň özi hojalyk hasaplaryndan, ýol gözegçiligi gullugynyň jerimelerinden we beýlekilerden ybaratdyr. Täze billing ulgamy 1 million müşderi üçin niýetlenendir.

Munuň özi Türkmenistan üçin diňe bir täzelik bolman, eýsem, şeýle binýatlary giňeltmäge bolan zerurlykdyr. Ol häzir, esasan, iri şäherlerde oturdyldy. Häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlary ähli oba ilatyna elýeter bolar. Ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmegiň maksatlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagyny baş wezipe hökmünde kesgitledi.

Aşgabatda «Türkmentelekom» kärhanasynyň ulanýan halkara –telefon bekedini döwrebaplaşdyrmak nobatdaky taslama bolup durýar. Aragatnaşygyň ähli ýaýlymlary bu merkezi bölüme birigýär. Ol ýerde beýleki şäherleriň we döwletleriň aragatnaşyk ulgamlary bilen üstaşyr baglanyşdyrmak işi amala aşyrylýar. Bekedi IMS tehnologiýasyna geçirmek çözgüdi kabul edildi. Şeýlelikde, ol öz müşderilerine dünýä ülňüleriniň derejesindäki zerur bolan hyzmatlary hödürlemek mümkinçiligine eýe bolar. Bu bolsa sesli trafikany bukja kommutasiýa binýadynda hyzmatlar bilen bilelikde geçirmäge mümkinçilik berer.

Ýene-de bir taslama elektron hyzmatlarynyň ösdürilmegine gönükdirildi. Ony durmuşa geçirmegiň dowamynda milli Sene-merkezini döretmek meýilleşdirilýär. Ol maglumatlary saklaýan we gaýtadan işleýän, serwer we ulgamlaýyn enjamlary ýerleşdirýän hem-de müşderileri Internet ulgamyna birikdirýän merkez bolup durýar.

Munuň özi pudaklaýyn düzümlere dürli görnüşdäki hyzmatlary ýetirmek üçin giň mümkinçilikleri döreder. Ol ulag-logistika ulgamyny, internet-söwdany we internet-mahabaty ösdürmek, uzak aralykdan interaktiw-multimediýa okuwyny guramak, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Bu «TürkmenÄlem 52oE» milli emeli hemranyň äleme çykarylmagy bilen mümkin boldy. Onuň kömegi arkaly häzirki döwürde ýurdumyzyň çetki ilatly obalarynda sanly aragatnaşyk we ýokary tizlikli internet hyzmatlary ýola goýuldy. Milli emeli hemra arkaly ýerli tele we radioýaýlymlaryň 11-si we daşary ýurtlaryň tele we radioýaýlymlarynyň 42-si alnyp görkezilýär.

Soňky üç ýylyň dowamynda ýurdumyzyň oba ýerlerinde kiçi göwrümli telefon beketleriň 400-den gowragy guruldy. Olaryň hemmesi umumy döwlet ulgamyna girizildi. Şeýlelikde, olardan birnäçesi «TürkmenÄlem 52oE» hemranyň üsti bilen birikdirildi.

Biziň hemramyz köp pudaklarda işleýär. Häzirki döwürde oba hojalyk pudagynda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň täze tehnikalary bilen birlikde sazlaşdyrmak işi alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösüşiň täze derejesine çykarmak boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda, ekerançylyk pudaklarynda häzirki döwürde mehanizmleşdirilen işlere sanly ulgamy ornaşdyrmaga girişildi.

Awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde şu aşakdaky resminamalara gol çekildi. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen «John Deere Walldorf GmbH & Co. KG» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama esasynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiklerinde bar bolan oba hojalyk tehnikalaryny 2019 — 2022-nji ýyllarda üç tapgyrda telematik sanly ulgama geçirmek barada Konsepsiýa bar.

Şol maslahatyň barşynda bu ulgamda ýene bir resminama — «Oba hojalyk pudagynda 2020 — 2030-njy ýyllar aralygynda oba hojalyk tehnikalaryna we gurallaryna sanly elektron ulgamy arkaly dolandyrmagy ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen «John Deere Walldorf GmbH & Co. KG» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekildi.

Bu resminamalara laýyklykda, degişli kompaniýalar tarapyndan ýakyn birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanyň 2013 — 2019-njy ýyllarda satyn alan «John Deere» we «Claas» kysymly ýokary oba hojalyk tehnikalary telematika bilen enjamlaşdyrylar. Munuň özi tehnikalaryň ýerleşýän ýerini, harçlanan ýangyjy, ýerine ýetirilen işleriň wagtyny, tehnikalaryň işini we başga-da köp sanly görkezijilerini meýdana çykmazdan, uzak aralykdan syn etmek we kesgitlemek mümkinçiligini döreder.

Munuň üçin bolsa Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň edara binasynda dolandyryş merkezi döredildi. Oňa anyk wagt tertibinde hereket edýän oba hojalyk tehnikalary baradaky maglumatlar gelip gowşar. Şunuň ýaly sebit derejesi bolmadyk merkez Ahal welaýatynyň Änew şäherçesinde ýerleşýär. Şeýle hem welaýat we etrap merkezlerinde maglumatlary toplaýan, saklaýan, seljerýän we gaýtadan işleýän, hasabatlary ýöredýän enjamlar bilen üpjün edilen internet arkaly bir bitewi merkezi serwere birikdirilen ýerli gözegçilik nokatlaryny döretmek meýilleşdirilýär.

Bu işler bilen bir hatarda, häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Gökdepe, Ak bugdaý we Kaka etraplarynyň gowaça meýdanlaryna ideg etmek boýunça geçirilýän ähli mehanizmleşdirilen çärelerde telematik ulgam bilen enjamlaşdyrylan «John Deere» kysymly oba hojalyk tehnikalary önümçilik şertlerinde synagdan geçirilýär.

Sanly telematik ulgamy dolandyrmak maksady bilen, zerur hünärmenler bilen yzygiderli üpjün etmek üçin Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygyny mehanizmleşdirmek hünäriniň talyplary ýörite okuw maksatnamasy esasynda dersleri özleşdirýärler.

Şeýlelikde, ýurdumyzda simsiz aragatnaşygyň hem-de nawigasiýanyň hemra ulgamynyň ösdürilmegi telemetrik ulgamlar arkaly takyk, sanly ekerançylyga geçirilýän oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine ýardam eder. Bu usullar degişli ulgamda innowasiýa häsiýetli tehnologiýalar bolup durýar.

«John Deere» kombaýnlary Türkmenistanyň ekerançylyk meýdanlarynda 25 ýylyň dowamynda işlemek bilen, iri daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň nusgalyk mysalyny görkezdiler. 2019-njy ýyl bu netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm tapgyrlarynyň biri hem-de Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda innowasiýalaryň ilerledilýändiginiň subutnamasy bolar. Döwrebaplaşdyrylan «John Deere» tehnikasyny Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi üçin hem getirmek göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz senagatlaşdyrmak — innowasiýa esasynda ähli önümçilik düzümleriniň tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna yzygiderli ýardam berýär, Türkmenistana tapgyrlaýyn getirilip başlanylan hasyl ýygnaýjy iň täze «John Deere» tehnikalarynyň nobatdaky iri tapgyrynyň gelip gowuşmagy hem muňa mysaldyr. 2019-njy ýylda pagta ýygyjy kombaýnlaryň 300-si, 2020-nji ýylyň pagta ýygymy möwsüminiň başlanmagyna çenli bolsa olaryň ýene 300-si ýurdumyza gelip gowşar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşini, düşewüntliligini hem-de netijeliligini üpjün edýän serişde tygşytlaýjy tehnologiýalar ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň mundan beýläk-de ösmeginiň binýady bolup durýar hem-de bu pudagyň bar bolan kuwwatlyklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyny şertlendirýär.

Şunda pudagyň hem-de tutuş ýurdumyzyň sanly ulgama geçirilmegi türkmen halkynyň geljekde hem abadançylygynyň kepili bolar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter