Türkmen pälwanlary Koreýa Respublikasyndan 25 medal bilen gaýdyp gelýärler | TDH
Sport

Türkmen pälwanlary Koreýa Respublikasyndan 25 medal bilen gaýdyp gelýärler

опубликованно 07.09.2019 // 412 - просмотров
 

Koreýa Respublikasynyň Çungju şäherinde dünýäniň 100 ýurdundan türgenleriň 4 müňe golaýynyň gatnaşan söweş sungaty boýunça Bütindünýä oýunlarynda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary sambo we söweş sambosy boýunça bäsleşiklerde ýene dokuz medal gazandy.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Abdulla Abaýew hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykmagy başardy. Oňa 68 kilogram agramlyk derejesinde bäs gelen bolmady.

Daşoguz welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň Daşoguz şäherindäki 1-nji sport mekdebiniň türgeni Jawlanbek Madaminow (90 kg.) we onuň Lebap welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň Dänew etrabyndaky 1-nji sport mekdebinden bolan kärdeşi Dinara Iwadullaýewa (48 kg.)jemleýji ýaryşlarda altyn medaly gazanmakdan biraz asgyn geldiler. Olar final duşuşygynda asgyn gelip, öz toparçalarynda kümüş medallara mynasyp boldular.

Ildeşimiz Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Begenç Baltaýew 74 kg. agram derejesinde çykyş edip, bürünç medaly gazandy.

Şondan bir gün ozal “sambo” we “söweş sambosy” düzgünleri boýunça geçen ýaryşlar türgenlerimize medallaryň bäşisini getirdi. Olaryň 3-si altyn medaldyr.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi goşun sport klubynyň esgeri Guwanç Begalyýew (90 kg.), Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgäri Gülnar Haýytbaýewa (62 kg.) we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri Çarymyrat Annagurbanow (90 kg.) öz agram derejelerinde ýeňijiler boldular.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 3-nji ýyl talyby Jemal Hojakulyýewa (52 kg.) çekeleşikli ýaryşda kümüş medal, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň harby talyplar batalýonynyň wzwod serkerdesi Rüsdem Penjiýew bolsa (82 kg.) bürünç medal gazandylar.

Çungju şäherinde geçen söweş sungaty boýunça Bütindünýä oýunlary tamamlandy. Türkmenistanyň ýygyndy topary Watanymyza dürli derejeli medallaryň ýigrimi bäşisi bilen gaýdyp gelýär, olaryň dokuzysy altyn medallardyr.

Türkmen türgenleriniň bu uly ýeňişleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary netijeli sport ulgamynda üstünlikli durmuşa geçirýän syýasatynyň aýdyň netijesidir. Milli Liderimiziň yzygiderli aladalary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzda sport bilen meşgullanmak köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar hem-de ýurdumyzyň dünýä sport giňişligindäki abraýy barha belende göterilýär.

***

Şu ýylyň 6-8-nji sentýabry aralygynda Male şäherinde (Maldiwler Respublikasy) 3x3 “FIBA 3x3 Quest 2019 Final” görnüşli basketbol boýunça halkara ýaryşy geçirildi. Oňa 16 ýurtdan türgenleriň 64-si, şol sanda Türkmenistanyň ýygyndy topary hem gatnaşdy.

Çekeleşikli geçen bu ýaryşlarda biziň basketbolçylarymyz öz ussatlyklaryny, taýýarlyk derejeleriniň we ýeşňe bolan höwesleriniň ýokarydygyny görkezip, ikinji orny eýelediler hem-de kümüş medallara mynasyp boldular.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter