Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynyň ýaýbaňlandyrylmagy mynasybetli dabaralar | TDH
Jemgyýet

Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynyň ýaýbaňlandyrylmagy mynasybetli dabaralar

опубликованно 07.09.2019 // 273 - просмотров
 

Şu gün Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde bu ýerde amala aşyrylýan giň gerimli şähergurluşyk işleri — welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň döredilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, welaýatyň etraplarynyň häkimleri, ýurdumyzyň ähli sebitlerinden ýaşulular, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, telekeçiler, welaýatyň köp sanly ilaty we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly 3-nji sentýabrda geçiren iş maslahatynda döwlet Baştutanymyzyň «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak hakyndaky» taryhy Karary esasynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler üçin milli Liderimize hoşallygyň nyşany hökmünde welaýatyň ilatynyň toý-dabaralara beslenjek giň möçberli çäräni geçirmegi meýilleşdirendigi habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň täze dolandyryş merkezinde gurluşyk işleriniň barşy bilen gyzyklanyp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleriň degişli derejede alnyp barlyşyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

...Taryhy ähmiýeti bolan waka mynasybetli baýramçylyk dabaralary Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgüniň öňündäki meýdançada başlandy. Köşgüň öňünde milli amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklaryndan düzülen sergi guraldy. Dabara gatnaşyjylar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan ähli medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigini bellediler. Sergi milli gymmatlyklar babatda halkymyzyň ruhy dünýäsiniň, milli mirasynyň örän baýdygyny aýdyň görkezdi. Munuň özi türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden çeper önümleriniň, türkmen zenanlarynyň hünärli gollaryndan çykan milli lybaslaryň dünýä nusgalykdygyny ýene bir ýola subut etdi.

Bagşy-sazandalaryň çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli çärelere gatnaşyjylar Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgüniň içine girdiler. Köşgüň eýwanynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gözelligini we döwrebaplygyny görkezýän giň göwrümli taslamalar, binalaryň şekilleri goýlupdyr. Onda welaýatyň edara ediş merkeziniň binalary, ýaşaýyş jaý toplumlary, nurana ýollary aýdyň görünýär. Munuň özi milli Liderimiziň tagallasy bilen, täze gurluşyklaryň döwrüň talabyna laýyk derejede ýerine ýetirilýändigini, şolarda häzirki zaman tejribeleriniň milli binagärlik ýörelgeleri bilen utgaşdyrylyp, netijeli ulanylýandygyny äşgär edýär.

Dabaraly maslahaty Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow açyp, welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurulmagy babatda zerur tagallalary edýän hormatly Prezidentimize sagbolsun aýtdy. Şeýle hem häkim welaýatyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýuljakdygyna ynandyrdy.

Soňra welaýata gözegçilik edýän wise-premýer Ç.Gylyjow welaýatyň ilatynyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan bu çözgüdiň sebitiň çäklerinde giň möçberli işlere badalga berilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrülendigini belledi. Şeýlelikde, asylly däbe görä, tutumly işler şatlyk-şowhuna beslenýän medeni çäreler bilen utgaşýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň Karary esasynda badalga berilýän asylly işlere halkymyzyň buýsanjynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Dabara gatnaşyjylar milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň wajypdygyny nygtadylar we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynandyrdylar.

Hormatly ýaşulular we ak gyňaçly eneler çykyş edip, ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkarar bolmagy, geljek nesilleriň eşretli zamanada ýaşamagy we döretmegi ugrunda döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin döwlet Baştutanymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda durmuş syýasaty netijeli häsiýete eýe bolýar, ýaşlaryň jemgyýetimiziň durmuşyna işjeň aralaşmagy ugrunda giň möçberli şertler üpjün edilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaş nesiller mili ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda öndürijilikli zähmet çekmek bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik sepgitleriň eýelenilmegine mynasyp goşant goşýarlar.

Çykyşlarda türkmen telekeçileriniň ähli ulgamlarda işjeňlik görkezýändigi bellenildi. Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary häzirki zaman tejribelerini, sanly tehnologiýalary we täzeçil usullary netijeli peýdalanyp, Türkmenistanyň ähli görkezijiler babatda beýik ösüşleri gazanmagyna ýardam berýärler. Munuň özi ýurdumyzyň hususyýetçileriniň öňünde milli Liderimiz tarapyndan goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň gurluşyk kompaniýalarynyň bina edýän dürli maksatly desgalary, ýaşaýyş jaý toplumlary we beýleki binalary ýurdumyzyň şäherleriniň we etraplarynyň baş bezegine öwrülýär. Munuň özi hususyýetçiligiň şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm orun eýeleýändigine şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşyk işleriniň hili we şolaryň bellenilen möhletde ýerine ýetirilmeginiň gözegçilikde saklanylmagy baş talap bolup durýar. Çykyşlarda bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyryljakdygy, gurluşykda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyryljakdygy nygtaldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyza Ýüzlenme kabul etdiler. Onda halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň üpjün edilmegine, Türkmenistanyň täze sepgitleri eýelemegine gönükdirilen döwlet syýasatyny alyp barýan milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edilýär.

Soňra dabara Medeniýet köşgüniň kaşaň sahnasynda medeniýet we sungat ussatlarynyň taryhy waka mynasybetli taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Bu ýerde belli estradaçylaryň, ýaş ýerine ýetirijileriň, meşhur bagşylaryň, tans we folklor toparlarynyň çykyşlary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Sungat ussatlary belent ruha beslenen aýdym-sazlary bilen milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri, mähriban topragymyzyň gözelligini wasp etdiler.

Baýramçylyk konserti halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, durmuş düzüminiň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, diňe bu welaýat üçin däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň ösüşinde möhüm ähmiýetli taryhy başlangyçlary üçin hormatly Prezidentimize aýdylýan alkyşyň nyşanyna öwrüldi.

Soňra taryhy waka mynasybetli guralan çärelere gatnaşýan adamlar etrabyň çäginde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň binalarynyň we desgalarynyň guruljak ýerine geldiler.

Bu ýerdäki ýörite meýdançada täze şäheriň binalary hem-de gurluşyk aýratynlyklary barada gürrüň berýän taslamalardan ybarat sergi guraldy. Şeýle hem gurluşykda ulanylmagy göz öňünde tutulýan ýokary öndürijilikli tehnikalar, enjamlar we serişdeler görkezildi.

Bu ýerde ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň önümçilik kärhanalarynda öndürilen gurluşyk serişdeleriniň köp görnüşleri, bezeg plitalary, birnäçe plastik önümler we boýaglaryň dürli görnüşleri görkezilýär. Munuň özi ýurdumyzyň telekeçileriniň gurluşyk ulgamynda zerur hasaplanylýan we giňden ulanylýan serişdeleriň önümçiligini netijeli alyp barýandygyny alamatlandyrýar.

Bu önümleriň hil we ekologiýa babatda döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelmegi ýurdumyzyň hususyýetçileriniň häzirki zaman önümçiligini ýola goýmakda oňyn tejribe toplandygyna güwä geçýär. Gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde, türkmen telekeçileri dürli ugurlarda bolşy ýaly, gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginde ýokary netijeleri gazanýarlar.

Soňra giň möçberli çärä gatnaşyjylar Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň gyzgalaňly alnyp barlyşy bilen ýerinde tanyşdylar. Bu gün milli Liderimiziň başlangyjy bilen, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde nusgalyk derejedäki şäherçeleriň we döwrebap obalaryň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Ýurdumyzyň telekeçileriniň tagallasy bilen peýda bolýan häzirki zaman şäherçeleri sebitleriň baş bezegine öwrülýär. Olaryň binagärlik aýratynlyklarynyň döwrüň talabyna laýyk derejede bolmagy, desgalaryň kaşaňlygy we bezegi, şolarda döredilýän şertler halkymyzyň guwanjyny artdyrýar.

Munuň özi hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatynyň barha giň gerim alýandygynyň we uly rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Ahal welaýatynyň çäklerinde amala aşyrylýan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasy halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilýär.

Milli binagärlik ýörelgeleri soňky ýyllarda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça netijeli ulanylýar hem-de öňdebaryjy usullar, sanly tehnologiýalar arkaly mynasyp dowam etdirilýär. Bu gurluşyk pudagynyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli
amala aşyrylýandygynyň tassyknamasydyr.

Häzirki döwürde kuwwatly tehnikalaryň kömegi arkaly gurluşykçylar düzümleýin desgalary meýilnamalaşdyrmak, lagym ulgamlaryny, ýollary çekmek, täze edara ediş merkeziniň binalarynyň ýerleşjek ýerlerini kesgitlemek işlerini alyp barýarlar. Şunuň bilen birlikde, täze desgalaryň binýady goýulýar.

Ýurdumyzyň bu jogapkärli wezipe ynanylan telekeçileri gurluşygyň öz wagtynda we ýokary hil derejesinde tamamlanmagy ugrunda ähli tagallalary etjekdiklerini nygtaýarlar.

Umuman, türkmen jemgyýeti üçin ähmiýetli bolan bu waka hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Şu günki dabara mynasybetli Yzgant şäherçesindäki «Toý mekanynda» toý sadakasy berildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter