Medeniýet we sungat, döredijilik işgärlerine, «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine | TDH
Syýasat habarlary

Medeniýet we sungat, döredijilik işgärlerine, «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine

опубликованно 07.09.2019 // 382 - просмотров
 

Gadyrly «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri!
Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Sizi hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramy, şeýle hem «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi diýen abraýly baýraga we hormatly atlara eýe bolmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin!

Gadyrly medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirýän taryhy özgertmelerimiz, alyp barýan giň gerimli işlerimiz mähriban Watanymyzy dünýä derejesindäki ösüşlere besleýär. Biz ähli ulgamlarda uly ösüşleriň gazanylmagyny şertlendirýän, ylmy esaslara daýanýan iri möçberli döwlet maksatnamalaryny kabul etdik. Şol maksatnamalar esasynda häzirki döwürde bedew bady bilen barha ynamly öňe barýan Diýarymyzy syýasy, ykdysady we medeni babatda düýpli ösdürmek, ähli pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak ugrunda netijeli işleri amala aşyrýarys, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleriň, gazanylan uly üstünlikleriň ähli watandaşlarymyz bilen birlikde, medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerini hem buýsandyrýandygyna, olary täze, kämil eserleri döretmäge ruhlandyrýandygyna ynanýaryn.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny düýpli ösdürmek, döredijilik işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak işlerine uly ähmiýet berýäris. Täze döredilýän şäherlerde, döwrebap obalarda medeni maksatly binalary gurýarys. Bu maksatlar üçin döwletimiz tarapyndan düýpli maýa goýumlary gönükdirilýär. Bu işleriň ählisi medeniýet ulgamynda alnyp barylýan giň möçberli işleri kämilleşdirmek, medeni mirasymyzy, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmek ýaly asylly işler bilen berk baglanyşyklydyr.

Hormatly adamlar!
Gadyrly dabara gatnaşyjylar!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz döreden eserleriniň kämilligi, çeperçilik derejesiniň ýokarylygy bilen aýratyn tapawutlanan medeniýet, sungat işgärlerine hormatly atlary dakyp, döwlet sylaglaryny gowşurýarys. Medeniýet we sungat işgärleriniň ukyp-başarnyklaryny, zehin-aýratynlyklaryny aýdyň ýüze çykarmak maksady bilen, döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirýäris. Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigi, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», ýaş aýdymçylaryň «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly we beýleki döredijilik bäsleşikleri sungaty ösdürmäge ukyply zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam edýär. Bu bäsleşikleriň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzündäki belent abraýynyň, düýpli ösüşleriniň, ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň, bagtyýarlygynyň, jemgyýetimiziň sagdynlygynyň, edebiýatymyzda, medeniýetimizde, sungatymyzda gazanan üstünliklerimiziň taryhy ähmiýetini, gadyr-gymmatyny giňden şöhlelendirýän täze, kämil eserleri döretmekde uly ähmiýeti bardyr. Biz bu ugurda alyp barýan işlerimizi geljekde-de dowam etdireris.

Hormatly adamlar!

Biz Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramyna täze zähmet üstünlikleri bilen barýarys. Ajaýyp döwrümiziň eşretli günlerinden kalby ganatly watandaşlarymyz Garaşsyzlyk baýramymyzy mynasyp sowgatlar bilen garşylamak ugrunda uly joşgun bilen zähmet çekýärler. Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge, onda ýurdumyzyň gülläp ösmegine, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul etjek derwaýys çözgütlerimiz, döwletli kararlarymyz mähriban Watanymyzyň geljekde ösüşiň täze belentliklerine göterilmegine, raýatlarymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamaklaryna, işlemeklerine uly ýardam berer. Bu işleriň hem medeniýet, sungat we söz ussatlarynyň döredijiliginde uly orun aljakdygyna ynanýaryn.

Hormatly döredijilik işgärleri!
Medeniýet we sungat ussatlary!

Sizi Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri bolmagyňyz, şeýle hem hormatly atlara we döwlet sylaglaryna mynasyp bolmagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň her biriňize berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, täze döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter