Türkmenistan — Germaniýa: adamlaryň saglygy ugrunda hyzmatdaşlyk | TDH
Jemgyýet

Türkmenistan — Germaniýa: adamlaryň saglygy ugrunda hyzmatdaşlyk

опубликованно 06.09.2019 // 208 - просмотров
 

Şu gün «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Saglygy goraýyş boýunça VIII türkmen-german forumy geçirildi. Ol geçirilip gelýän ýyllarynda iki dostlukly ýurduň arasynda lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin netijeli çärä öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän forum Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygyň çäklerinde guralýar.

Ýurtlaryň ikisinde hem nobatma-nobat geçirilýän türkmen hem-de nemes kärdeşleriniň yzygiderli duşuşyklary hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini we ugurlaryny, bilelikdäki barlag hem-de tälim beriji taslamalary kesgitleýär, täze tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmaga, ylmy işgärleri hem-de ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam edýär.

Şu duşuşyga GFR-iň belli hassahanalarynyň tanymal alym-professorlary, türkmen tarapyndan bolsa döwlet edaralarynyň we ylmy-kliniki merkezleriň, şypahana-bejeriş edaralarynyň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşýarlar.

Forumyň açylyş dabarasynda ýurdumyzyň myhmanlarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşýan GFR-den bolan hyzmatdaşlara bildirilýän uly ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy. Şol özgertmeler halkara ölçeglere laýyklykda, ilaty ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň dürli görnüşleri bilen üpjün etmäge gönükdirilendir.

Soňky ýyllarda hünärmenlerimiziň onlarçasy nemes hassahanalarynda okuw tejribesini hem-de hünär taýýarlygyny geçdiler. Bu gün bolsa esasy maksat şol akademiki gatnaşyklary ýerlerde gös-göni lukmançylyk işinde çuňlaşdyrmak bolup durýar.

Forumyň gün tertibine pediatriýa, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, beýleki birnäçe ugurlar boýunça öňdebaryjy tejribäni hem-de özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda sanly lukmançylygy ornaşdyrmak we ýokary tehnologiýalary ulanmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak girizildi.

Forumyň birinji güni paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goramak baradaky ylmy-kliniki merkeziň iň gowy işleriniň mysalynda täze doglan, agramy ýetmeýän çagalara nähili seretmeli diýen meselä garaldy. Bu merkeziň hünärmenleri nemes kärdeşleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler, şol sanda wagtyndan öň dünýä inen bäbeklere seretmegiň täze usullaryny özleşdirýärler.

Şeýle hem şu merkezde süýjüli diabetli çagalary bejermegiň oňat tejribesi toplanyldy, bu barada degişli hasabat berildi. Lukmanlar ählumumy lukmançylyk-durmuş meseleleriniň biri bolan süýji keseliniň tutuş dünýäde artýandygyna üns berýärler.

Türkmenistanda bu meselä uly ähmiýet berilýär, şol sanda bu keseli öz wagtynda ýüze çykarmak babatda işler geçirilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň saglygy goraýşyny, umuman, hut şeýle çemeleşmä gönükdirýändigini bellemek gerek. Bu bolsa lukmanlara keseliň barşynyň irki döwürlerinde bejermegiň has netijeli usullaryny ulanmaga kömek edýär.

Muňa «Ene mähri» halkara merkeziniň lukmanlarynyň iş tejribesi-de şaýatlyk edýär, bu göwreli zenanlarda gestasion süýjüli diabeti ir ýüze çykarmak meselesine bagyşlanan lukmanyň hasabatynda öz beýanyny tapdy, bu çagalarda süýji keseliniň öňüni almagyň ugry bolup durýar. Mundan başga-da, foruma gatnaşyjylar gestasion süýjüli diabetli enelerden doglan çagalaryň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça teklipleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi gorap saklamagyň möhümdigi birinji nobatda görkezildi.

Çaga rewmatologiýasynyň möhüm meseleleri Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasyndan bolan lukmanlar tarapyndan gozgaldy. Dürli müşgillikler boýunça ýurdumyzyň lukmançylyk merkezleriniň esasy hünärmenleriniň çykyşlary hem diňlenildi, lukmanlar şol meselelere çylşyrymly ýagdaýlarda sezewar bolýarlar. Şunda diňe wezipeleriň goýluşy barada aýdylman, eýsem, öz netijeliligini subut eden anyk çözgütler getirildi.

German professory, öz nobatynda, öz tejribesini paýlaşdy hem-de ol ýa-da beýleki keseli bejermegiň täze usullaryny peýdalanmagyň netijeleri barada gürrüň berdi. Hususan-da, şu gün foruma Mýunhen şäheriniň Dritter Orden Kinderklinik hassahanasynyň çaga hirurg-ortopedi doktor Winsent Frimberger, Augsburgyň uniwersitet klinikasynyň pediatry Mihael Gerstlauer, Grosshadern hassahanasynyň (Mýunhen) pediatriýa klinikasynyň çaga endokrinology Henrih Şmidt, Ahen şäheriniň RWTH uniwersitetiniň çaga klinikasynyň çaga onkologiýa we sütün öýjükleriniň transplantasiýa bölüminiň müdiri Udo Kontny çykyş etdiler.

Çykyşlaryň dowamynda şekilli tanyşdyrmalaryň, wideoşekilleriň ulanylmagy Türkmenistanyň we Germaniýanyň klinikalarynda girizilen hem-de ýüz tutan adamlaryň ömrüni halas etmäge we olaryň saglygyny dikeltmäge kömek edýän birnäçe täzeliklere aýdyň baha bermäge mümkinçilik berdi.

Forumyň ertirki güni Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynda barha giňden peýdalanylýan sanly lukmançylyga we öňdebaryjy tehnologiýalara bagyşlanylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda 2019 — 2025-nji ýyllar üçin saglygy goraýşyň sanly ulgamyny ösdürmegiň strategiýasy işlenilip taýýarlanyldy. Şol strategiýa optiki-süýümli aragatnaşyk hem-de lukmançylyk edaralaryny zerur enjamlar bilen üpjün etmegi, şolary kompýuterleşdirmegi we informatizasiýalaşdyrmagy göz öňünde tutýar.

Bularyň ählisi ýaşaýan ýeriňe garamazdan, halkara ölçegleriň derejesinde ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny peýdalanmakda ilat üçin deň mümkinçilikleri döretmäge ýardam berer hem-de jemgyýetiň sanly aragatnaşyk ulgamynyň şertlerine uýgunlaşmagyna kömek eder.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen saglygy goraýşyň möhüm ugurlary boýunça Germaniýa bilen hyzmatdaşlyk etmegiň berk binýady goýuldy, şoňa görä-de, häzir bu bilelikdäki uly we ulgamlaýyn iş öz miwesini berýär. Ine, ikitaraplaýyn tejribe alşylmagy netijesinde, ýurdumyzyň lukmançylyk işine anyklamagyň, bejermegiň, örän az möçberli şikes ýetirme bilen hirurgiýa işleriniň täze usullary ornaşdyryldy. Germaniýanyň öňdebaryjy klinikalarynyň professorlarynyň gatnaşmagynda türkmen lukmanlary üçin ylmy-amaly we okuw maslahatlary, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlar yzygiderli geçirilýär.

Saglygy goraýyş boýunça VIII türkmen-german forumynyň ilkinji güni iki ýurduň ylym we işewür toparlarynyň arasyndaky oňyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini, olaryň anyk netijeleri gazanmagy maksat edinýändigini ýene-de tassyklap, hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykmak maksady bilen, özara hereket etmegiň mundan beýläkki ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

Saglygy goraýyş ulgamynda Türkmenistanyň işjeň ösdürilýän halkara hyzmatdaşlygy mähriban halkymyzyň abadançylygyny gazanmagy baş maksady edip goýýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary we içeri syýasatynda görnükli orny eýeleýän işiniň köptaraply ulgamydyr. Halkymyzyň saglygy bolsa ýurdumyzyň baýlygydyr.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter