Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji konserti | TDH
Medeniýet

Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji konserti

опубликованно 05.09.2019 // 370 - просмотров
 

Şu gün Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň baş baýramynyň — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda zehinli çagalaryň arasynda geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy.

Däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň körpe aýdymçylarynyň her ýylky bäsleşigi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk dabaralarynyň başyny başlaýar. Indi köp ýyllaryň dowamynda bu bäsleşik jemgyýetçiligiň uly gyzyklanmasyny döredip, eziz Watanymyzyň ähli künjeklerinden bolan ýaş zehinleri — umumybilim berýän we sazçylyk mekdepleriniň hem-de döredijilik merkezleriniň okuwçylaryny täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Şu ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygary döredijilik bäsleşiginiň ruhubelentligini has-da artdyrdy. Körpe artistler bedew bady bilen täze belentliklere tarap okgunly öňe barýan eziz Watanymyzy, zähmetsöýer halkymyzy, türkmen topragynyň tebigatynyň gaýtalanmajak gözelligini ruhubelentlik bilen wasp etdiler. Ýaş ýerine ýetirijileriň aýdymlary we tanslary wideoşekiller bilen utgaşyp, sahnada körpe türkmenistanlylara bagtly çagalygy peşgeş beren beýik ýurdumyzyň keşbini döretdi.

Däp bolşy ýaly, bäsleşik birnäçe tapgyrda geçirilip, zehinli çagalary ýüze çykarmaga we ösdürmäge, olary watançylyk, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünliklere buýsanç ruhunda terbiýelemäge ýardam edýär.

Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralaryň öňüsyrasynda paýtagtymyzdaky Mukamlar köşgüniň sahnasynda çykyş eden körpe zehinler welaýatlarda geçirilen bäsleşikleriň saýlama tapgyrlarynda ýeňiş gazanyp, ýokary sylag ugrunda göreşmäge hukuk gazandylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara iberen Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda körpe artistleriň hoş owazly aýdymlarynyň bagtyýarlyk döwrüniň senasy bolup ýaňlanýandygy nygtalýar.

«Siziň ajaýyp aýdym-sazlaryňyz berkararlygymyzyň we bagtyýarlygymyzyň çeşmesidir. Jadyly owazlaryňyz Garaşsyzlygymyzy, Bitaraplygymyzy, berkararlygymyzy wasp edýän, ata Watanymyzyň, eziz halkymyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýýan özboluşly sungatdyr. Ähli ösüşlerimiziň esasy bolan ruhy galkynyşymyzy täze belentliklere çykarmakda siziň şirin aýdymlaryňyzyň, joşgunly sazlaryňyzyň ähmiýeti örän uludyr» diýlip, milli Liderimiziň Gutlagynda bellenilýär.

Ýaş zehinleriň her bir aýdymy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Çykyşlar ýurdumyzyň çagalar tans toparlarynyň joşgunly ýerine ýetiren tanslary we kompozisiýalar bilen utgaşyp gitdi. Çykyşlarda zehinli çagalar eziz Watanymyza, özlerine bagtly çagalygy peşgeş beren milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz söýgini beýan etdiler. Olaryň çykyşlarynda ata-babalarymyzyň ajaýyp däp-dessurlaryna ygrarlylyk hem-de ýagty geljege bolan ynam öz beýanyny tapdy.

Halk we estrada aýdymlaryny wagyz etmek arkaly milli aýdym-saz sungatyny ösdürmek bäsleşigiň esasy maksady bolup durýar. Konsertiň maksatnamasyna diňe bir bäsleşige gatnaşyjylaryň zehinini aýdyňlyk bilen görkezýän dürli eserler däl, eýsem, milli aýdym-saz sungatynyň baýlygyny beýan edýän çykyşlar hem girizildi.

Her ýyl geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň nobatdaky jemleýji tapgyry mähriban topragymyzyň zehinleriniň egsilmezdigini ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi. Tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalary astynda çagalaryň aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar gowşuryldy. Konserte gatnaşyjylaryň her birine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bu sowgatlar bolsa olary döredijilik ýoluny dowam etdirmäge hem-de ýüreklerinde beslän arzuwlaryny amala aşyrmaga ruhlandyrmalydyr.

«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylar kabul edilen Ýüzlenmede ýaş nesil hakynda ýadawsyz aladasy, olaryň bagtyýar durmuşy babatda döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we geljekde hem oňat okamak, döredijilik bilen meşgullanmak, eziz Watanymyzy wasp etmek hakynda milli Liderimiziň nesihatlaryna eýerjekdiklerine ynandyrdylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter