Milli taryhy-medeni mirasymyzy wagyz etmek wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy | TDH
Jemgyýet

Milli taryhy-medeni mirasymyzy wagyz etmek wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

опубликованно 03.09.2019 // 273 - просмотров
 

Şu gün Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini wagyz etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň orny» atly maslahat geçirildi, onuň çäklerinde arheologiýa tapyndylarynyň sergisi guraldy.

Bu çärä döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň ýolbaşçylary, ylmy-barlag edaralarynyň wekilleri, köp sanly arheologiýa toparlaryna gatnaşyjylar, ýokary okuw mekdepleriň talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatyň maksady köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen dünýä siwilizasiýasynyň gymmatly hazynasy bolan ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň ägirt uly ähmiýetine giň jemgyýetçiligiň ünsüni çekmekden ybaratdyr. Merdana ata-babalarymyzyň ösüp gelýän ýaş nesli Watanymyza söýgi, onuň milli gymmatlyklaryna we ruhy ýörelgelerine wepalylyk ruhunda terbiýelemek işinde köpasyrlyk şanly taryhymyzy öwrenmegiň möhümdigine aýratyn üns berildi.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynda hemmetaraplaýyn açylyp görkezilen türkmenleriň maddy hem-de ruhy medeniýetiniň çuňňur arabaglanyşygy bu rowaýata öwrülen ýoluň ugrunda ýerleşýän ýurdumyzyň çäklerindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologiýa gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň Döwlet maksatnamasynda öz beýanyny tapdy.

Bu resminama Ylymlar akademiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy.

Häzirki wagtda maksatnama laýyklykda, gadymy Amul şäheriniň galyndylarynda — Daýahatyn kerwensaraýynda, Uly Gyzgala, Abdyllahan, Daňdanakan we beýleki köp sanly desgalarda yzygiderli işler alnyp barylýar.

Geçen döwürleriň binagärlik ýadygärliklerini öwrenmek dünýä medeniýetiniň gaznasyny Türkmenistanyň taryhy baradaky maglumatlar bilen has-da baýlaşdyrýar. Her ýylda daşary ýurtly syýahatçylaryň müňlerçesi ýurdumyza gelip görýärler, gadymy ýadygärlikleriň ajaýyplyklaryna, nepis zergärçilik şaý-sepleriniň nusgalaryna, çeper elli halyçylaryň elinden çykan nepis halylara we gadymy sungatymyzyň beýleki nusgalaryna haýran galýarlar. Bu sungatyň syrlary nesilden-nesle geçirilýär. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde, bu şöhratly ýörelgeler mynasyp dowam etdirilýär.

Köp sanly daşary ýurtly bilermenler gadymy ýadygärliklere uly gyzyklanma bildirýärler. Türkmen alymlarynyň Russiýa Federasiýasynyň, Italiýanyň, Fransiýanyň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Polşanyň we beýleki ýurtlaryň arheologlary bilen bilelikdäki ylmy-barlaglary yzygiderli guralýar.

Ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri häzirki günde hem döredijilikli zähmetiň gudratynyň, meşhur türkmen binagärleriniň nepis döredijilik sungatynyň täsin nusgalary bolup durýar. Bu gymmatlyklar diňe bir taryhçylar we bilermenler üçin ähmiýetli bolmak bilen çäklenmän, ýaşlary estetiki taýdan terbiýelemäge ýardam berýär we olary täze belentliklere ruhlandyrýar.

Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň çeperçilik-estetiki güýjüne daýanmak bilen: «Biziň milli mirasymyz halkymyzyň aň we paýhas, akyl we düşünje, pähim-parasat terezisidir. Medeniýet milletiň mertebesidir, halkyň kalbydyr. Türkmen medeniýeti dünýäniň taryhynda müdimi orun alan maddy hem-de ruhy gymmatlyklarymyzyň bir bitewi ulgamydyr» diýip nygtaýar.

Ýadygärlikleri öwrenmekde häzirki wagtda ýaşlara uly orun degişlidir. Geljekki nesilleriň bähbidine öz taryhymyzy, medeniýetimizi öwrenmek we mähriban topragymyzyň baýlygyny artdyrmak her bir adamyň borjudyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Maslahatyň barşynda taryhy ýadygärliklerde alnyp barylýan rejeleýiş işleri baradaky çykyşlar diňlenildi, işlenip taýýarlanylan taslamalaryň tanyşdyrylyş dabaralary boldy, arheologik gazuw-agtaryş işleriniň geçirilýän ýerleriniň şekilleri görkezildi.

Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolup durýan Türkmenistanyň baý taryha eýedigi nygtaldy. Müňýyllyklaryň dowamynda bu ýerde köp desgalary dünýä medeniýetiniň hazynasyna giren medeni miras kemala geldi. Bürünç asyrynyň şalygy — Marguş ýurdunda geçirilen ylmy barlaglar ýurdumyzyň çäginde baryp gadymy döwürlerde çeper senediň gülläp ösendigini, ýokary medeniýetiň kemala gelendigini subut edýär.

Aziýany we Ýewropany birleşdirýän gadymy kerwen ýollarynyň düzüm bölegi bolan Gadymy Amul we Merwiň çäklerinde alnyp barylýan işler işjeňleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda taryhy we medeni mirasy öwrenmek boýunça giň gerimli işler geçirildi. Taryhy goraghanalaryň sekizisinde birikdirilen taryhy subutnamalaryň 1 müň 397-si döwlet sanawyna girizildi, olaryň ýene-de 30-syny bu sanawa goşmak boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle hem üsti açylmadyk ýadygärlikleri ýüze çykarmak boýunça hemişelik gözleg-barlag işleri geçirilýär.

«Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini wagyz etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň orny» atly maslahatyň ahyrynda, oňa gatnaşyjylar medeni ulgamyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge hemişelik üns berýändigi üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyklaryny beýan edip, Ýewraziýa yklymynyň iki böleginiň ýurtlarynyň arasynda ykdysady, diplomatik, ylmy we medeni gatnaşyklary ösdürmekde uly orun degişli bolan Beýik Ýüpek ýolunyň medeni ähmiýetini, ady rowaýata öwrülen ýoluň hereket etmeginde Türkmenistanyň ornudyr ähmiýetini wagyz etmek we öwrenmek işine bilimlerini, tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter