Türkmen söweş sungaty ussatlarynyň nobatdaky halkara üstünlikleri | TDH
Sport

Türkmen söweş sungaty ussatlarynyň nobatdaky halkara üstünlikleri

опубликованно 02.09.2019 // 173 - просмотров
 

Koreýa Respublikasynyň Çungju şäherinde 27-nji awgust — 7-nji sentýabr aralygynda başa-baş söweş sungatlary boýunça Bütindünýä oýunlary geçirilýär, bu ýaryşlara dünýäniň 100 ýurdundan 2 müňden gowrak türgen gatnaşýar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň ýygyndy topary hem bar. Häzirki wagta çenli biziň türgenlerimiz dürli derejeli medallaryň 8-sine mynasyp boldular.

«Jiu-jitsu» boýunça türkmen türgenleri üç gezek baýrakly orunlary eýelediler. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň üçünji ýyl talyby Weronika Rus 63 kilogram agram derejesinde we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň üçünji ýyl talyby Jelilmuhammet Hojamyradow (69 kg) agram derejesinde birinji orny eýelediler.

Mundan başga-da, bu ugur boýunça Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasynyň türgeni Wýaçeslaw Işhanýan (94 kg) kümüş medala mynasyp boldy, ol finaldaky çekeleşikli tutluşykda bäsdeşinden asgyn geldi.

Söweş sungatlarynyň Koreýa Respublikasynda geçirilýän Bütindünýä oýunlarynda ildeşlerimiz göreş boýunça hem iki kümüş medala eýe boldular. Türkmen döwlet maliýe institutynyň ikinji ýyl talyby Şamuhammet Kurbanow (60 kg) we Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Dostluk şäheriniň 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi Muhammet Temirow
(73 kg) baýrakly orunlara barýan ýollarynda Hindistandan, Mongoliýadan, Malaýziýadan, Ýaponiýadan, Tailanddan, Taýbeýden gelen bäsdeşlerinden üstün çykdy.

Çungju şäherinde geçirilýän bu iri ýaryşlaryň maksatnamasyna alyş göreşi boýunça bäsleşikler hem girýär, bu ugur boýunça 18 döwletiň wekilleri güýç synanyşdy. Şunda türkmenistanly üç türgeniň çykyşy üstünliklere beslendi.

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi Laçyn Badaglyýewa hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň üçünji ýyl talyby Annamyrat Myradow degişlilikde, 55 we 65 kilogram agram derejelerinde öňe saýlanyp, altyn medallara mynasyp boldular.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň birinji ýyl talyby Anna Dmitriýewa (65 kg) umumy hasapda üçünji orny eýeledi, ol çekeleşikli tutluşykda belarusly bäsdeşinden üstün çykyp, bürünç medala eýe boldy.

Söweş sungatlarynyň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde 50 türgeniň çykyş edýändigini hem-de başa-baş tutluşyklaryň 22 görnüşi boýunça medallar ugrunda bäsleşikleri dowam edýändigini bellemek gerek.

***

Biziň ildeşimiz Annamyrat Goşanýazow Bolgariýanyň Plowdiw şäherinde ýakynda tamamlanan taekwondo (ITF görnüşi) boýunça XXI dünýä çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy. Türkmen taekwondoçysy «hususy tuli» ugrunda çykyş edip, Koreýa Halk-Demokratik Respublikasyndan we Gresiýadan bolan bäsdeşlerinden asgyn gelip, üçünji orny eýeledi.

Türkmenistanyň taekwondo boýunça ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Aýdogdy Atabaýewe «Meşhur tälimçi» diýen nyşanyň berilmegi biziň türgenlerimiziň bu çempionatda eýe bolan ýene-de bir üstünligidir. Bu çözgüt Halkara taekwondo federasiýasynyň (ITF) XXVII kongresinde kabul edildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter