Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz ulgamyny ösdürmek meseleleri boýunça duşuşyk geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz ulgamyny ösdürmek meseleleri boýunça duşuşyk geçirdi

опубликованно 29.08.2019 // 324 - просмотров
 

Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýewi kabul etdi. Bu kompaniýalar toparynyň baş edara binasy Ženewada (Şweýsariýa) ýerleşýär.

«ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Singapur Respublikasyna amala aşyran taryhy saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady. Bu sapar Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen Türkmenistanyň özara gatnaşyklarynyň ýyl ýazgysynda täze möhüm sahypany açdy.

Duşuşygyň dowamynda işewür döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda holding tarapyndan amala aşyrylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, nebitgaz ulgamynda we beýleki ugurlarda täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda geçirilýän işler hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda milli energetika maksatnamasyny yzygiderli amala aşyrmak boýunça görülýän çärelere aýratyn üns berildi. Bu maksatnama pudagy döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, onuň gaýtadan işleýän düzüminiň kuwwatyny öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň esasynda artdyrmaga gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda Ý.Kakaýew döwlet Baştutanymyza Igor Makarowy Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň eksperti-hünärmeni wezipesine bellemek hakynda teklip bilen ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýedigini belledi. Munuň özi ýurdumyzyň dünýäniň energetika döwletleriniň biri bolup durýandygyny aňladýar. Türkmenistanyň energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmek babatda başyny başlan hem-de amala aşyrylýan giň gerimli taslamalary diňe bir sebit üçin möhüm ykdysady ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş dünýäde energiýa howpsuzlygyny berkitmekde möhüm orun eýeleýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikleriň bolmagy, maýa goýum işiniň işjeňleşdirilmegi nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagaty has-da ösdürmek, dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri çykarýan döwrebap önümçilikleri döretmek boýunça bellenilen meýilnamalary kesgitleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň eksperti-hünärmeni wezipesine bellemek hakyndaky teklibi makullap, ýurdumyzyň öňden gelýän işewür hyzmatdaşy bolan holding bilen özara gatnaşyklaryň uzak möhletleýin häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Igor Makarow döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu wezipäniň özi üçin uly hormat we jogapkärçilik bolup durýandygyny aýtdy. Işewür özüne bildirilen uly ynamy ödemek hem-de doglan ýurdy bolan Türkmenistanyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Şunuň bilen baglylykda şu ýyl Igor Makarowyň ýolbaşçylyk edýän halkara kompaniýalar toparynyň 28 ýyllygyny belleýändigini nygtamak gerek. Halkara kompaniýalar topary 25 ýyl bäri nebitgaz pudagynda işläp, bu ulgamda uly tejribä eýe boldy.

Mälim bolşy ýaly, «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy esasy işinden başga-da Russiýanyň welosiped sporty federasiýasynyň ýolbaşçysy hem-de Welosipedçiler halkara birleşiginiň ýolbaşçy komitetiniň agzasy bolup durýar. Köp ýyllar türgen bolmak bilen, işewür welosiped sportunda ilkinji ädimlerini hut Aşgabatda başlady.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanda 2021-nji ýylda geçiriljek trek welosiped sporty boýunça dünýä çempionatyny, 2026-njy ýylda bolsa şosse welosiped sporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Igor Makarow bu iri ýaryşlary guramakda berýän goldawy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde munuň üçin ýurdumyzda zerur bolan ähli mümkinçilikleriň hem-de degişli döwrebap düzümiň bardygyny belledi. Türkmenistan üçin, gürrüňsiz, şanly wakalara öwrüljek şol ýaryşlaryň geçirilmegi onuň sport döwleti hökmünde abraýynyň has-da artmagyna ýardam eder.

Duşuşygyň ahyrynda «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow döwlet Baştutanymyza bildiren uly ynamy — jogapkärçilikli wezipä belländigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösmeginiň hem-de halkymyzyň bagtly durmuşda ýaşamagynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi hem-de pursatdan peýdalanyp, ýetip gelýän umumymilli baýramçylyk — mukaddes Garaşsyzlyk güni bilen gutlady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter