Resmi habar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habar

опубликованно 24.08.2019 // 260 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat şäherinden gatnaşan ýaş, zehinli aýdymçy ýaşlaryň arasyndan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek ugrunda joşgunly zähmet çekjek, türkmeniň aýdym-saz sungatynyň parlak ýyldyzlary bolup ýetişjek zehinli aýdymçylary ýüze çykardy.

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde ýokary ussatlyk görkezip, aýratyn tapawutlanan aýdymçylary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:

Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň 1-nji derejeli artisti Gurbanjemal Şöhratgeldiýewna Orazdurdyýewa;

Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Çarygeldi Kakamuhammedowiç Ataballyýew;

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap medeniýet bölüminiň Könekesir oba medeniýet öýüniň aýdym-saz ýolbaşçysy Garaja Ilgeldi ogly Garajaýew;

Daşoguz welaýatyndan Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Allaberdi Orazguly ogly Amanow;

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Güljemal Taýlyýewa;

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap medeniýet merkeziniň ýanyndaky tans toparynyň tansçysy Amangeldi Kakamyradowiç Esenmyradow.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter