Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 19.08.2019 // 419 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýurdumyzyň banklary tarapyndan ornaşdyrylan bankomatlaryň işleýşine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Merkezi bankyň başlygy Annadurdyýew Merdan Öwezowiçe käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, agentligiň işini guramakda kemçiliklere ýol berendigi üçin, Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy Suhanow Orazdurdy Meýlisowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter