Türkmen Lideriniň adyna Gurban baýramy mynasybetli gutlarlar gelip gowuşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmen Lideriniň adyna Gurban baýramy mynasybetli gutlarlar gelip gowuşdy

опубликованно 11.08.2019 // 220 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň Alyhezretiňiz, Size mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin, bu baýram gadymy döwürlerden bäri asyllylygyň, jomartlygyň hem-de hoşniýetliligiň nyşany hökmünde özbek we türkmen halklary tarapyndan giňden bellenilip gelinýär.

Biziň bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde dostlukly ýurtlarymyzyň arasynda taryhy, medeni hem-de ruhy umumylyga esaslanýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, strategik hyzmatdaşlygyň geljekde-de ösdüriljekdigine we berkidiljekdigine ynanýaryn.

Özbegistan bilen Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaşlygy diňe bir iki ýurduň bähbitlerine däl-de, ählumumy durnuklylygyň we sebitiň ähli halklarynyň abadançylygynyň hatyrasyna gönükdiriler.

Pursatdan peýdalanyp, şu röwşen we nurana günlerde Beýik Biribardan Size, meniň gadyrly dostuma uzak ömür, berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, parahatçylyk we abadançylyk dileg edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,
Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi we Türkmenistanyň halkyny Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Bütin musulman ymmatyny rehimdarlyk, hoşniýetlilik we özara goldaw ýaly gymmatlyklaryň ýoly bilen alyp barýan bu mukaddes baýram, goý, bolelinlik we abadançylyk getirsin!

Goý, Gurban baýramy däp bolan dostluga we özara ynama esaslanýan ýurtlarymyzyň arasynda hyzmatdaşlygyň we agzybirligiň pugtalandyrylmagyna ýardam etsin!

Pursatdan peýdalanyp, Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size uly üstünlikler, Siziň maşgalaňyza bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Kasym-Žomart TOKAÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Gyrgyzystanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we Türkmenistanyň halkyny, ähli musulmanlary Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Bu baýram halklaryň agzybirligini pugtalandyrýar hem-de dost-doganlyga, birek-birege mähribanlyga çagyrýar.

Strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna gönükdirilen dostlukly gyrgyz-türkmen gatnaşyklarynyň geljekde hem özara hormat we özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.

Şu nurana günde, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, döwlet işiňizde rowaçlyk we üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Sooronbaý ŽEENBEKOW,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi we Türkmenistanyň dostlukly halkyny röwşen Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Şu şatlykly mümkinçilikden peýdalanyp, Beýik Biribaryň Size berk jan saglyk we jogapkärli işiňizde üstünlikler, türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk, parahatçylyk we durnuklylyk eçilmegini arzuw edýärin.

Biziň ýurtlarymyzyň arasynda belent ruhy gymmatlyklar bilen, şol sanda bütin musulman ymmaty üçin mukaddes Gurban baýramy bilen nurlandyrylan dost-doganlyk we döredijilikli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljekde hem halklarymyzyň bähbidine ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.

Hormatlamak bilen,
Emomali RAHMON,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Azerbaýjanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we türkmenistanlylaryň ählisini belent ynsanperwerlik gymmatlyklaryny we ruhy baýlygy alamatlandyrýan mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bu ajaýyp baýramçylykda Size berk jan saglyk we bagt, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Ilham ALIÝEW,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Prezident, meniň gadyrly doganym, öz halkymyň adyndan we hut öz adymdan Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Beýik Alladan, meniň gadyrly doganym, Size berk jan saglyk, bagt we üstünlikler, dostlukly we doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we ösüş dileg edýärin.

Rejep Taýyp ÄRDOGAN,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Beýik Biribardan Size berk jan saglyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna we bütin musulman ymmatyna bolsa abadançylyk, ösüş we bagtyýarlyk eçilmegini dileg edýärin.

Meniň gutlaglarymy hem-de dostluk we hormat goýýandygym baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymy kabul ediň!

Halifa Bin Zaýed AL-NAHAÝAN,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Owganystan Yslam Respublikasynyň halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňizi, şeýle hem Türkmenistanyň doganlyk halkyny mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Şu günler bütin dünýäniň musulmanlary Käbä haj zyýaratyny amala aşyrýarlar, parahatçylyk, jebislik we bütin musulman ymmatyna ösüş barada dileg edýärler.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlikler, türkmen halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Mohammad AŞRAF GANI,
Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz,

Halkymyzyň adyndan, Iordaniýanyň Haşimit Patyşalygynyň hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy ýollaýaryn.

Size berk jan saglyk we bagt, doganlyk türkmen halkyna bolsa geljekde hem abadançylyk we ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymyzy beýan edýärin.

ABDULLA II,
Iordaniýanyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Size, Alyhezretiňize mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermegi mertebe hasaplaýaryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk we ösüş arzuw edýärin.

Gudraty Güýçli Alladan ähli musulman ymmatyna rowaçlyk we abadançylyk eçilmegini dileg edýärin.

Kabus BIN SAID,
Omanyň Soltany.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňize şatlykly Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymyzy beýan edýärin.

Gudraty Güýçli Alladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, türkmen halkyna mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk, şeýle hem bütin musulman ymmatyna rowaçlyk dileg edýärin.

Meniň iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber AL-SABAH,
Kuweýt Döwletiniň Emiri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, dostluky türkmen halkyna we ähli musulman ymmatyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk dileýärin.

Meniň mähirli gutlaglarymy we hakyky dostluk hem-de hormat goýýandygym baradaky sözlerimi kabul ediň!

Muhammed bin Raşid AL-MAKTUM,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti,
Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna we ähli musulman ymmatyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk dileýärin.

Meniň mähirli gutlaglarymy we hakyky dostluk hem-de hormat goýýandygym baradaky sözlerimi kabul ediň!

Muhammed bin Zaýed AL-NAHAÝAN,
Abu-Dabiniň Mirasdüşer şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Gurban baýramy mynasybetli Owganystanyň Hökümetiniň, halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn.

Bu mukaddes günlerde Beýik Biribardan tutuş musulman ymmatynyň doga-dilegleriniň we haj zyýaratlarynyň kabul bolmagyny, Ýer ýüzünde abadançylygyň, jebisligiň we rowaçlygyň höküm sürmegini dileýärin.

Doganlyk ýurtlarymyzyň arasynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalanjakdygyna we giňeljekdigine ynam bildirýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlik, doganlyk we dostlukly Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Doktor Abdulla ABDULLA,
Owganystan Yslam Respublikasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz,

Sizi Gurban baýramy bilen gutlaýaryn.

Şeýh HASINA,
Bangladeş Respublikasynyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Gazagystanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we Türkmenistanyň ähli halkyny mukaddes Gurban baýramy bilen gutlaýaryn.

Goý, bu nurana baýram rehimdarlyga hem-de sogap işlere beslensin we adamzady belent gymmatlyklara alyp barsyn!

Goý, Gurban baýramy hemişe Gazagystanyň we Türkmenistanyň halklarynyň arasynda dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dowam etdirilmegine ýardam bersin!

Şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tükeniksiz gujur-gaýrat we berk jan saglyk, Siziň maşgalaňyza abadançylyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we bagtyýarlyk, yslam ymmatyna bolçulyk hem-de agzybirlik arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Nursultan NAZARBAÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter