Türkmenistanyň Prezidenti Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

опубликованно 11.08.2019 // 138 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisow bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip birinji Hazar ykdysady forumynyň çärelerine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkmenistana gelen belent mertebeli myhman bilen mähirli salamlaşdy.

Duşuşyk başlamazdan ozal milli Liderimiz Bolgariýanyň hökümetiniň ýolbaşçysyny Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy. Öz nobatynda Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri döwlet Baştutanymyzy ýolbaşçylyk edýän hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Premýer-ministr Boýko Borisowyň ýüzbe-ýüz duşuşygy boldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň hökümetiniň ýolbaşçysyny tüýs ýürekden garşylap, Türkmenistanda Bolgariýa Respublikasy bilen däp bolan dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändigini nygtady, bu gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, abadançylyga we ösüşe ygrarlylyk ýörelgelerine esaslanýar.

Belent mertebeli myhman mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti Rumen Radewiň ähli türkmen halkyna ýollan iň gowy arzuwlaryny we hoşniýetli sözlerini ýetirdi. Jenap Boýko Borisowyň belleýşi ýaly, ol milli Liderimiziň çakylygy boýunça Türkmenistana ýene bir gezek gelip görmäge hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän birinji Hazar ykdysady forumynyň çärelerine gatnaşmaga döredilen mümkinçilige şatdygyny belledi.

Şunda Bolgariýa Respublikasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn syýasatynyň hem-de öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň doly goldanylýandygy nygtaldy.

Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de özüniň bolgar kärdeşine salamyny ýetirip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we «Açyk gapylar» ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny geçirmek bilen, ählumumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýeleýändigini belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow däp bolan türkmen-bolgap gatnaşyklarynyň dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, dürli pudaklarda özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Ýüzbe-ýüz duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler halkara meselelere degip geçmek bilen, Türkmenistan bilen Bolgariýa Respublikasynyň Merkezi Aziýa we Günorta-Gündogar Ýewropa sebitlerinde ynanyşmak ýagdaýynyň pugtalandyrylmagyna hem-de özara düşünişmek hem-de parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ýörelgelerine üýtgewsiz ýardam bermäge taýýardyklaryny nygtadylar.

Hormatly Prezidentimiz we Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri sebit hem-de halkara giňişliginde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşine kanagatlanma bildirdiler. Söhbetdeşler iki döwletiň arasynda ýokary we hökümet derejelerinde yzygiderli gepleşikleriň geçirilmeginiň, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemegiň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny gowulandyrmagyň möhümdigini nygtadylar.

Soňra duşuşyk iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we Bolgariýanyň Premýer-ministri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady ulgam bu hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek, ikitaraplaýyn işewürlik gatnaşyklaryny berkitmek üçin bar bolan uly mümkinçilikleri amala aşyrmakda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara topara möhüm orun degişlidir. Onuň nobatdaky mejlisi, şeýle hem «tegelek stoluň» daşyndaky işewürlik duşuşygy şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunda geçirildi.

Häzirki zaman meýilleri bilen baglylykda, şeýle hem energetika we ulag pudaklary möhüm ugurlaryň hatarynda durýar. Şunda ýurdumyzyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de Gara deňiz we Baltika sebitleriniň, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň, geljekde bolsa Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň deňiz terminallaryna çykýan Ýewraziýa yklym giňişligini gurşap alýan utgaşykly ulag-üstaşyr we logistika düzümlerini kemala getirmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň möhümdigi bellenildi.

Geçen ýylyň maý aýynda Türkmenbaşy şäheriniň täze Halkara deňiz portunyň ulanylmaga berilmegi bu ugurda möhüm ädimleriň biri boldy, ol sebit we yklym ähmiýetli möhüm üstaşyr-ulag merkezine öwrüler.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça geçirilýän birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýeti nygtaldy, onuň gün tertibine kenarýaka ýurtlaryň hem-de gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli köpugurly hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge degişli meseleleriň giň toplumy girizildi.

Bolgariýanyň hökümetiniň ýolbaşçysy forumda goýulýan wezipeleriň giň gerimini belläp, onuň baý maksatnamasyna girizilen ähli çärelerine gatnaşyjylaryň ýokary guramaçylyk derejesini we wekilçilikli düzümini nygtady.

Şeýle hem ekologiýa ulgamy hyzmatdaşlaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda bellenilip görkezildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda bu ulgam bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berilýär, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary iş ýüzünde ornaşdyrmak ugrunda uly tejribe toplanyldy. Şunda Ahal welaýatynda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin önümçiligi boýunça zawody gurmak boýunça iri maýa goýum taslamasynyň durmuşa geçirilmegi aýdyň mysal bolup durýar, bu zawod iýul aýynda ulanmaga berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Boýko Borisow taraplaryň döwletara gatnaşyklara täze okgunly depgin bermäge hem-de onyň anyk mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna taýýardyklaryny tassyklap, däp bolan türkmen-bolgar gatnaşyklarynyň geljekde hem ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň ugry, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen gepleşikleriň çäklerinde üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Baştutany we Bolgariýanyň hökümetiniň ýolbaşçysy birek-biregiň we iki ýurduň halklarynyň adyna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter