Türkmenistan — Bolgariýa: özara bähbitli işewür hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistan — Bolgariýa: özara bähbitli işewür hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär

опубликованно 11.08.2019 // 72 - просмотров
 

Şu gün birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-bolgar hökümetara toparynyň dördünji mejlisi geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň hatarynda iki ýurduň esasy pudaklarynyň, şol sanda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, derman senagaty, oba hojalygy, maýa goýum ulgamlarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri we bilermenleri bar.

30-njy maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisowyň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda taraplaryň ikisiniň hem birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de ösüşe meýillilik ýörelgelerine esaslanýan özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi nygtaldy. Söhbetdeşler dürli ugurlarda tagallalary birleşdirmek üçin uly kuwwatyň bardygyny aýdyp, ondan netijeli peýdalanmakda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň möhüm ornuny bellediler.

Toparyň başlyklary duşuşygy açyp, özara ynanyşmak we bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan türkmen-bolgar gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, häzirki tapgyrda ýurtlaryň ikisi hem bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin bar bolan uly kuwwatdan has doly peýdalanmaga çalyşýar.

Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisowyň 2015-nji ýylda ýurdumyza bolan resmi sapary döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda gol çekilen resminamalar köp ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýady döretdi.

Mejlise gatnaşyjylar ençeme möhüm ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilýändigini nygtap, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-bolgar hökümetara toparynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýangyç-energetika toplumynda hem-de ulag-kommunikasiýa ulgamynda başyny başlan halkara ähmiýetli taslamalarynda işini dowam etdirmeginiň wajypdygyny bellediler.

Toparyň bolgar tarapynyň agzalary daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli işlemegi üçin amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigini belläp, işewür toparlaryň bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak üçin geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge çalyşýandyklaryny aýtdylar.

Şunda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly serişdeleriň bardygy aýratyn nygtaldy. Bolgariýanyň kompaniýalarynyň birnäçesiniň wekilleri ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýokary derejede taýýardyklaryny beýan etdiler. Öz tarapyndan Türkmenistan iri maýa goýumlary, öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge, döwrebap tehnikalary we enjamlary ýetirmäge gyzyklanma bildirýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmäge gönükdirilen täze hökümetara ylalaşyklary we şertnamalary baglaşmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, özara maýa goýumlary goramak, tehniki hyzmatdaşlyk we salgytlar boýunça maglumatlary alyşmak, halkara ýük daşalmagy we ýolagçy gatnadylmagy ulgamynda hyzmatdaşlyk ýaly meseleler boýunça pikir alşyldy.

Mejlisiň barşynda energetika düzümi, desgalary, deňiz ulagy, obasenagat toplumyna öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem daşary bazarlara türkmen önüm öndürijileriniň dokma hem-de haly önümleriniň iberilişini giňeltmek boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine üns berildi.

Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini hem-de Gara deňziň kenarynda bolgar şypahanalarynyň tejribesini nazara almak bilen syýahatçylyk ulgamynda özara gatnaşyklara hem aýratyn üns berildi.

Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar bu ulgamda netijeli gatnaşyklary höweslendirmegiň wajypdygyny nygtap, bilim, ylym, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynda däp bolan gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny nygtadylar. Ýygnananlar şeýle hem iki ýurduň halklaryny birek-biregiň baý taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdyrmak maksadynda bilelikdäki çäreleri guramagyň tejribesini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny bellediler.

Hususy telekeçiligiň derejesindäki söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň hem uly mümkinçilikleri açylýar. Türkmenistanda jemi içerki önümde hususy telekeçiligiň paýy barha artýar. Yzygiderli esasda geçirilýän halkara sergiler, ýarmarkalar, maslahatlar, işewürler forumlary telekeçiler düzümleriniň ýakynlaşmagynyň täsirli guralyna öwrülmelidir.

Mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa birinji Hazar ykdysady forumynyň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, iki dostlukly ýurduň däp bolan hyzmatdaşlygynyň hil we many-mazmun taýdan täze derejä çykmagy üçin ähli tagallalary edýändiklerini bellediler.

Mejlisiň netijeleri taraplaryň kabul eden Teswirnamasynda beýan edildi.

***

Şu gün «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik hökmünde guralan türkmen-bolgar işewürler forumy geçirildi. Onda geljek üçin meýilnamalar bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Özara pikir alyşmalaryň çäklerinde Bolgariýa Respublikasynyň ykdysadyýet ministri E.Karanikolow, Bolgariýanyň kiçi we orta telekeçiligi goramak baradaky agentliginiň Ýerine ýetiriji direktory B.Takow hem-de Bolgariýanyň Maýa goýumlar boýunça agentliginiň wekili Iordan Pamukow ikitaraplaýyn esasda hem-de Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň türkmen-bolgar gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny nygtadylar.

Myhmanlar türkmen bazarynyň geljeginiň uludygyny belläp, söwda-ykdysady, energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Bolgar tarapyndan foruma gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň barşynda geljekki gatnaşyklaryň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter