Ylym — jemgyýetiň hereketlendiriji güýji | TDH
Jemgyýet

Ylym — jemgyýetiň hereketlendiriji güýji

опубликованно 01.08.2019 // 173 - просмотров
 

Milli Liderimiziň düýpli we amaly ylmy ösdürmek, onuň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirýän täzeçillikli syýasaty netijesinde möhüm ylmy-tehnologik işläp taýýarlamalaryň hil taýdan täze ugurlaryny döretmek boýunça üstünlikli işler alnyp barylýar, adam maýasyny kemala getirmek, zehinli ýaşlary ýokary tehnologiýalar ulgamyna çekmek üçin zerur işler durmuşa geçirilýär.

Alymlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyndan ugur alyp, düýpli ylmy-amaly barlaglary geçirýärler, ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmäge, halk hojalyk toplumynyň kuwwatyny artdyrmaga ýardam edýän täze tehnologiýalary işläp taýýarlaýarlar.

Häzirki döwürde özleriniň halypalary bilen bir hatarda, ýaş alymlar hem ylmy-barlag, taslama işlerini geçirýärler. Şol işleriň esasy ugurlary bolsa nanoserişdeler, himiýa, biologik we maglumat tehnologiýalary, mehatronika hem-de robototehnika, innowatika bilen baglanyşyklydyr.

Düýpli, amaly, nazaryýet işläp taýýarlamalar Türkmenistanyň halkara ylmy giňişligindäki abraýynyň barha artmagyna ýardam edýär.

Halk hojalygynyň ähli pudaklary üçin giň gözýetimli, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak üstünlikli we netijeli durmuşa geçirilýän ylmy-tehniki syýasatyň esasy maksadydyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamagyň döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, aspiranturalarda hem-de doktoranturalarda öňdebaryjy ylmy we tehnologik gazananlary özleşdirýän hünärmenler taýýarlanylýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlaryň merkezi tarapyndan ýaş nesli ylym we döredijilik bilen meşgullanmaga höweslendirmek boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär. Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň arasynda-da netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Taryh we arheologiýa ugurlary çuňlaşdyrylyp öwrenilýän ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde geçirilýän arheologik gözleg-agtaryş işlerine gatnaşýarlar. Olar üçin alymlar bilen duşuşyklar, söhbetdeşlikler, ylmy-amaly maslahatlar guralýar.

Aspirantlar, doktorantlar, ýaş alymlar we hünärmenler üçin okuw maslahatlary geçirilýär. Dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdyrmak, gözýetimini giňeltmek, hünär derejesini kämilleşdirmek, innowasion tehnologiýalary özleşdirmek maksady bilen, olar üçin daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezlerinde hünärmenleriň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuwlar geçirilýär.

Ýurdumyzyň alymlary döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy göreldesinden, ylym ulgamyndaky döredijilikli işinden, energetika, ulag-üstaşyr, suw ulgamlaryndaky oňyn başlangyçlaryndan ruhlanyp, ylmy-barlag institutlarynda netijeli zähmet çekýärler. Şolaryň maddy-enjamlaýyn binýady dünýä derejesine doly laýyk gelýär.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ylmy kuwwatyndan netijeli peýdalanylmagyny tutuş dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň we ösüşiň bähbidine gönükdirýär. Şu ulgamda abraýly guramalar, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlyk halkara we döwletara ylalaşyklaryň, bilelikdäki ylmy taslamalaryň esasynda pugtalandyrylýar.

Şu ýylyň 12-nji iýunynda hormatly Prezidentimiziň ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi bilen bolan duşuşygynyň barşynda ylym-tehnika ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň täze tapgyry kesgitlenildi. Şu maslahatyň barşynda döwlet Baştutanymyz tarapyndan beýan edilen möhüm çözgütler ýurdumyzyň ylmynyň kuwwatyny artdyrmaga we innowasion ösüşde onuň ornuny pugtalandyrmaga ýardam etmelidir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahatda eden maksatnamalaýyn çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistanda Garaşsyz döwletimiziň okgunly ösüşini üpjün etmäge, dünýäniň syýasy, ykdysady we medeni giňişliginde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen netijeli işler alnyp barylýar.

Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, ylym ulgamynyň düzümi, dolandyrylyşy hem-de hukuk binýady döwrebaplaşdyrylýar, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny özleşdirmäge, täze tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmaga iri maýa goýumlary gönükdirilýär. Döwrebap bilimleri we ylymlary düýpli özleşdirmäge ukyply ýokary hünärli inženerleri hem-de zehinli alymlary taýýarlamak üçin ähli zerur şertler döredilýär, şunuň bilen birlikde, şu ulgamda iri halkara guramalary, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär.

«Dünýäniň ösen döwletlerinde bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda hem ylym we bilim döwletimiziň güýç-kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy serişdedir, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýjüdir» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmy-barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň alymlarynyň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmak meseleleri uly ähmiýete eýe bolýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şol maslahatyň barşynda gol çeken Kararlary hem şuňa gönükdirilendir. Hususan-da, milli Liderimiz Türkmenistanyň ylmy kuwwatyny ösdürmek, ýurdumyzda ylmyň ösüşine innowasion häsiýet bermek, alymlaryň oýlap tapan täzeliklerini eziz Watanymyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirmek, ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, önümçilige we bilim ulgamyna ylmyň, tehnikanyň gazananlaryny hem-de öňdebaryjy tejribäni işjeň ornaşdyrmak maksady bilen, «Türkmenistanda ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hakyndaky» Karara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça alnyp barylmaly meýilnamalaýyn ylmy-barlag işleriniň maksatnamalarynda we meýilnamalarynda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilişine gözegçiligi hem-de ylmy-barlaglaryň netijeleriniň önümçilige ornaşdyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistanda ylmy-barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara topary döretmek hakyndaky» Karara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça alnyp barylýan ylmy barlaglaryň döwrüň talaplaryna laýyklykda ösüşini gazanmak, ylmy maslahatlaryň, ylmy saparlaryň, ylmy oýlap tapyşlaryň hem-de bilelikdäki halkara ylmy taslamalaryň maliýeleşdirilişini kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Ylymlary ösdürmegiň gaznasyny döretmek hakyndaky» Karara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Watanymyzyň ylmy kuwwatyny has-da artdyrmak, Ylymlar akademiýasynyň we onuň garamagyndaky ylmy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ylmy işgärleri ýokary derejede taýýarlamagy döwlet tarapyndan giňden goldamak maksady bilen, Ylymlar akademiýasyna 35 million manat möçberde pul serişdesini bölüp bermek barada karara gelendigini belläp, «Türkmenistanyň ylym ulgamyny ösdürmegi maliýe taýdan goldamak hakyndaky» Karara hem gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine önümçilige ylmy-tejribe işläp taýýarlamalary ornaşdyrýan edaralar, kärhanalar we guramalar üçin degişli ýeňillikleri göz öňünde tutýan ykdysady höweslendiriş çärelerini işläp taýýarlamak tabşyryldy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, organiki we organiki däl maddalary, minerallary, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemegiň usullaryny düýpli öwrenmäge, ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň esasynda gurluşyk, senagat, dokmaçylyk we durmuş maksatly täze materiallary döretmäge, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary işläp taýýarlamaga aýratyn üns berilmelidir.

2010-njy ýylyň 14-nji maýynda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda bilim hem-de ylym ulgamlaryny, şol sanda akademiki, ýokary, orta hünär we umumybilim berýän mekdepleri özgertmek ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde yglan edildi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şu wezipeleri durmuşa geçirmek üçin 16 milliard amerikan dollaryna golaý serişde goýberildi. Häzirki zaman tehnikalary we tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan 623 desga guruldy. Bu desgalaryň hatarynda çagalar baglary, mekdepler, kollejler, institutlar we uniwersitetler, şol sanda häzirki zaman Tehnologiýalar merkezi bar.

Ylym ulgamynda hukuk, ykdysady we guramaçylyk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän özgertmeleriň çäklerinde, ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli berkitdik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Ylmyň esasy ugurlary we wezipeleri kesgitlenildi. Degişli kadalaşdyryjy namalar, ýörite Maksatnama we Düzgünnama tassyklanyldy, «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakyndaky» Kanun kabul edildi.

Düýpli ylymlary ösdürmek, alymlaryň täze neslini kemala getirmek, ýaşlary ylmy işe çekmek ýaly möhüm wezipeler «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynda öz beýanyny tapdy. Aşgabat şäherinde Tehnologiýalar merkeziniň gurulmagy senagat-innowasiýa hem-de maglumat-tehnologiýalar babatda ylmy barlaglary geçirmäge şert döretdi.

Oba hojalygynyň, lukmançylyk ulgamynyň, derman we azyk senagatynyň, molekulýar biologiýanyň, genetikanyň, bioinženerçiligiň, biolukmançylygyň ösdürilmegi hem ykdysadyýet üçin örän wajypdyr. Hususan-da, munuň özi oba hojalyk ekinleriniň, mallaryň seçgisini geçirmäge, biotehnologiýanyň häzirki zaman usullaryny ulanyp, täze we garyşyk sortlary döretmäge, dürli azyk önümlerini hem-de derman serişdelerini öndürmegi ýola goýmaga degişlidir.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ösümlik we haýwanat dünýäsiniň genetiki gaznasyny döretmegiň, şol sanda bu işi «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitinde alyp barmagyň hem-de milli emeli hemranyň kuwwatyndan peýdalanmagyň, döwrebap ulag-logistika merkezlerini döretmegiň, halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň syýasy we ykdysady ähmiýetini ylmy taýdan esaslandyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ýurdumyzyň ylmynyň täze ugruna degişlidir. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ykdysadyýeti, durmuş hem-de ynsanperwer ugurlaryny sanly ulgama geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär, hemme ýerde döwrebap kompýuter ulgamlary we aragatnaşyk serişdeleri, elektron resminama dolanyşygy ornaşdyrylýar.

Şeýlelikde, türkmen alymlarynyň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredildi. Esasysy bolsa, olaryň ylmy taslamalary anyk netijeler getirmelidir. Hususan-da, ykdysadyýetde bu ulgama goýlan serişdeleriň netijeliliginiň esasy görkezijileriniň biri ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň umumy möçberinde ylmy-tehniki önümleriň paýynyň artmagyndan ybaratdyr.

Şu nukdaýnazardan, teklipleri hem-de ylmy barlaglary ornaşdyrmakdan alnan netijeleri seljermek, ylmy-barlag guramalarynda hem-de kärhanalarda amala aşyrylan taslamalaryň seljermesini geçirmek zerurdyr. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, bu wezipe ýokarda agzalan pudagara toparynyň üstüne ýüklenildi.

Şondan öňräk ylmyň, bilimiň hem-de önümçiligiň ýakynlaşmagyny güýçlendirmek üçin anyk çäreleriň görlendigini, şol sanda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we degişli ýokary okuw mekdepleriniň garamagyna berlen institutlaryň birnäçesiniň işini üýtgedip guramak boýunça degişli işleriň ýerine ýetirilendigini ýatlamalydyrys. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen ylmy ösdürmek baradaky gazna möhüm orun degişlidir.

Türkmen akademiki ylmy birnäçe wajyp barlaglary we işläp taýýarlamalary amala aşyrdy. Şolaryň hatarynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň zeýkeş suw ulgamlarynyň gidrohimiki barlaglary bar. Şolaryň esasynda suwarymly ýerlerde ekerançylygy, maldarçylygy we balykçylygy ösdürmek üçin uly ähmiýete eýe bolan ekologiýa kartalary düzüldi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň maý aýynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda bu ýerde täze nusgadaky durmuş-önümçilik toplumynyň düýbi tutuldy.

Garagumda gurlan täsin gidrotehniki desga hakyky innowasion taslamadyr. Ol Merkezi Aziýanyň we goňşy sebitleriň suw serişdelerini aýawly saklamak hem-de ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak bilen baglanyşykly ählumumy meseleleri çözmäge ýurdumyzyň saldamly goşant goşýandygyny subut edýär.

Türkmenistanda innowasion işi ösdürmek maksatnamasyna laýyklykda, Hazar deňziniň daşky gurşawyny hem-de biologik köpdürlüligini goramak, tektoniki, seýsmiki ýagdaýyny öwrenmek boýunça netijeli ylmy barlaglar geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň günbatar sebitiniň durmuş-ykdysady ösüşiniň meýilnamalary hem-de uglewodorod we beýleki tebigy serişdelerini özleşdirmek, ulag-üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, bu ýerde iri himiýa, nebiti hem-de gazy gaýtadan işleýän kärhanalary, şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şypahana desgalaryny gurmak nukdaýnazaryndan uly ähmiýete eýedir.

Ylymlar akademiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Mejlisi hem-de degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, ýurdumyzyň ýokary seýsmiki howply zolaklarynda seýsmiki töwekgelçilikleri azaltmak baradaky maksatnamanyň işlenip taýýarlanylýandygyny bellemelidiris. Bu ulgamda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi, BMG-niň Ösüş maksatnamasy hem-de beýleki abraýly guramalar bilen hyzmatdaşlykda birnäçe taslamalar amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary Garabogazyň mineral baýlyklaryny toplumlaýyn özleşdirmegiň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny işläp taýýarladylar. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça ýerine ýetirilen taslamada «Garabogazsulfat» önümçilik birleşiginiň binýadynda täze kärhanalaryň üçüsini – suwsuz natriý sulfatyny, magniý sulfatyny (epsomiti) hem-de magniý hloridini (bişofiti) öndürýän kärhanalary gurmak göz öňünde tutulýar. Türkmenabadyň himiýa zawodynyň buýurmasy boýunça Magdanly-Köýtendag dag-magdan sebitiniň «Durnaly» fosfolit känini özleşdirmek üçin tehniki şertler taýýarlanyldy.

Ýurdumyzyň alymlarynyň «intellektual önümleriniň» — barlaglarynyň, ylmy açyşlarynyň hem-de ygtyýarnama alnan oýlap tapyjylyk teklipleriniň sanawy örän giňdir. Şolaryň hatarynda ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdelerini öndürmegiň usullaryny işläp taýýarlamak, welaýatlaryň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylan gowaçanyň orta we inçe süýümli görnüşleri, Garagumuň çägelerini berkitmegiň usullary bar.

Şeýle hem şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň esasynda döredilen derman serişdelerini we dürli ulgamlarda hem-de pudaklarda iş ýüzünde ulanylýan beýleki köp zatlary görkezmek bolar.

Türkmenistanyň taryhyny we medeniýetini öwrenmek, şol sanda dil öwreniş, etnografiýa, arheologiýa, halkymyzyň baý ruhy mirasyny hem-de ýurdumyzyň täsin tebigy gymmatlyklaryny aýawly saklamak ulgamynda uly işler ýerine ýetirilýär.

Soňky ýyllarda türkmen alymlarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklarynyň çägi ep-esli giňeldildi, dünýäniň abraýly ylym we bilim merkezleri, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary, ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Koreýanyň, Russiýanyň, Belarusuň, Hytaýyň, Türkiýäniň we beýleki döwletleriň ylmy merkezleri bilen ysnyşykly gatnaşyklar ýola goýuldy. Aşgabatda yzygiderli geçirilýän halkara ylmy forumlar hem ylym ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň işewürleri hem milli Liderimiz tarapyndan döredilen amatly şertlerden netijeli peýdalanýarlar. Häzirki wagtda işewürlerimiz önümçiligiň we marketingiň ösen tehnologiýalaryny giňden özleşdirmek bilen, halkara derejesine çykýarlar. Türkmen önüm öndürijileri döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe gitmek üçin öz öndürýän önümlerimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň, munuň üçin bolsa işewürlige innowasiýalary ornaşdyrmagyň zerur bolup durýandygy barada aýdan sözlerini hereket etmek üçin gollanma hökmünde kabul edýärler.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi geljegi uly ylmy pikirleri durmuşa geçirmek üçin badalga meýdançasyna öwrüldi. Şol ýerde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen göni gatnaşyklar ýola goýuldy.

Şu ýylyň mart aýynda Aşgabat şäherinde ýurdumyzdaky ilkinji hususy mikrobiologiýa barlaghanasy açyldy. Onda azyk önümleriniň howpsuzlygyny we halkara ölçegleri boýunça ygtyýarlylandyrylmagyny üpjün etmek üçin şolaryň garaşsyz barlaglary geçirilýär. Barlaghana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlangyjy boýunça USAID-niň Merkezi Aziýada bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we iş orunlaryny döretmek baradaky taslamasynyň goldaw bermeginde «Hil Standart» jemgyýetçilik hojalygy tarapyndan döredildi.

Bu taslama köp görkezijiler babatda örän ähmiýetlidir. Ol döwletimiz we jemgyýetimiz üçin peýdaly hususy başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirmegiň, telekeçiligiň standartlaşdyrmagyň we ygtyýarlylandyrmagyň milli ulgamyny ösdürmek, olaryň ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary döwletlere iberilýän mukdaryny artdyrmak boýunça wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşmagynyň, goşmaça maýa serişdelerini çekmegiň, häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ulanmagyň aýdyň mysaly bolup biler.

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmy işläp taýýarlamalaryň üstünlikli ornaşdyrylmagy, ýurdumyzyň ylmy kuwwatynyň has-da artdyrylmagy Türkmenistanyň ylmyny dünýä derejesine çykarmaga ýardam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Ýurdumyz iki gezek — ilki bilen, 2014-nji — 2016-njy ýyllar, soňra bolsa, 2017 — 2020-nji ýyllar üçin BMG-niň ösüş maksatlarynda ylym we tehnika baradaky komissiýasynyň düzümine saýlanyldy. Munuň özi Türkmenistanyň bu ulgamdaky halkara abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Bularyň ählisi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady we innowasion-tehnologiýalar babatda dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň birine öwrülýändiginiň hem-de ählumumy ylym giňişligine üstünlikli goşulyşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter