Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmekde hyzmatdaşlygy giňeldýär | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmekde hyzmatdaşlygy giňeldýär

опубликованно 01.08.2019 // 351 - просмотров
 

Şu gün paýtagtymyzda «Gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti» atly halkara duşuşyk geçirildi.

Forumyň işine Türkmenistanyň käbir edaralarynyň, şol sanda energetika, daşary işler, bilim, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem bu çärä Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA), ÝHHG-niň, BMG-niň, Ösüş maksatnamasynyň we Bütindünýä bankynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan tebigaty goramak baradaky syýasaty bilen baglylykda, Türkmenistan ekologiýa töwekgelçiliklerini azaltmak, öňdebaryjy tehnologiýalary we netijeli çemeleşmeleri önümçilige ornaşdyrmak maksadynda beýleki döwletler we halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny gözlemekde hemişe işjeňlik görkezip geldi.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň çykyşlary 2030-njy ýyla çenli Türkmenistan üçin gaýtadan dikeldilýän energiýanyň Ösüş meýilnamasynyň işlenilip düzülmegine, ýurdumyzda bu pudagyň ösüşiniň mümkinçilikleri hakyndaky hasabatyň taýýarlanylmagyna, şeýle hem halkara guramalary we we donorlary bilen bilelikde gaýtadan dikeldilýän energiýa (GDE) ulgamyndaky taslamalaryň durmuşa geçirilmegine bagyşlandy. Şeýle hem GDE-ni ösdürmek işiniň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny ösdürmegiň hem-de oňa hususy pudagyň çekilmeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek ýaly dünýä möçberindäki meselä uly üns berýär. Şunda ýurdumyz Günüň we ýeliň energiýasyny ulanmak, «ýaşyl ykdysadyýetiň» kuwwatyny artdyrmak babatda amatly şertlere eýe bolup durýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda geçirilen 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ählumumy gün tertibini kabul etmek boýunça BMG-niň sammitinde çykyş etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşky gurşaw barada alada etmezden, döwletleriň we dünýäniň halklarynyň durmuş we ykdysady ösüşini gazanyp bolmajakdygyny aýtdy.

Milli Liderimiziň konsepsiýasy eýeçiligiň paýhasly usullaryny, önümçiligiň ylmy taýdan guralmagyny hem-de tebigy ekoulgama ýaramaz täsirinden gaça durmaga mümkinçilik berýän öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagyny göz öňünde tutýar. Senagat ösüşiniň batly depginlerde barýandygyna garamazdan, ýurdumyzdaky durnukly ekologiýa ýagdaýy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Soňky ýyllarda döwletimiz bu ulgamda halkara guramalary bilen tejribe alyşmak we dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak babatda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. 2018-nji ýylyň oktýabrynda ýurdumyz Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) doly hukukly agzasy boldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter